Hanoýyň täsin myhmanhanasy
Dünýädäki ilkinji altyn çaýylan myhmanhana Wýetnamyň paýtagty bolan Hanoýda ýerleşýär. «Dolce Hanoi Golden Lake» diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp myhmanhana «Altyn köl» ady bilen hem meşhurdyr. Binanyň içi-de, daşy-da altyn bilen örtülendir.
Täsin desganyň daşyna 1 tonna golaý altyn sarp edilipdir. 25 gata barabar bolan özboluşly myhmanhana 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda açylypdyr. Myhmanhanada 342 sany biri-birinden tapawutlanýan döwrebap myhman otaglar ýerleşdirilipdir.
Şeýle-de, myhmanhananyň 12-nji gatynda ýygnaklar we konferensiýalar üçin döredilen ýörite giň zallar bardyr. «Dolce Hanoi Golden Lake» myhmanhanasynyň özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen dünýäniň abraýly baýraklarynyň birnäçesine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeklik zerurdyr.