king_tm
22.10.2023 20:17

«Rolls-Royсе» bilen birmeňzeş bahadyr.


Bu welosipedi Birleşen Arap Emirlikleriniň nusgawy altyn bilen işlemäge ýöriteleşen kompaniýalarynyň biri — «Al Romaizan Gold and Jewelry» öndürdi. Ýakyn Gündogaryň sagatlaryň we zergärçilik işleriniň 52-nji sergisinde görkezilen welosipedi taýýarlamak üçin dört kilogram arassa altyn gerek boldy.

Onuň çarçuwasy, tigirleri hem-de ruly 24 karatlyk altyn bilen örtülendir. Önümiň tigirleriniň diregleri-de, zynjyr gurallary-da gymmat bahaly metal bilen bezelendir. Onuň diňe käbir bölekleri — saklaýjysy, tigirleriniň örtükleri hem-de eýeri hemmelere düşnükli bolan sebäp bilen, adaty önümlerden ýasaldy.  

20 adamdan ybarat bolan topar bu taslamany jemlemek üçin alty aýlap zähmet çekdi. Kompaniýa şeýle welosipedleri yzygiderli esasda öndürmäge hem taýýar. Durşuna altyn bilen örtülen iki tigirli ulagyň önümçiligi diňe alyjylaryň we sargyt edijileriň ýeterlik bolan ýagdaýynda dowam etdiriler. Welosipediň umumy agramy 7 kilograma deňdir. Şonuň 4 kilogramy arassa altyndan ybaratdyr. Welosipediň bahasy bolsa 408 000 amerikan dollaryna barabar bolar. Munuň özi awtoulag dünýäsiniň iň naýbaşy önümleriniň biri bolan standart «Rolls-Royсе» bilen birmeňzeş bahadyr.

21
93
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.