1.Ilkinji ruçkaTaryhda hat ýazmak üçin niýetlenen ilkinji galam b.e.öňki 1000-nji ýyllarda Hytaýda oýlanyp tapylypdyr.
***
Häzirkizaman ruçka taryhda ilkinji gezek wengriýaly oýlap tapyjy heýkeltaraş we žurnalist Lazlo Biro (1899-1985) tarapyndan 1930-njy ýylda ýasalypdyr.
2 Ilkinji pulTaryhda ilkinji metal puly miladydan öňki VII asyrda günbatar Anadolyda (häzirki Türkiýäniň çäklerinde) ýaşan midiýalylaryň koroly Alýattes oýlap tapypdyr. Bu pul teňňe görnüşinde bolupdyr. Ol mis, kümüş we altyn garyşdyrylyp ýasalypdyr.
Taryhda ilkinji kagyz puly biziň eramyzyň 806-njy ýylynda hytaýlylar ulanyşa girizipdirler. Ýewropada bolsa ilkinji kagyz pullaryň ulanyşa girizilmegi XVII asyryň aýaklaryna gabat gelýär.
Taýýarlan: Kätip Myradow
Çeşme: Gerodotyň taryhy, Tom I, sah. 91.
3 Ilkinji kanunAdamzat siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Şumer-akkad medeniýeti ilkinji kanunyň hem dörän ýeridir. Taryhda ilkinji kanun Mesopotamiýada (Tigr bilen Ýefrat derýasynyň aralygy) ýaşap geçen şumerler tarapyndan miladydan öňki 2100-2050-nji ýyllarda ýazylypdyr. Bu kanunlar Şumer-akkad patyşasy Ur-Nammu tarapyndan döredilipdir. Bu kanuna hem «Ur-Nammu» diýlip at berlipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby»
4 Ilkinji metroTaryhda ilkinji metro 1863-nji ýylda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda ulanylyp başlapdyr. Dünýäde ikinji bolup, 1870-nji ýylda ABŞ-yň Nýu-ýork şäherinde metro ulanylyp başlanypdyr. Türkiýe respublikasynda metro ilkinji gezek 1875-nji ýylda Stambul şäherinde ulanylyp başlanypdyr.
Dünýäniň iň uzyn metro ulgamy, 1995-nji ýylda işläp başlan Hytaý halk respublikasynyň Şanhaý welaýatynyň metro ulgamydyr. Ol ýerdäki metro ulgamynyň uzynlygy 588 km-dir.
Metro – bu şäheriň içinde, ýeriň aşagynda hereket edýän, adamlary gatnatmaga niýetlenen gatnaw ulgamynyň bir görnüşidir.
Taýýarlan Kätip Myrdow
Çeşme: «Wikipediýa»
5 Barmak yzy boýunça ilkinji derňewTaryhda ilkinji gezek «barmak yzy» boýunça jenaýat edeni agtarmak işi resmi ýagdaýda 1901-nji ýylda Angliýada geçirilipdir.
Terjimeçiniň belligi: Barmak yzy bilen baglanyşykly jenaýatkäri agtaryş işiniň ilkinji wakasy resmi däl ýagdaýda 1858-nji ýylda Bengalda bolupdyr.
Çeşme: Trewor Gomer,
6 «Ilkinjileriň Ilkinji ensiklopediýa
Taryhda ilkinji ensiklopediýa Platonyň ýegeni Spewsipp (b.e.öňki 407-339 ý.ý.) tarapyndan b.e.öňki 348-nji ýylda taýýarlanypdyr. Onuň taýýarlan ensiklopediýasynda Platonyň taryh, pelsepe, matematika baradaky pikirleri beýan edilipdir. Spewsipp öz ensiklopediýasyna Aristoteliň hem belliklerini girizipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».
7Ilkinji sirk binasyTaryhda bize mälim bolan ilkinji sirk binasy b.e.öňki VI asyrda gadymy Rimde gurlan «Sirkus Maksimus» binasydyr. Bu sirk binasy beýik diwarly, stadiona meňzeş U şekilli gippodrom bolupdyr. Bu ýerde araba tirkegli atlaryň ýaryşy geçirilipdir. Şondan esli wagt soň Ýuliý Sezar tarapyndan b.e.öňki I asyrda bir wagtda 150 müň tomaşaçy ýerleşer ýaly, sirk binasy ulaldylypdyr. Ol öz döwrüniň iň uly sirki hasaplanylýar.
Taryhda ilkinji häzirkizaman sirk 1768-nji ýylda Beýik Britaniýada iňlis çapyksuwary Filip Astleý (1742-1814) tarapyndan at ýaryşlaryny gurnamak maksady bilen gurlupdyr. Şeýlelikde, Westminster köprüsiniň golaýynda at çapyşyklary üçin niýetläp, aýlaw şekilli ýaryş meýdançasyny gurupdyrlar. Bu ýerde öýländen öň atçapyşyklary geçirilip, soň bolsa masgarabazlaryň akrobatik oýunlary görkezilipdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».
8/Ilkinji kitap çap edýän enjamTaryhda ilkinji kitap çap edýän enjamy biziň eýýamymyzyň 200-nji ýylynda hytaýlylar oýlap tapypdyr. Onuň ilkinji görnüşi bilen sahypalary diňe bir-birden köpeldip bolýan eken. Ilkinji elde çalt-çaltdan yzygyderli kitap çap edýän enjamy bolsa biziň eýýamymyzyň 1401-1408-nji ýyllarynda hytaýly Pi Şeng ýasapdyr.
Taryhda ilkinji gezek häzirkizaman kitap çap edýän enjam 1468-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Johannes Gensfleisch Gutenberg tarapyndan ýasalypdyr. Bu enjamda harplary isleýşiň ýaly goýuşdyrmak arkaly sözleri düzüp, kitap çap edip bolýan eken.
Çeşme: Internet maglumatlary
9 Ilkinji şokoladTaryhda ilkinji şokolad takmynan VI asyrda Amerika topraklarynda ýaşan Aztek we Maýa halklary tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Olar kakao agajynyň noýba şekilli dänejiklerinden ýokumly hem-de tagamly ajy içki ýasapdyrlar. Bu içgä «xcoatl» diýip at dakypdyrlar. Ýerli halk bu içgini 1519-njy ýylda Amerikany basyp almaga gelen ispan goşunyndaky syýahatçy Ernan Kortese hödür edip içiripdirler. Bu içgini halan Kortes bolsa ýurduna dolanjak wagty kakao agajynyň çybyklaryndan hem-de dänejiklerinden ep-esli ýygyp alypdyr. Ol hem öýüne myhmançylyga gelenlere bu içgiden hödür edipdir. Emma bu suwuk şokoladyň ýasalyşy hakynda hiç kime maglumat bermändir.
Çeşme: Trewor Gomer «Ilkinjileriň kitaby»
şu ýokardaky maglumatlary toplan :
@mawy.