Her gün diýen ýaly,adyna “wagt içinde” diyip atlandyran oýnumy
tejribe etýärin.Şol wagt garşyma çykan päsgelçiligiň göwrümi nahili bolsa-da
onyň bilen bu oýuny oýnaýaryn. Oýuny oýnamak üçin ýerine ýetirmeli işleriň
biri,şu wagt päsgel berýän ýagdaýymyň “mundan bir ýyl sonra bolanyny göz
öňüne getirmekdir. Soňra öziňizden soraň; Bu ýagdaý hakykatdan hem meniň
üçin zerurmy? Ähtimal şeýle bolup biler, emma köplenç ol hiç wagt zerur
däldir.
Ýan ýoldaşyňyz,ýa-da işdäki ýolbaşçylaryňyz bilen bir düşünşmezlik
bolsun we ş.m päsgelçilikler garşyňyza çykyp biler emma bu bir ýyl soňra sizi
gaharlandyrmaýar.
Geçmişde ýoluma böwet bolan kynçylyklar hakynda oýlananymda
ýylgyranymy bilmän galýaryn we ökünýärin. Mundan soňra gahar we
düşünşmezlik üçin sarp etjek kuwwatymy çagalaryma aýaýaryn. Netijede
mende ýagşy niýetler üçin goşmaça güýç peýda bolýar.
Çeşme:"Üstünligiň syrlary"kitap.