manolya
13.02.2024 21:28
Koka Kola nämäniň hasabyna meşhur?taryhyna gysgaça syýahat
Bilşimiz ýaly, Koka Kola beýleki kompaniýalara garanyňda öz alkogolsyz içgilerini has köp ýurda satýar. Edil häzirki wagtda diňe iki ýurtda Kola içgilerini satmak gadagan: Kubada 1962-nji ýyldan bäri Kola satylmaýar. Demirgazyk Koreýanyň adamlary hem 1950-nji ýyldaky bolup geçen Koreý urşundan bäri bu içgiden mahrum. Iki ýurt hem ABŞ bilen resmi gatnaşyk saklamaýarlar.
Bu şekerli gazly içgi ilkinji gezek 1886-njy ýylda Gruziýanyň Atlanta şäherinde öndürilip başlanýar. Kompaniýa turuwbaşdan meşhurlyga eýe bolupdyr we eýýäm 1900-nji ýylda Aziýa hem-de Ýewropa giňden ýaýrapdyr.
Ikinji Jahan urşy döwründe ol dünýäniň 60-dan gowrak zawodynda öndürilipdir we amerikan esgerlerine paýlanypdyr. Şeýlelikde, ol Amerikanyň nyşanyna öwrülipdir. Muňa garamazdan, hemme kişi Kolany halamandyr. 1950-nji ýyllarda fransuzlara degişli bolan birnäçe ýük maşyn Kola ýere dökülipdir.
Sowuk urşy döwründe Koka Kola kapitalizmiň simwoly bolupdyr. Ol Sowet soýuzynda-da rugsat edilmändir. Muňa garamazdan Kola 1979-njy ýyldaky Moskwada geçirilen hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň resmi hemaýatkäri boldy. Mao Szedunyň ölmeginden soň, Hytaý öz derwezesini günbatara tarap açdy we 10 ýyllap geçirilen gepleşiklerden soňra, Koka Kola ilkinji gezek kommunizmiň demi düşen ýerinde peýda boldy.
Gündogar Germaniýada bolsa 1989-njy ýylda ýurtda kommunizmiň synyp, Berlin diwarynyň ýykylmagyndan soňra peýda boldy.
1996-njy ýylda Kolanyň ata watany bolan Atlantada tomusky olimpiýa oýunlary geçirildi. Kola şonda ilkinji reklama şereketi boldy.
Arap ýurtlarynda gadagan edilenden soňra, kompaniýa ýakyn gündogarda bazara täzeden dolanmak üçin erjellik görkezdi. Munuň sebäbi bolsa, Kolanyň öz önümlerini olaryň duşmany Ysraýyla satmagydy. Tersine, Pepsi meşhurlyga eýe boldy we arap bazaryna ýolbaşçy boldy.
Burmada we Mýanmarda 60 ýyllap dowam eden harbylaryň diýdimzorluk sistemasynyň ýykylmagyndan soň, Koka Kola täzeden bazara dolandy. Hökümetiň demokratiýa geçmegi bilen biznes gadagançylygy ýatyryldy.
Taýýarlan Aşyr Saparow
32
133
manolya
13.02.2024 15:51
GYBAT
Duzly dili we adamkärçilikden binesipligi bilen meşhur bolan bir kişini gybat edip, ýalan gep-gürrüňleri ýaýmakda günäkärläp, kazynyň huzuryna getiripdirler.
— Men oýun etdim, ol gürrüňlerem ýöne degişmek üçin aýdaýdym. Meň gepimi başga tarapa çekip, ýalňyş düşündiler. Meniň hiç-hili günäm ýok, kazym — diýip, ol özüni aklamaga başlapdyr. Ýöne ýalan töhmete duçar bolan kişi:
— Oýunmyş. Etmeli däl ekeniň, sen sebäpli meniň abraýyma zowal ýetdi. Indi jezaňam çekmeli bolarsyň — diýip, adalaty talap edipdir. Gybatkeş:
— Bu ýagdaýy düzedip biljek. Ähli aýdanlarymy yzyna alýan, şeýdibem özümi aklanan hasaplaýan — diýip, teý ýeň bermändir. Kazy bu kişiniň etmişiniň ýamanlygyna akylynyň çatmaýandygyna, bu gidişine gitse, beýle hereketlerini ýene dowam etjekdigine göz ýetirip, oňa mazalyja ders bermegi müwessa bilipdir. Şu maksat bilen ol kömekçilerine guşuň perinden edilen ýassyk getirmeklerini emr edipdir. Getirilen ýassygy gybatçynyň eline berip:
— Ýassygy kesde, onuň içindäki ýelekleri seç. Soňam ählisini çöpläp çyk. Ýekeje ýelek daşynda galaýsa, etmişiň ötülmez — diýipdir.
Bu emrden närazy bolsada, başga alajynyň ýokdugyna gözi ýeten günäkär aýdylany etmäge synanşypdyr. Synanyşmasyna synanyşypdyram welin, ýelekleriň ujypsyzja bölegini ýygnandan soň, ebti agypdyr. Mundan gaýry gurbatynyň galmandygyny aýdyp, kazynyň huzuryna barypdyr. Kazy şonda gybatkeşe ýaýradan gep-gybatlaryny hem yzyna alyp bolmajakdygyny düşündiripdir.
Çeşme: Türkmendünýäsi gazetiniň 23.11.2022-nji ýylda çykan sanyndan alyndy.
42
193
manolya
13.02.2024 11:49
1.Ilkinji ruçka
Taryhda hat ýazmak üçin niýetlenen ilkinji galam b.e.öňki 1000-nji ýyllarda Hytaýda oýlanyp tapylypdyr.
***
Häzirkizaman ruçka taryhda ilkinji gezek wengriýaly oýlap tapyjy heýkeltaraş we žurnalist Lazlo Biro (1899-1985) tarapyndan 1930-njy ýylda ýasalypdyr.
2 Ilkinji pul
Taryhda ilkinji metal puly miladydan öňki VII asyrda günbatar Anadolyda (häzirki Türkiýäniň çäklerinde) ýaşan midiýalylaryň koroly Alýattes oýlap tapypdyr. Bu pul teňňe görnüşinde bolupdyr. Ol mis, kümüş we altyn garyşdyrylyp ýasalypdyr.
Taryhda ilkinji kagyz puly biziň eramyzyň 806-njy ýylynda hytaýlylar ulanyşa girizipdirler. Ýewropada bolsa ilkinji kagyz pullaryň ulanyşa girizilmegi XVII asyryň aýaklaryna gabat gelýär.
Taýýarlan: Kätip Myradow
Çeşme: Gerodotyň taryhy, Tom I, sah. 91.
3 Ilkinji kanun
Adamzat siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Şumer-akkad medeniýeti ilkinji kanunyň hem dörän ýeridir. Taryhda ilkinji kanun Mesopotamiýada (Tigr bilen Ýefrat derýasynyň aralygy) ýaşap geçen şumerler tarapyndan miladydan öňki 2100-2050-nji ýyllarda ýazylypdyr. Bu kanunlar Şumer-akkad patyşasy Ur-Nammu tarapyndan döredilipdir. Bu kanuna hem «Ur-Nammu» diýlip at berlipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby»
4 Ilkinji metro
Taryhda ilkinji metro 1863-nji ýylda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda ulanylyp başlapdyr. Dünýäde ikinji bolup, 1870-nji ýylda ABŞ-yň Nýu-ýork şäherinde metro ulanylyp başlanypdyr. Türkiýe respublikasynda metro ilkinji gezek 1875-nji ýylda Stambul şäherinde ulanylyp başlanypdyr.
Dünýäniň iň uzyn metro ulgamy, 1995-nji ýylda işläp başlan Hytaý halk respublikasynyň Şanhaý welaýatynyň metro ulgamydyr. Ol ýerdäki metro ulgamynyň uzynlygy 588 km-dir.
Metro – bu şäheriň içinde, ýeriň aşagynda hereket edýän, adamlary gatnatmaga niýetlenen gatnaw ulgamynyň bir görnüşidir.
Taýýarlan Kätip Myrdow
Çeşme: «Wikipediýa»
5 Barmak yzy boýunça ilkinji derňew
Taryhda ilkinji gezek «barmak yzy» boýunça jenaýat edeni agtarmak işi resmi ýagdaýda 1901-nji ýylda Angliýada geçirilipdir.
Terjimeçiniň belligi: Barmak yzy bilen baglanyşykly jenaýatkäri agtaryş işiniň ilkinji wakasy resmi däl ýagdaýda 1858-nji ýylda Bengalda bolupdyr.
Çeşme: Trewor Gomer,
6 «Ilkinjileriň Ilkinji ensiklopediýa
Taryhda ilkinji ensiklopediýa Platonyň ýegeni Spewsipp (b.e.öňki 407-339 ý.ý.) tarapyndan b.e.öňki 348-nji ýylda taýýarlanypdyr. Onuň taýýarlan ensiklopediýasynda Platonyň taryh, pelsepe, matematika baradaky pikirleri beýan edilipdir. Spewsipp öz ensiklopediýasyna Aristoteliň hem belliklerini girizipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».
7Ilkinji sirk binasy
Taryhda bize mälim bolan ilkinji sirk binasy b.e.öňki VI asyrda gadymy Rimde gurlan «Sirkus Maksimus» binasydyr. Bu sirk binasy beýik diwarly, stadiona meňzeş U şekilli gippodrom bolupdyr. Bu ýerde araba tirkegli atlaryň ýaryşy geçirilipdir. Şondan esli wagt soň Ýuliý Sezar tarapyndan b.e.öňki I asyrda bir wagtda 150 müň tomaşaçy ýerleşer ýaly, sirk binasy ulaldylypdyr. Ol öz döwrüniň iň uly sirki hasaplanylýar.
Taryhda ilkinji häzirkizaman sirk 1768-nji ýylda Beýik Britaniýada iňlis çapyksuwary Filip Astleý (1742-1814) tarapyndan at ýaryşlaryny gurnamak maksady bilen gurlupdyr. Şeýlelikde, Westminster köprüsiniň golaýynda at çapyşyklary üçin niýetläp, aýlaw şekilli ýaryş meýdançasyny gurupdyrlar. Bu ýerde öýländen öň atçapyşyklary geçirilip, soň bolsa masgarabazlaryň akrobatik oýunlary görkezilipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».
8/Ilkinji kitap çap edýän enjam
Taryhda ilkinji kitap çap edýän enjamy biziň eýýamymyzyň 200-nji ýylynda hytaýlylar oýlap tapypdyr. Onuň ilkinji görnüşi bilen sahypalary diňe bir-birden köpeldip bolýan eken. Ilkinji elde çalt-çaltdan yzygyderli kitap çap edýän enjamy bolsa biziň eýýamymyzyň 1401-1408-nji ýyllarynda hytaýly Pi Şeng ýasapdyr.
Taryhda ilkinji gezek häzirkizaman kitap çap edýän enjam 1468-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Johannes Gensfleisch Gutenberg tarapyndan ýasalypdyr. Bu enjamda harplary isleýşiň ýaly goýuşdyrmak arkaly sözleri düzüp, kitap çap edip bolýan eken.
Çeşme: Internet maglumatlary
9 Ilkinji şokolad
Taryhda ilkinji şokolad takmynan VI asyrda Amerika topraklarynda ýaşan Aztek we Maýa halklary tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Olar kakao agajynyň noýba şekilli dänejiklerinden ýokumly hem-de tagamly ajy içki ýasapdyrlar. Bu içgä «xcoatl» diýip at dakypdyrlar. Ýerli halk bu içgini 1519-njy ýylda Amerikany basyp almaga gelen ispan goşunyndaky syýahatçy Ernan Kortese hödür edip içiripdirler. Bu içgini halan Kortes bolsa ýurduna dolanjak wagty kakao agajynyň çybyklaryndan hem-de dänejiklerinden ep-esli ýygyp alypdyr. Ol hem öýüne myhmançylyga gelenlere bu içgiden hödür edipdir. Emma bu suwuk şokoladyň ýasalyşy hakynda hiç kime maglumat bermändir.
Çeşme: Trewor Gomer «Ilkinjileriň kitaby»
şu ýokardaky maglumatlary toplan :@mawy.
35
105
manolya
13.02.2024 09:36
Söýgi hem ýigrenç.....
LIN Tsiň Süän,
hytaý ýazyjysy
Adamy söýmek üçin uzak wagt gerek, emma ony ýigrenmek üçin, belki, wagt hem gerek däldir. Şol sebäpli söýginiň ýigrenje ýazan ýagdaýyna tersleşik diýilýär, ol bolsa sähelçe, göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýär.
Adamy gowy görmek ýeňil-ýelpaý iş däl, emma şol söýginiň synmagyna birje pursat ýeterlik, adamy ýigrenmek aňsat, emma şol ýigrençden saplanmak üçin juda köp wagt gerek.
Söýgi ruhdan düşürip, erkiňi elden giderip bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi täze güýç berip, gujruňy artdyrýar, ýigrenjem şeýle.
Söýgi akyl-huşuňdan azaşdyryp bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi ýüzüňi gyzardyp, sussuňy basyp bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi bilen ýigrenjiň häsiýeti meňzeş dälem bolsa, olaryň özeni birdir, gyzgyn söýgä eýe bolan adamyň, köplenç, ýigrenjem bijaý gazaplydyr.
Ýigrenç tikenleri, aglaba, söýgi çölünde bitýär, ynsanyýete bolan söýgi bolsa, lotos güli ýaly, ýigrenjiň laýyny böwsüp çykmalydyr.
Adamlaryň zandyndan söýgüdir ýigrenji bütinleý aýyrmak asla mümkin däldir. Söýgini yhlas bilen, edil säherler gözüň düşen kölüň tekizden dury ýüzi ýaly, ýigrenji bolsa edil öýlän öwüsýän pessaýja şemal ýaly, özüň üçin aýyl-saýyl etmek gerek.
Hytaý dilinden terjime eden
Aýlar Şihlyýewa
32
50
manolya
12.02.2024 14:59
Awtofagiýa – täsin ylmy açyş
Ýapon alymy Ýoşinori Ohsumi «Awtofagiýa» («Autophagy») atly ylmy işi bilen 2016-njy ýylda Fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Awtofagiýa – bu bedenimiziň zeper ýeten öýjüklerini arassalap, täze öýjükleri öndürmek mehanizmidir.
Bu söz grek dilinden gelip çykyp, «auto» öz, öz-özüni, «phagy» iýmek diýmegi aňladýar. Muňa görä, bedenimiz özündäki zeper ýeten, sagdyn däl öýjükleri iýmek arkaly arassaçylyk işini geçirýär.
Awtofagiýanyň peýdalary
Awtofagiýanyň esasy peýdalarynyň biri onuň ir garramagyň öňüni almagydyr. Her gezek awtofagiýa prosesi amala aşanda, beden sagadymyz yza alnyp, täze we ýaş öýjükler öndürilýär. Bu bolsa bedenimizdäki zäherli beloklaryň, şeýle hem rak we Parkinson ýaly kesellere getirýän öýjükleriň arassalanmagyna ýardam berýär.
Awtofagiýa prosesi diňe aç wagtymyz, ýagny agyz beklänimizde başlaýar. Lukmanlaryň hem birentegi näsaglara agyz beklemegi maslahat berýär, sebäbi bu köp keselleriň öňüni almaga kömek edýär.
Netijede, bir aýlap agyz beklemeklik bedenimiziň özüni doly arassalamagy, täzelemegi we has sagdyn ýagdaýa getirmegi üçin esasy bejergileriň biri bolup durýar.
Taýýarlan Kuwwat Rejepow
34
112
manolya
12.02.2024 11:11
Göwräňi dik saklamagyň peýdalary
Arkaňyz näçe owadan bolsa, şonça-da özüňize ynamly bolýarsyňyz
Göwräňi dik tutmak özüňe bolan ynamyňy artdyrýar. Şeýle edip görüň: uludan dem alyň we dik duruň. Özüňizi has gowy, has ynamly duýýaňyz, şeýle dälmi?
Meselem, kafedekäňiz daş-töweregiňizdäki adamlara serediň. Näçe adamyň nahar başynda küýkerýändigine üns beriň. Olary tabagyň üstüne abanmagyň deregine, dik oturyp, wilkany ýa-da çemçäni agzyna ýetirýänler bilen deňeşdiriň. Eýsem, şonda has owadan görneňzokmy? Siziň pikiriňizçe, olaryň haýsysy özüne has ynamly?
Dem alşyňyz ýeňil we ulurak bolýar
Ýene bir zady barlap görüň: oturyň we küýkeriň. Dem alyp görüň, şonda dem almagyň nähili kyn düşýändigini bilersiňiz. Bu ýagdaý myşsalarymyzyň we damarlarymyzyň süýnüp, bize dem almakda kynçylyk döredýänligi bilen baglanyşyklydyr.
Adamlara dik oturmaklyk ýygy-ýygydan ýatladylýar, emma bu duýduryşlar olara kän bir täsir edenok. Adamlara oturanda arkasyny dik tutup oturmaklyk ýatladylaýanynda-da, olar öňküleri ýaly küýkerip oturanyny oňaýly görýärler. Olar dik oturjak bolsalar, eýýäm gysgalan myşsalary we damarlary gysylmak bilen bolýar. Bu bolsa kadaly dem alşyň bozulmagyna getirýär. Hatda arkaňy gönülemäge synanyşmagyň özi hem muňa ýeterlik sebäpdir.
Bu bolsa bize ýaranok. Biz aňsat dem alar ýaly, derrew öňki ýagdaýymyza dolanyp gelýäris. Hut şonuň üçin hem dik oturmagy maslahat berlen köp adam diňe birnäçe minutlap dik oturyp bilýär. Olaryň demleri henizem saklanýar. Ol dem ýeterlik uludan, ýeňil we parahat alynmaýar. Aňsadyna bakýandyklary sebäpli olar wagtyň geçmegi bilen küýkermeklige has hem öwrenişýärler.
Dem alşyňyz we iýmit siňdirişiňiz gowulaşýar
Göwre dik tutulanda, öýkeniň göwrümi giňeýär we organizmde iýmitiň we howanyň çalşygyna kömek edýär. Saglygyň gowulaşýar we organlaryň işjeňligi artýar.
Has gelşikli we ýaş görünýärsiňiz
Göwräňizi dik tutsaňyz, siz ýaş hem-de bolşuňyzdan 2-2,5 kg hor görünýärsiňiz we eşikleriňiz size has hem gowy gelişýär.
Sesiňiz gowulaşýar
Arka dik tutulanda, diafragma açylýar. Netijede, siziň sesiňiz has ýakymly eşidilýär.
Myşsalaryňyza we bogunlaryňyza kömek edýär
Göwrämizi dik tutmaklyk bize skeletimizi we bogunlarymyzy dogry saklamaga kömek edýär. Şonda myşsalar kadaly işläp, artridiň (bogunlaryň çişmesi) we bogunlarda agyrynyň döremek ähtimallygy azaldýar. Bu arka bogunlaryny berkidýän siňir damarlaryna düşýän agramy azaldyp, şikes ýetmek howpuny kemeldýär.
Gowy duruş myşsalaryň has täsirli işlemegine mümkinçilik berýär. Şonda beden az energiýa sarp edýär we ýadawlygyň öňi alynýar. Mundan başga-da, ol gypjynmanyň, hatda arka we myşsa agyrylarynyň döremek ähtimallygyny azaldýar.
Pikirlenişiňiz kämilleşýär
Göwräni dik tutmagyňyz siziň aňyňyza-da täsir edýär. Keýpiňiziň nähilidigi bolsa göwräňizi tutuşyňyzdan belli bolýar. Siz bagtly bolanyňyzda we özüňizi gowy duýanyňyzda, arkaňyz dikjedir. Dowamly keselli gamgyn adamlar bolsa, köplenç, küýkerip oturýarlar ýa-da küýkerip durýarlar. Indiki gezek sussupes ýa-da ynjalyksyz bolanyňyzda, dikeliň we uludan dem alyp görüň. Bir däl-de, birnäçe gezek gözleriňizi ýumup, uludan, kükregiňizi dolduryp arassa howadan dem alyň. Şonda özüňizi has gowy duýarsyňyz.
Gowy duruş dem alşy ýeňilleşdirýär,
bar ünsüňi bir ýere jemlemäge we myşsalaryňy gowşatmaga kömek edýär. Köp gündogar usullary, meselem, ýoga ynsanyň göwresini tutuşyny gowulaşdyrýar.
Sagdyn oňurga eýe bolýarsyňyz
Göwräňi dogry tutmak – bu oňurgany sagdyn saklamagyň ýönekeý, emma örän möhüm usulydyr. Ol aýratyn hem günüň dowamynda köp dik durýan we ofisde oturan ýerinden işleýän adamlar üçin zerurdyr. Göwräňizi dogry tutmasaňyz, myşsalaryňyza we oňurgaňyza aşa agram düşýär. Uzak wagtdan soň bu salnan zorluk oňurganyň anatomiki aýratynlyklaryny üýtgedip bilýär. Bu bolsa nerwiň we gan damarlarynyň daralmagyna getirýär. Göwräni dogry tutmak üçin eginleri dogry saklamagy, garnyňy içiňe çekip durmagy, kelläňi we eňegiňi bedeniňe parallel görnüşde sähelçe galdyrmagy endige öwürmeli. Öwrenişmedik bolsaňyz, bu zatlary endige öwürmek aňsat bolmaz. Şonuň üçin hem bedeniňizi dogry şekilde saklajak myşsalaryňyzyň üstünde işlemek gerek. Bu sabyr we tejribe talap edýär.
Göwräňizi dik tutmagyň üstünde işlemegi niýet edinmegiňiz bada-bat netije bermän biler. Özüňe ynamly bolmak gerek! Siz tapawudy görersiňizem, duýarsyňyzam!
Megerem, siz häzirem eliňiz telefonly ýa-da kompýuteriň başynda küýkerip oturansyňyz… Siz entegem nämä garaşýarsyňyz?!
Çeşme:
Mahmut Talha Saglyklynyň «8 Haftada Dik Durma Sanatı» atly kitaby boýunça taýýarlan
Şirin Baýlarowa
38
367