king_tm
19.10.2023 15:20

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 7 müň töweregi dil bolup, olaryň gelip çykyş taryhy dürli-dürlidir. Bilşimiz ýaly, ilkinji ýazuw miladydan öňki VIII müňýyllykda Mesopotamiýada döräpdir. Gadymy dilleriň birnäçesiniň dürli sebäplere görä ýitip gidendigi çaklanylýar. Bu günki günümize çenli saklanyp galan gadymy diller hem az däldir. Dillere hem ulanyşdan galyp, ýitip howpy abanýar. Mysal üçin, gadymy Müsür dili bolan «koptik» dilinde gepleýän adam ýok diýen ýalydyr ýa-da latyn dili seýrek ulanylýan dil bolsa-da, ol hiç bir döwletiň ene dili däldir.

Latyn dili – gadymy dilleriň hatarynda ilkinjileriň biri hökmünde agzamak bolar. Gadymy latyn dili dünýädäki iň köp öwrenilýän dilleriň biridir.Bu dili Watikanda we beýleki käbir ýurtlarda resmi hatlarda ulanylýar.

Grek dili – bu diliň taryhy biziň eramyzdan öň 1300-nji ýyldan başlanýar diýip hasaplanýar. Gadymy grekçe häzirki wagtda diňe Gresiýada, Gresiýa adalarynda, Türkiýede we Kiprde saklanyp galmak bilen, bu dilde 12 million adam gürleşýändir.

Arap dili – Arabystan ýarym adasynda döräp, ol ýerden hem Afrika we Gündogar ýurtlaryna ýaýrapdyr. VIII-XII asyrlarda pelsepewi dil hökmünde ulanylypdyr. Maglumatlara görä, jemi 24 ýurduň ene dili bolan arap dilinde häzirki wagtda 420 million adam gepleşmegi başarýar.

Euskara ýa-da bask dili – bu diliň belli bir dil maşgalasy bilen baglanyşygy ýok bolup, ol günorta-günbatar Ýewropada gepleşilýän dillerden galan gadymy dil hasaplanylýar. Häzirki wagtda Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň käbir ýerlerinde 750 müňden gowrak adam bask dilinde gepleýär.

Ýewreý dili – bu diliň 3000 ýyllyk taryhy bolup, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 9 million adam bu dilde gepleşýändir. Ýewreý dili biziň eramyzdan soň ulanyşdan galan hem bolsa, ol XIX asyrda gaýtadan dikeldildi. Ýewreý dili Ysraýyl döwletiniň resmi dili bolup, ol 5 milliondan gowrak adamyň ene dilidir.

Tamil dili – bu dili migrantlar Awstraliýa, Ýewropa, Kanada we ABŞ-na getirýärler. Diliň taryhy ortaça 2500 ýyllykdyr. taryhy bilen hötdesinden gelinmedik rekorda eýedir. Häzirki wagtda 80 milliondan gowrak adam bu dilde gepleşýär.

Hytaý dilii – 1 milliarddan gowrak adamyň gepleşýän hytaý dili, dünýäde iň köp gepleşilýän we iň gadymy dilleriň biridir. Hytaý dili 3000 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar. Bu dilde bir-birinden tapawutlanýan ençeme dialektler bolup, onda adaty harplar däl-de, her bir bogun bir iýeroglif arkaly aňladylýar. Iýeroglifleriň döränine bolsa 3 müň ýyldan gowrak wagt geçipdir.

17
73
bagtl
19 Oktýabr 2023
Men nam ucin layk goyup bilemak?
senorita
19 Oktýabr 2023
@seneca, hawa edebi dilimizi bilýãn az, eserlerde ýa goşgularda kãbir sõzleri gõrũp başga dilden ogurlapdyr hem diýiberýã kõp kişi. Aýtjak bolýan zadym hakyky Tũrkmen sõzlerini doly bilemizok we ulanyşdan galyp barýar...
king_tm
19 Oktýabr 2023
@seneca, 👏 dogry👍 türkmen dilinde ulanylman ýatan söz diýseň kop olary dikeldip gaýry ýurtlaň dilini aradan aýyrmak gerek esasy
seneca
19 Oktýabr 2023
Meselem "yapacaz" diýip ýazýarlar, aslynda welin "yapacağiz" diýilip ýazylýar. Ýa-da "senmi" diýýärler emma "sen mi" diýilip ýazylýar. Bizde bolsa bu zatlara hiç üns berlenok, diňe käbirleri gürlemegi, ýazmagy başarýar. Mahlasy, dilimiz gaty ýoýulýar, ene dilimizi öwrenmek üçin biraz alada etmek gerek.
seneca
19 Oktýabr 2023
Munuň sebäbi birinji bilen rus-sowet syýasatyna çenli gidýär, galyberse-de düzeltmek öz elimizde emma adamlarymyz kän höwesek adamlar däl, kitap okamagy halaýan adamlar däl, şol sebäpli dil gitdigiçe üýtgeşik ýerlere gidýär we umumy gatnaşyklar gaty kynlaşýar, adamlar kemakyllaşýar, samsyk gürleýär. Meselem türkde-de şol mesele bar, türkçe gürläp bilmeýänleri masgaralaýarlar "bar git ilki türkçe öwren" diýýärler; sebäbi ol ýerde-de gaty ýoýulyp gürleşilýär.
seneca
19 Oktýabr 2023
Sosial ulgamlardaky ýazuw görnüşlerini görseňiz diýjek bolýanyma düşünersiňiz, käbiri 2 sözi çatybam bilenok, sözler howada gaýýar. Rus-türkmen, türk-türkmen garyşygy gürleýäris, sözleri diýip bilemzok, ýoýýarys.
seneca
19 Oktýabr 2023
Bir milletiň iň esasy aýratynlygy dildir. Köp liderleriňem aýdyşy ýaly, eger bir milleti çökertjek bolsaňyz ilki dilinden başlamaly. Sebäbi dil has gowy zatlary döredip, has gowy netijeler berer, has gowy gatnaşyk döreder. Emma bizde welin bu ýagdaý biraz gorkunç, arassa gürläp bilýänler gaty az.
seneca
19 Oktýabr 2023
Esasanam araplaryň täsiri bize gaty uludyr. Meselem biziň "medeniýet", "syýasat", "häkimiýet", "edebiýat" ýaly sözler arap sözleridir, we birtopar adymyz arap-pars atlardyr. Türkleriň dili kän ýoýulmasa-da biziňki ruslar tarapyndan ýoýuldy. Hatda ruslar XX asyrda esasy ýörite şuňa-da üns berdiler.
seneca
19 Oktýabr 2023
Hiç bir diliňem anyk görnüşi (üýtgemedik) ýokdur. Hemme dilem sähelem bolsa üýtgändir. Sebäbi jemgyýetler, milletler, halklar mydama gatnaşygyň içinde we netijede dili, dini, medeniýeti, maddy we ruhy gymmatlyklary paýlaşýarlar. Meselem şuwagtky türkmen (we türk) dili esasy arap, pars, we rus diliniň garyşmagyndan dörän dildir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.