mayb
31.08.2024 09:29
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden
2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.
3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.
4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.
5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.
6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.
7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.
8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.
9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.
10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.
11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.
12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.
13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.
14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.
15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
8
41
mayb
30.08.2024 05:07
Ilki bilen sypaýylyk bilen ýüzüme seretdi-de söze başlady:
Ikimiziň dostluk köprümiz berk guruldy. Men seni öz doganym ýaly görýärin. Sen maňa köp kömek etdiň. Munuň üçin men saňa köp sagbolsun aýtýaryn. Ýöne indi biziň dostlugymyzyň soňy geldi. Meni bagyşla! Ejem meni daýzamyň ogluna durmuşa çykarjak bolýar. Eýýäm biziňkiler toýuň razylygyny berdi. Nesip bolsa indiki aý toýumyz bolar. Menem seni şol toýa çagyrýaryn. Mundan soň ikimiz hiç haçan beýdip gabatlaşmarys! – diýdi-de, öňüme kiçijek hat goýdy. Bu haty meniň öýüňize baramsoň okamagymy haýyş etdi we ýuwaşlyk bilen ýerinden turup gitdi.
Men ol gyzy janym-tenim bilen söýýärdim. Hat-da men onuň bilen durmuş gurmagy hem pikirlenýärdim. Ýöne bu eýýäm giçdi. Her gezekki duşuşygymyzda aýtmak isleýän üç sözümi indi hiç haçan aýdyp bilmerin.
Agşamlyk ýerime geçemde alan haty açyp gördüm. Ol hatda şeýle ýazylgydy: “Bagyşla meni! Seniň meni söýýänligiňi bilýärdim. Sen menden utanýanlygyňy hem bilýärdim. Menem seni söýdüm, menem senden utandym. Men seni söýenim bäri “Men seni söýýärin” diýen üç sözüňe garaşyp gezdim. Maňa tarap ädimleriňi ätmegiňe garaşdym…”

Bu setirler maňa söýgüsini aýtmaga utanýan ýigidiň ýandepderçesinde ýazylandy
9
57
mayb
29.08.2024 13:20

Talyplyk ýyllarymda institutymyzda bir gyzy gowy görýärdim.Onuň ýylgyryşy we bakyşy meni maýyl edýärdi. Her gezek göremde meniň ol gyza bolan söýgüm has-da möwjeýärdi. Onuň garaja saçy, garaja gözleri hem-de alma ýaly ýaňaklary meniň hoşuma gidýärdi.

Bir gün okuw otagyndan çykyp gelýärkäm ol hem meniň garşyma çykdy, aljyrap elimdäki ýantorbamyň gaçanyny duýman galdym. Ol meniň bolşumy görüp ýuwaşlyk bilen ýylgyrdy. Deňimden geçip gidende onuň hoşboý ysy meniň onuň yzyndan ýöremegime mejbur etdi. Ýöräp barşyma ol gyzyň deňine ýetdim hem-de tanyşlyk açmaga başladym…

Aradan birnäçe wagt geçdi. Men onuň bilen ýakyndan gatnaşyp başladym. Her hepde bile kitaphana, naharhana giderdik. Gün-günden meniň oňa bolan söýgim artýardy. Ýöne men muny aýtmaga utanýardym. Her gezek duşuşanymyzda oňa gowy görýänligimi aýtmaga utanyp ýene-de indiki duşuşygymyza garaşýardym. Biz bir-birimize kem-kemden öwrenşip başladyk. Ýetişmeýän derslermize birek-birege kömek edýärdik.

Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Aradan birnäçe aý geçdi. Bir gün öýe gelemde ol gyz meniň el telefonyma hat ugradyp goýupdyr. Ol meniň bilen gyssagly görüşmelidigimizi ýazypdyr. Ertesi gün okuwdan soň naharhanada bile oturyp günortanlyk edindik. Onuň ýüzünden gar ýagýardy. Nämedir bir zatlar aýtjak bolýardy, ýöne onuň dili tutulýardy...

18
124
mayb
28.08.2024 16:47

🌹 Zenan iýýän nahary bilen däl, berlen öwgiň bilen doýar.


🌹 Oňa harçlan puluň bilen däl,görkezen söýgiň bilen owadanlaşar.


🌹 Alan sowgatlaryň bilen däl, beren ynamyň bilen ýaşar.


🌹Öpen dodaklaryň bilen däl, eden dogalaryň bilen bagtly bolar.


🌹We bir zenana düşünmeýän bolsaň bil sözleri bilen däl gözleri bilen gürleşýändir.

14
51
mayb
26.08.2024 22:44
Bir gün iki sany aýal Süleýman şanyň ýanyna geldi we patyşa olara kazylyk etdi.
Birinji aýal:Jenabym,men size öz wakamy gürrüň bermekçi...Men şu aýal bn bir öýde ýaşaýan.Şu aýal öýdeka meniň çagam dogulýar. Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar.Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok.Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr. Ol ýarygije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp,öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr. Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bn seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim.
Ikinji aýal: Ýok siziň alyhezretiňiz ...bu aýal ýalançy ! Diri çaga meniňki, ölen çaga onuňky.
Birinji aýal: Ýok sen kezzap, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki!
Patyşa: Heriňiz diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki diýýärsiňiz... Şonuň üçn hem... Garawullar maňa bir gylyç getirip beriň!
Esgerler: Ine siziň alyjenabyňyz.
Patyşa: Bu çagany ikä bölüň.....we hersine ýarysyny paýlap beriň.
Birinji aýal: Ýok...ýok... men size ýalbarýaryn, siziň alyjenabyňyz...ony öldürmäň!
Birinji aýal: Men size ýalbarýaryn..... Çagany bu aýala beriň,ony öldürmäň... çaga bir zat bolsa, men hem ölerin!
Ikinji aýal: Ýok ol meniňki hem bolmasyn seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň!
Birinji aýal: Ýok, ýok..!
Patyşa: Sem boluň!.. Çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, şol onuň ejesidir....
11
81
mayb
24.08.2024 00:31
Eger bir adam ýönekeýje zatlara hem gülýan bolsa, o adam ýalňyzlygyň içindedir.

Eger bir adam köp ýatýan bolsa, o adam aslynda gamgyndyr.

Eger bir adam az ýöne çalt gürleýän bolsa, ol adam syr saklaýandyr.

Eger bir adam ýönekeý ýere aglaýan bolsa, ol adam ýumşak we arassa ýüreklidir.

Eger bir adam ýönekeý ýere gaharlanýan bolsa, ol adam söýgä mätäçdir.

Adamlary biraz bolsa-da düşünjek boluň!
7
51
mayb
23.08.2024 06:32
Käbäň ýatyr keselhanada dertli,
Ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap bilaýjak şertli,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasiýa talap edip dur jany.
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

Elli müň dollar bes ýeke ýyl ömre,
Pul baýlygy ejeden eziz görme.
Ýaýdanma perzendim boýnuňy burma,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiň han bolduň şäherde ýerläp.
Rak-a uçrap käbäň gör ýatyr derläp,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrüm milt etmez.
Bir ýyl başyň sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

Ynha, otuz ýyldyr öýden gaýdanyň,
Bizi ýeke goýduň etmän aýdanym.
Geldim çäre tapman öňüňe eglip,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...

Otuz ýyldyr soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik ýyrtyjak geýnip.
Geldim çäre tapman öňüňe eglip,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn,..

Diýdi ogul "Mende pul barmy näme?!",
Münýan Mersedesi altmyş müň däne.
Maşynyn dözenin dözmedi jana,
ýöne bir janam däl,
Eje-ol Käbe,
Gynanýan pul söýmek öwrülýär däbe,
Ataň bu haýyşy uçdy asmana,
"Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn"...

Kerim Hallyýew.
5
60
mayb
21.08.2024 23:11
- Ýagyş ýagyp durka dileg edilse 98%hasyl bolar.
- Günde 13 sany aýdym diňlemek ýürek agyrynyň 80% azalýar.
- Kitap okaýan adamyň düşünjesi uly bolýar.
- Gyzlar özüne ynam beren oglan aşyk bolýarlar.
- Akylly zenanlar wagtyň geçmegi bilen öz söýýänini däl, özüni söýýän adamy saýlaýarlar.
12
165
mayb
20.08.2024 17:38
Inson bu dunyoda hamma narsani unutadi,..❤️‍🩹😢 lekin yuragidaki kalbindaki insonni hech kachon unutolmaydi💔❤️‍🔥
5
46
mayb
19.08.2024 14:27
Agyrma ýüregim agyrma beýle,
Ýör bile çykaly seýrana seýle.
Belki gussalaryň egsiler gider,
Bilýaňmi hol günem bolupdy şeýle.

Wah şonda kösäpdiň agyryp öte ,
Şonda-da çykypdyk bilseň biz ýere.
Derman därä pisint dagam etmedi,
Wah şonda nämeler duwduň sen nete.

Gereginden artyk urjak bolduňmy,
Ýa urup ýadadyň durjak bolduňmy.
Bilmekligim üçin durmuş gymmatyn
Ýa gorkuzyp hile gurjak bolduňmy.

Siňesim gelenok ýeriň teýine,
Irden görenlerim ýogaldy öýle,
Entek edilmedik işlerim ýatyr,
Agyrma ýüregim agyrma beýle...
8
65