king_tm
21.10.2023 18:12

Guýy

Bir kişi guýy gazypdyr. Jürňüldäp duran süýji suw çykypdyr. Suw gowany alyp gaçýarmyş. Ol guýynyň daşyna agaçdan germew edipdir. Agzyna gapak ýasapdyr. Soňam «Özümden başgasy el degirmesin» diýip, agzyna gulp urupdyr.

Ertesi gün baryp, guýa gowa sallasa, boş çykypdyr. Düýnki durnanyň gözi ýaly suwdan nam-nyşan ýokmuş. Onsoň ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, bir dananyň ýanyna barypdyr. Bolan wakany aýdypdyr. Goja bolsa:

— Bar-da, guýynyň agzyny açyp goý. Nowaň gapdalynda dursun. Gowany başyndan as — diýipdir.

Ol kişi dananyň aýdyşy ýaly edipdir. Birsalymdan görse, ýene suw dolup duranmyş.

Aslynda hem guýy goralmaýar. Duşmanyň hem bolsa, ondan suw alma diýmezlik adamlaryň aňyna gadymdan bäri ornan bolmaly.

Igde

Bir wagtlar bir baýyň giden çarbagy bar eken. Onda miwe berýän ir-iýmişli baglaryň ählisi hem bar eken. Olaryň içinde ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, goşa ýumruk ýaly miwesi örän tagamly, daşy al-ýaşyl öwüsýän miweli bag bar eken. Kölegesiniň goýulygy üçin baý ony çarbagyň daşynda akýan ýabyň boýunda ekmekligi bagbana buýurýar.

Çarbagyň daşyna çykarylan bu bagyň, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelip, reňki öçüpdir we ol açyk aksowult kümüş reňki alypdyr. Miwesiniň bolsa suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke gelipdir.

Igläp igde adyny alan bu bagyň miwesi welin, şol datly tagamyny, ýokumlylygyny saklap galypdyr. Bu agajyň häzirki wagtda-da obanyň çet gyralaryndaky zeýkeşleriň, ýaplaryň boýunda gögerýändigi hem şondanmyşyn

21
116
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.