manolya
12.02.2024 19:15
Bulary bilýärdiňizmi?

Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bar. Adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňküniň sany 206-dyr.

***

Wagtyndan öň dogulan çagalaryň 54 göterimi adatça, çepbekeý bolýar.

***

Adamyň ömründe barmaklary takmynan 25 million gezek açylyp-ýumulýar.

***

Ynsan bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bar.

***

Adamyň nerwleri muskullara garanyňda, 20 esse artyk ýük göterip bilýär.

***

Ynsan bedeniniň iň sowuk agzasy burn, iň gyzgyn agzasy bolsa bagyrdyr.

***

100 kilogram agramly adamyň bedeninde 70 kilograma golaý suw bar.

***

Asgyrmagyň tizligi sagatda 160 kilometrdir.



Çeşme: internet maglumatlary
33
111
captiosus
20 Fewral 2024
Waa.. nahili tasin
manolya
12 Fewral 2024
@tmcell, 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.