mayb
29.08.2024 13:20

Talyplyk ýyllarymda institutymyzda bir gyzy gowy görýärdim.Onuň ýylgyryşy we bakyşy meni maýyl edýärdi. Her gezek göremde meniň ol gyza bolan söýgüm has-da möwjeýärdi. Onuň garaja saçy, garaja gözleri hem-de alma ýaly ýaňaklary meniň hoşuma gidýärdi.

Bir gün okuw otagyndan çykyp gelýärkäm ol hem meniň garşyma çykdy, aljyrap elimdäki ýantorbamyň gaçanyny duýman galdym. Ol meniň bolşumy görüp ýuwaşlyk bilen ýylgyrdy. Deňimden geçip gidende onuň hoşboý ysy meniň onuň yzyndan ýöremegime mejbur etdi. Ýöräp barşyma ol gyzyň deňine ýetdim hem-de tanyşlyk açmaga başladym…

Aradan birnäçe wagt geçdi. Men onuň bilen ýakyndan gatnaşyp başladym. Her hepde bile kitaphana, naharhana giderdik. Gün-günden meniň oňa bolan söýgim artýardy. Ýöne men muny aýtmaga utanýardym. Her gezek duşuşanymyzda oňa gowy görýänligimi aýtmaga utanyp ýene-de indiki duşuşygymyza garaşýardym. Biz bir-birimize kem-kemden öwrenşip başladyk. Ýetişmeýän derslermize birek-birege kömek edýärdik.

Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Aradan birnäçe aý geçdi. Bir gün öýe gelemde ol gyz meniň el telefonyma hat ugradyp goýupdyr. Ol meniň bilen gyssagly görüşmelidigimizi ýazypdyr. Ertesi gün okuwdan soň naharhanada bile oturyp günortanlyk edindik. Onuň ýüzünden gar ýagýardy. Nämedir bir zatlar aýtjak bolýardy, ýöne onuň dili tutulýardy...

18
124
mayb
29 Awgust 2024
@stella_🖤, dowamy erte nesip bolsa 😉
stella_🖤
29 Awgust 2024
Dowamy yokmy🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.