king_tm
21.12.2023 20:15
Giç ýagşy😉👋
32
235
king_tm
12.11.2023 13:33

Nauşnikde uzak wagtlap aýdym diňlemek ukubymyza zeper ýetirip, gulak bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirip biler. «Inwitro» lukmançylyk kompaniýasynyň hünärmenleri munuň gulakda gut dykysynyň emele gelmegine getirip, infeksiýa töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljekdigini-de anyklapdyrlar.

Nauşnik ulanylanda erkek adamlaryň eşidiş näsazlyklaryna köp duçar bolýandygyny we bu töwekgelçiligiň ýaşyň ulalmagy bilen ýokarlanýandygyny görkezýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) görkezmelerine laýyklykda, hünärmenler aýdym-sazyň güýçlülik derejesini 85 desibelden geçirmezligi we şeýle güýçlülik derejesinde aýdym-sazy günde 60-80 minutdan köp diňlemezligi maslahat berýärler.

17
18
king_tm
11.11.2023 17:55

Nýu-Ýorkuň Metropoliten sungat muzeýiniň egin-eşik institutynyň kömegi bilen yzygider geçirilýän moda dünýäsiniň iň abraýly gijeleriniň biri hasaplanýan «Met Gala» her ýyl bir mowzuga bagyşlanyp geçirilýär. Bu barada “Vogue” žurnaly habar berýär.

2024-nji ýylyň maýynda geçiriljek bu çäräniň mowzugy “Ýatan gözellikler: modanyň täzeden döremegi” hökmünde kesgitlendi. Metropoliten sungat muzeýiniň baş direktory Marina Kellen: “Bu innowasiýa sergisi hyýalymyzyň çägini çäklendirer we eseriň köp tarapyny başdan geçirmäge, taryhy barada has köp zat öwrenmäge, ahyrynda gözelligine has çuňňur baha bermäge çagyrar” diýip, belleýär.

Endrýu Boltonyň Met Gala baradaky pikirine görä: “Beden bilen baglanyşygy sebäpli moda iň täsirli çeper görnüşleriň biridir. Ýadymyz duýgulardan doly we biz oňa esasan duýgularymyz bilen baglanyşýarys. Bu serginiň döremegine umyt baglaýan zatlarymyň biri moda duýgur baha bermek”. 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda geçiriljek “Met Gala” -dan soň geýim institutynyň sergisi 10-njy maýdan 2-nji sentýabr aralygynda myhmanlar üçin açyk bolar.

18
65
king_tm
22.10.2023 20:17

«Rolls-Royсе» bilen birmeňzeş bahadyr.


Bu welosipedi Birleşen Arap Emirlikleriniň nusgawy altyn bilen işlemäge ýöriteleşen kompaniýalarynyň biri — «Al Romaizan Gold and Jewelry» öndürdi. Ýakyn Gündogaryň sagatlaryň we zergärçilik işleriniň 52-nji sergisinde görkezilen welosipedi taýýarlamak üçin dört kilogram arassa altyn gerek boldy.

Onuň çarçuwasy, tigirleri hem-de ruly 24 karatlyk altyn bilen örtülendir. Önümiň tigirleriniň diregleri-de, zynjyr gurallary-da gymmat bahaly metal bilen bezelendir. Onuň diňe käbir bölekleri — saklaýjysy, tigirleriniň örtükleri hem-de eýeri hemmelere düşnükli bolan sebäp bilen, adaty önümlerden ýasaldy.  

20 adamdan ybarat bolan topar bu taslamany jemlemek üçin alty aýlap zähmet çekdi. Kompaniýa şeýle welosipedleri yzygiderli esasda öndürmäge hem taýýar. Durşuna altyn bilen örtülen iki tigirli ulagyň önümçiligi diňe alyjylaryň we sargyt edijileriň ýeterlik bolan ýagdaýynda dowam etdiriler. Welosipediň umumy agramy 7 kilograma deňdir. Şonuň 4 kilogramy arassa altyndan ybaratdyr. Welosipediň bahasy bolsa 408 000 amerikan dollaryna barabar bolar. Munuň özi awtoulag dünýäsiniň iň naýbaşy önümleriniň biri bolan standart «Rolls-Royсе» bilen birmeňzeş bahadyr.

21
93
king_tm
21.10.2023 18:12

Guýy

Bir kişi guýy gazypdyr. Jürňüldäp duran süýji suw çykypdyr. Suw gowany alyp gaçýarmyş. Ol guýynyň daşyna agaçdan germew edipdir. Agzyna gapak ýasapdyr. Soňam «Özümden başgasy el degirmesin» diýip, agzyna gulp urupdyr.

Ertesi gün baryp, guýa gowa sallasa, boş çykypdyr. Düýnki durnanyň gözi ýaly suwdan nam-nyşan ýokmuş. Onsoň ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, bir dananyň ýanyna barypdyr. Bolan wakany aýdypdyr. Goja bolsa:

— Bar-da, guýynyň agzyny açyp goý. Nowaň gapdalynda dursun. Gowany başyndan as — diýipdir.

Ol kişi dananyň aýdyşy ýaly edipdir. Birsalymdan görse, ýene suw dolup duranmyş.

Aslynda hem guýy goralmaýar. Duşmanyň hem bolsa, ondan suw alma diýmezlik adamlaryň aňyna gadymdan bäri ornan bolmaly.

Igde

Bir wagtlar bir baýyň giden çarbagy bar eken. Onda miwe berýän ir-iýmişli baglaryň ählisi hem bar eken. Olaryň içinde ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, goşa ýumruk ýaly miwesi örän tagamly, daşy al-ýaşyl öwüsýän miweli bag bar eken. Kölegesiniň goýulygy üçin baý ony çarbagyň daşynda akýan ýabyň boýunda ekmekligi bagbana buýurýar.

Çarbagyň daşyna çykarylan bu bagyň, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelip, reňki öçüpdir we ol açyk aksowult kümüş reňki alypdyr. Miwesiniň bolsa suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke gelipdir.

Igläp igde adyny alan bu bagyň miwesi welin, şol datly tagamyny, ýokumlylygyny saklap galypdyr. Bu agajyň häzirki wagtda-da obanyň çet gyralaryndaky zeýkeşleriň, ýaplaryň boýunda gögerýändigi hem şondanmyşyn

21
116
king_tm
20.10.2023 08:20

Gözüň görejine zyýanly iýmitler


Bilşimiz ýaly, kompýuteriň öňünde uzak wagtlap oturmagyň ýa-da yzygiderli telefona, telewizora seretmegiň, olardan gelýän şöhleleriň gözüň görejine zyýanlydygyny bilýäris. Emma käbir gündelik durmuşymyzda peýdalanýan iýmitlerimiziň gözüň görejine zyýany barada hatda pikir hem edilmeýär.

1.Ak çörek, 2.Kofe 3.Alkagol 4.Duz 5.Un we unaş önümleri 6.Buzgaýmak 7.Gowrulan iýmitler 8.Gazly suw we çips önümleriniň gözüň  görejine zyýanlydygyny ylym tassyklady.

Alkagol. Alkagol içgileriniň içilmegi gözüň nerw öýjüklerini öldürýär, çalt ýadamagyna, yzly-yzyna ýaşarmagyna sebäp bolýar. Alkagol içgileri göz almasyndaky gan basyşy ýokarlandyrýar, göze barýan damarlaryň ýoluny giňeldýär. Netijede, dolulygyna görejiň ýitmegine getirýär.

Un we unaş önümleri köp mukdarda özünde krahmal saklaýar, krahmalyň köp kabul edilmegi iýmit siňdirişde insulinyň köp bölünip çykmagyna getirýär. Krahmalyň aşa köp siňdirilmegi gözüň görejine täsir edýän baglaýjy beloklaryň mukdarynyň peselmegine getirýär.

Uglewody köp saklaýan iýmitler. Olaryň üznüksiz iýilmegi howa şertlerine baglylykda göz almasyndaky retinanyň merkezi bölegi bolan makulanyň işini bozýar. Şeýle iýmitleri çäkli iýmek maslahat berilýär.

Gazly suw, çipsi önümleri diňe göze däl, eýsem, aşgazan-içege ýollarynda ýaralary döredýär. Tutuş bedeniň saglygyna zyýan ýetirýär.

24
142
king_tm
19.10.2023 15:20

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 7 müň töweregi dil bolup, olaryň gelip çykyş taryhy dürli-dürlidir. Bilşimiz ýaly, ilkinji ýazuw miladydan öňki VIII müňýyllykda Mesopotamiýada döräpdir. Gadymy dilleriň birnäçesiniň dürli sebäplere görä ýitip gidendigi çaklanylýar. Bu günki günümize çenli saklanyp galan gadymy diller hem az däldir. Dillere hem ulanyşdan galyp, ýitip howpy abanýar. Mysal üçin, gadymy Müsür dili bolan «koptik» dilinde gepleýän adam ýok diýen ýalydyr ýa-da latyn dili seýrek ulanylýan dil bolsa-da, ol hiç bir döwletiň ene dili däldir.

Latyn dili – gadymy dilleriň hatarynda ilkinjileriň biri hökmünde agzamak bolar. Gadymy latyn dili dünýädäki iň köp öwrenilýän dilleriň biridir.Bu dili Watikanda we beýleki käbir ýurtlarda resmi hatlarda ulanylýar.

Grek dili – bu diliň taryhy biziň eramyzdan öň 1300-nji ýyldan başlanýar diýip hasaplanýar. Gadymy grekçe häzirki wagtda diňe Gresiýada, Gresiýa adalarynda, Türkiýede we Kiprde saklanyp galmak bilen, bu dilde 12 million adam gürleşýändir.

Arap dili – Arabystan ýarym adasynda döräp, ol ýerden hem Afrika we Gündogar ýurtlaryna ýaýrapdyr. VIII-XII asyrlarda pelsepewi dil hökmünde ulanylypdyr. Maglumatlara görä, jemi 24 ýurduň ene dili bolan arap dilinde häzirki wagtda 420 million adam gepleşmegi başarýar.

Euskara ýa-da bask dili – bu diliň belli bir dil maşgalasy bilen baglanyşygy ýok bolup, ol günorta-günbatar Ýewropada gepleşilýän dillerden galan gadymy dil hasaplanylýar. Häzirki wagtda Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň käbir ýerlerinde 750 müňden gowrak adam bask dilinde gepleýär.

Ýewreý dili – bu diliň 3000 ýyllyk taryhy bolup, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 9 million adam bu dilde gepleşýändir. Ýewreý dili biziň eramyzdan soň ulanyşdan galan hem bolsa, ol XIX asyrda gaýtadan dikeldildi. Ýewreý dili Ysraýyl döwletiniň resmi dili bolup, ol 5 milliondan gowrak adamyň ene dilidir.

Tamil dili – bu dili migrantlar Awstraliýa, Ýewropa, Kanada we ABŞ-na getirýärler. Diliň taryhy ortaça 2500 ýyllykdyr. taryhy bilen hötdesinden gelinmedik rekorda eýedir. Häzirki wagtda 80 milliondan gowrak adam bu dilde gepleşýär.

Hytaý dilii – 1 milliarddan gowrak adamyň gepleşýän hytaý dili, dünýäde iň köp gepleşilýän we iň gadymy dilleriň biridir. Hytaý dili 3000 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar. Bu dilde bir-birinden tapawutlanýan ençeme dialektler bolup, onda adaty harplar däl-de, her bir bogun bir iýeroglif arkaly aňladylýar. Iýeroglifleriň döränine bolsa 3 müň ýyldan gowrak wagt geçipdir.

17
73
king_tm
19.10.2023 08:13

Hanoýyň täsin myhmanhanasy


Dünýädäki ilkinji altyn çaýylan myhmanhana Wýetnamyň paýtagty bolan Hanoýda ýerleşýär. «Dolce Hanoi Golden Lake» diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp myhmanhana «Altyn köl» ady bilen hem meşhurdyr. Binanyň içi-de, daşy-da altyn bilen örtülendir.


Täsin desganyň daşyna 1 tonna golaý altyn sarp edilipdir. 25 gata barabar bolan özboluşly myhmanhana 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda açylypdyr. Myhmanhanada 342 sany biri-birinden tapawutlanýan döwrebap myhman otaglar ýerleşdirilipdir.


Şeýle-de, myhmanhananyň 12-nji gatynda ýygnaklar we konferensiýalar üçin döredilen ýörite giň zallar bardyr. «Dolce Hanoi Golden Lake» myhmanhanasynyň özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen dünýäniň abraýly baýraklarynyň birnäçesine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeklik zerurdyr.

18
80
king_tm
18.10.2023 08:07

Filip Till-iň ajaýyp sungat eseri


Ispaniýanyň Kudis şäherinde jahankeşdeleriň ünsüni özünde jemleýän täsin suw çüwdürimi bar. «Jadyly kran» diýip atlandyrylýan bu suw çüwdürimini fransiýaly heýkeltaraş Filip Till gurupdyr.


Bu ýurda gezelenje gelýän islendik adam täsin suw çüwdürimini surata alýar ýa-da onuň ýanynda ýadygärlik surata düşýär. Äpet krandan suw çüwdürimi aşaklygyna akyp ýatyr. Göräýmäge, geň galar ýaly zat ýok diýersiňiz. Ýöne howada asylyp duran kranyň hiç bir zada berkidilmändigini görüp, kranyň nädip howada hiç bir diregsiz saklanyp durandygyna, ondan pagşyldap dökülýän suwuň nireden akyp gelýändigine akyl ýetirmän haýran galýarsyň. «Jadygöý» arhitektoryň ähli syry suwuň içinde gizländigine birbada düşünmeýärsiň.


Äpet krandan akýan güýçli suwy onuň içinde gizlenen turba saklaýar. Arhitektoryň gözbagçylygy aýna ýaly dury turbanyň suwuň içinde bildirmeýänliginden döreýär. Suw şol turbanyň içinden ýokary galyp, daşy bilen aşak akýar. «Kran» suw çüwdürimine dünýäniň başga ýerlerinde-de duş gelmek bolýar. Kanadada, Belgiýada, Ukrainada, Russiýada, Şweýsariýada, Azerbaýjanda, Beýik Britaniýada duşýan «Kran» suw çüwdürimi onuň näderejede meşhurdygyndan habar berýär.

23
98
king_tm
17.10.2023 20:08

Dünýäniň adaty däl ýadygärlikleri


⭐Ýadygärlikler we heýkeller, köplenç, şäherleriň meýdançalaryny we seýilgählerini bezemek üçin goýulýar. Emma olaryň wezipesi diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ýadygärlikler belli bir medeniýetiň geçmişini, ösüşini, ruhy dünýäsini açyp görkezmelidir.


Freýdiň sallanyp duran heýkeli. Bu heýkel adaty heýkeller ýaly seýilgähiň merkezinde däl-de, Praganyň belent binalarynyň biriniň depesinde ýerleşdirilendir.

Bir eli bilen ýapyşyp, ýokardan aşak sallanyp duran ýagdaýynda ornaşdyrylan bu täsin heýkelde belli psiholog Zigmund Freýd şekillendirilendir. Bu heýkel çehiýaly heýkeltaraş Dawid Çorny tarapyndan ýasalypdyr.  


Başam barmagyň äpet heýkeli. Parižde «Le Pouce» diýlip atlandyrylýan  başam barmagyň äpet heýkeli ýerleşdirilendir.

Bu ýadygärlik 1965-nji ýylda suratkeş Sezar Baldaççini tarapyndan taýýarlanylypdyr. Bu heýkeltaraş adaty zatlaryň, şol sanda öz başam barmagynyň hem äpet şekilini ýasamakda şöhrat gazanypdyr.


Heýkelleriň suwasty seýilgähi. Ilkinji suwasty heýkelleriň seýilgähi 2006-njy ýylda Jeýson De Keýros Teýlor atly britaniýaly heýkeltaraş tarapyndan ýasalypdyr.

Bu seýilgäh Karib deňziniň Grenada kenarynyň golaýynda ýerleşýär. Seýilgähde janly adamlara meňzäp duran heýkeller ýerleşdirilipdir. Bu ajaýyp sungat eserini akwalangyň we aşagy aýnaly gäminiň üsti bilen synlamak bolýar.


Çölüň ortasynda ýerden çykyp duran eliň heýkeli. Ýekeligi, adalatsyzlygy we gam-gussany alamatlandyrmak üçin çilili heýkeltaraş Mario Irarrasabal çölüň içinde 11 metrlik äpet eliň şekilini ýasapdyr.

Bu ýadygärlige golaýlaşsaň çägeden äpet adamyň eli çykyp duran ýaly duýgy döreýärmiş. Atakama çölüniň ortasyndaky bu ýadygärlige iň golaý şäher 75 kilometrlikde ýerleşýär.

29
141