mayb
26.08.2024 22:44
Bir gün iki sany aýal Süleýman şanyň ýanyna geldi we patyşa olara kazylyk etdi.
Birinji aýal:Jenabym,men size öz wakamy gürrüň bermekçi...Men şu aýal bn bir öýde ýaşaýan.Şu aýal öýdeka meniň çagam dogulýar. Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar.Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok.Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr. Ol ýarygije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp,öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr. Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bn seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim.
Ikinji aýal: Ýok siziň alyhezretiňiz ...bu aýal ýalançy ! Diri çaga meniňki, ölen çaga onuňky.
Birinji aýal: Ýok sen kezzap, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki!
Patyşa: Heriňiz diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki diýýärsiňiz... Şonuň üçn hem... Garawullar maňa bir gylyç getirip beriň!
Esgerler: Ine siziň alyjenabyňyz.
Patyşa: Bu çagany ikä bölüň.....we hersine ýarysyny paýlap beriň.
Birinji aýal: Ýok...ýok... men size ýalbarýaryn, siziň alyjenabyňyz...ony öldürmäň!
Birinji aýal: Men size ýalbarýaryn..... Çagany bu aýala beriň,ony öldürmäň... çaga bir zat bolsa, men hem ölerin!
Ikinji aýal: Ýok ol meniňki hem bolmasyn seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň!
Birinji aýal: Ýok, ýok..!
Patyşa: Sem boluň!.. Çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, şol onuň ejesidir....
11
77
ideallider
31 Awgust 2024
Filmden görülip ýazga geçirilen👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.