Käbäň ýatyr keselhanada dertli,
Ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap bilaýjak şertli,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasiýa talap edip dur jany.
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
Elli müň dollar bes ýeke ýyl ömre,
Pul baýlygy ejeden eziz görme.
Ýaýdanma perzendim boýnuňy burma,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiň han bolduň şäherde ýerläp.
Rak-a uçrap käbäň gör ýatyr derläp,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrüm milt etmez.
Bir ýyl başyň sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
Ynha, otuz ýyldyr öýden gaýdanyň,
Bizi ýeke goýduň etmän aýdanym.
Geldim çäre tapman öňüňe eglip,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn...
Otuz ýyldyr soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik ýyrtyjak geýnip.
Geldim çäre tapman öňüňe eglip,
Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn,..
Diýdi ogul "Mende pul barmy näme?!",
Münýan Mersedesi altmyş müň däne.
Maşynyn dözenin dözmedi jana,
ýöne bir janam däl,
Eje-ol Käbe,
Gynanýan pul söýmek öwrülýär däbe,
Ataň bu haýyşy uçdy asmana,
"Pul ber, oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn"...
Kerim Hallyýew.