ALYMLAR ELDE HAT ÝAZMAK BILEN KÖP MEŞGULLANMAGY MASLAHAT BERÝÄRLER...El bilen hat ýazmak beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar, öwrenmek ukybyny ösdürýär. Alymlar çagalara has kiçilikden elde ýazuw ýazmak bilen has köp meşgullanmagy maslahat berýärler.
Norwegiýanyň Ylym we Tehnologiýa Uniwersiteti ruçka we klawiatura bilen ýazylanda beýniniň nähili işleýändigi barada barlag işini geçirdi. 20 ýaşyndaky 40 talybyň gözlegine görä, elde ruçka alyp ýazylanda beýnimizdäki baglanyşyk nagyşlary, klawiaturada harp ýazmakdan has çylşyrymly bolýar. El bilen ýazylanda kelle beýnisindäki torlaryň merkezleri bilen düwünleriniň arasynda çylşyrymly baglanyşyk emele gelýär. Beýniniň bu ýerlerinde we bu ýygylyklarda baglanyşyk nagyşlary ýadyň emele gelmegi we täze maglumatlaryň kodlanmagy üçin möhümdir. Şonuň üçin bir zat öwreneniňde adaty görnüşde elde ýazmak has netijelidir.
Gözlegçiler, el bilen ýazmak beýniniň işjeňligini ösdürýär we öwreniş ukybyny ýokarlandyrýar diýen netijä geldiler. Şonuň üçin alymlar mekdepdäki çagalara has kiçi ýaşdan köpräk ýazuw işleri bilen meşgullanmagy maslahat berýärler.
«Mekdepde elde ýazuw ýazmak bilen meşgullanmak möhümdir, ýöne ýüze çykýan tehnologiki ösüşlerden habardar bolmak hem möhümdir. Käbir ýerlerde adaty elde ýazuw ýazmak, käbir ýerlerde bolsa klawiatura bilen işlemek has gowudyr» diýlip, gözlegleriň netijesinde beýan edilýär.