Awtofagiýa – täsin ylmy açyş
Ýapon alymy Ýoşinori Ohsumi «Awtofagiýa» («Autophagy») atly ylmy işi bilen 2016-njy ýylda Fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Awtofagiýa – bu bedenimiziň zeper ýeten öýjüklerini arassalap, täze öýjükleri öndürmek mehanizmidir.
Bu söz grek dilinden gelip çykyp, «auto» öz, öz-özüni, «phagy» iýmek diýmegi aňladýar. Muňa görä, bedenimiz özündäki zeper ýeten, sagdyn däl öýjükleri iýmek arkaly arassaçylyk işini geçirýär.
Awtofagiýanyň peýdalary
Awtofagiýanyň esasy peýdalarynyň biri onuň ir garramagyň öňüni almagydyr. Her gezek awtofagiýa prosesi amala aşanda, beden sagadymyz yza alnyp, täze we ýaş öýjükler öndürilýär. Bu bolsa bedenimizdäki zäherli beloklaryň, şeýle hem rak we Parkinson ýaly kesellere getirýän öýjükleriň arassalanmagyna ýardam berýär.
Awtofagiýa prosesi diňe aç wagtymyz, ýagny agyz beklänimizde başlaýar. Lukmanlaryň hem birentegi näsaglara agyz beklemegi maslahat berýär, sebäbi bu köp keselleriň öňüni almaga kömek edýär.
Netijede, bir aýlap agyz beklemeklik bedenimiziň özüni doly arassalamagy, täzelemegi we has sagdyn ýagdaýa getirmegi üçin esasy bejergileriň biri bolup durýar.
Taýýarlan Kuwwat Rejepow