manolya
13.02.2024 15:51
GYBAT

Duzly dili we adamkärçilikden binesipligi bilen meşhur bolan bir kişini gybat edip, ýalan gep-gürrüňleri ýaýmakda günäkärläp, kazynyň huzuryna getiripdirler.

— Men oýun etdim, ol gürrüňlerem ýöne degişmek üçin aýdaýdym. Meň gepimi başga tarapa çekip, ýalňyş düşündiler. Meniň hiç-hili günäm ýok, kazym — diýip, ol özüni aklamaga başlapdyr. Ýöne ýalan töhmete duçar bolan kişi:

— Oýunmyş. Etmeli däl ekeniň, sen sebäpli meniň abraýyma zowal ýetdi. Indi jezaňam çekmeli bolarsyň — diýip, adalaty talap edipdir. Gybatkeş:

— Bu ýagdaýy düzedip biljek. Ähli aýdanlarymy yzyna alýan, şeýdibem özümi aklanan hasaplaýan — diýip, teý ýeň bermändir. Kazy bu kişiniň etmişiniň ýamanlygyna akylynyň çatmaýandygyna, bu gidişine gitse, beýle hereketlerini ýene dowam etjekdigine göz ýetirip, oňa mazalyja ders bermegi müwessa bilipdir. Şu maksat bilen ol kömekçilerine guşuň perinden edilen ýassyk getirmeklerini emr edipdir. Getirilen ýassygy gybatçynyň eline berip:

— Ýassygy kesde, onuň içindäki ýelekleri seç. Soňam ählisini çöpläp çyk. Ýekeje ýelek daşynda galaýsa, etmişiň ötülmez — diýipdir.

Bu emrden närazy bolsada, başga alajynyň ýokdugyna gözi ýeten günäkär aýdylany etmäge synanşypdyr. Synanyşmasyna synanyşypdyram welin, ýelekleriň ujypsyzja bölegini ýygnandan soň, ebti agypdyr. Mundan gaýry gurbatynyň galmandygyny aýdyp, kazynyň huzuryna barypdyr. Kazy şonda gybatkeşe ýaýradan gep-gybatlaryny hem yzyna alyp bolmajakdygyny düşündiripdir.

Çeşme: Türkmendünýäsi gazetiniň 23.11.2022-nji ýylda çykan sanyndan alyndy.
42
193
gsre
17 Fewral 2024
👍
ATOMIC
13 Fewral 2024
Я тоже устал от сплетен👍🏻
giiii
13 Fewral 2024
Молодец🖒
manolya
13 Fewral 2024
@garlawac_, sag bol !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.