melhem
07.09.2024 10:41
Umumy manyda aýdylanda bu durmuşdan näme isleýäňiz? Dolandyrmakmy ýa-da
dolandyrylmakmy?
Bu gün isleýän zatlarymyzdan erteki gün ýüz öwürsek ähli zat başlangyjyna döner.
Kararyňyzy beriň we ýene-de soňky gezek oýlanyň. Çňnki bu günki ýagdaý ertirimiziň
ýagdaýlaryna gabat gelmän biler. Esasan hem uzak wagtyňyza täsirini ýetirip biljek
kararlarda alňasamak ýalňyşlykdyr. Munda ulylara sala-salmakda haýyr bar.
“Iň erbet karar-kararsyzlykdan gowydyr”,diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Ömrümiz
ýyldyrym tizligi bilen geçýär. Netijesiz geçirilen bir ýyl-maksadyňyz ugrunda bolmakdyr.
Iň beýik arzuwyňyz näme? Iň soňunda kim bolmak isleýärsiňiz? Birnäçe ýyl soňra
bugüne ser salynanda seni bu toplumda nahili adam diýip tanamaklaryny isleýärsiňiz?
Nähili derejede ukyply bolsaňyz bolup bilersiňiz,ýöne haýsy hem bolsa bir işi
ýüregiňizden islemeseňiz ol işi ýerine ýetirmegi başarmarsyňyz. Konfutsiý şeýle diýýär:
“Eger-de agaja dyrmanmak isleýän bolsaňyz,onda ýyldyzlara çykmagy niýet
ediň”. Beýik maksadyňyz ömüriňiz boýunça yşygyny ýaýýan parlak ýyldyzyňyzdyr. Uly
işlere baş goşan adamlar bu dünýä bilen hoşlaşanda yzlaryndan: “Beýik bir ýyldyz
aramyzdan süýndi”diýýärler


Çeşme:"Üstünligiň syrlary"kitap
6
13
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.