Gözüň görejine zyýanly iýmitler
Bilşimiz ýaly, kompýuteriň öňünde uzak wagtlap oturmagyň ýa-da yzygiderli telefona, telewizora seretmegiň, olardan gelýän şöhleleriň gözüň görejine zyýanlydygyny bilýäris. Emma käbir gündelik durmuşymyzda peýdalanýan iýmitlerimiziň gözüň görejine zyýany barada hatda pikir hem edilmeýär.
1.Ak çörek, 2.Kofe 3.Alkagol 4.Duz 5.Un we unaş önümleri 6.Buzgaýmak 7.Gowrulan iýmitler 8.Gazly suw we çips önümleriniň gözüň görejine zyýanlydygyny ylym tassyklady.
Alkagol. Alkagol içgileriniň içilmegi gözüň nerw öýjüklerini öldürýär, çalt ýadamagyna, yzly-yzyna ýaşarmagyna sebäp bolýar. Alkagol içgileri göz almasyndaky gan basyşy ýokarlandyrýar, göze barýan damarlaryň ýoluny giňeldýär. Netijede, dolulygyna görejiň ýitmegine getirýär.
Un we unaş önümleri köp mukdarda özünde krahmal saklaýar, krahmalyň köp kabul edilmegi iýmit siňdirişde insulinyň köp bölünip çykmagyna getirýär. Krahmalyň aşa köp siňdirilmegi gözüň görejine täsir edýän baglaýjy beloklaryň mukdarynyň peselmegine getirýär.
Uglewody köp saklaýan iýmitler. Olaryň üznüksiz iýilmegi howa şertlerine baglylykda göz almasyndaky retinanyň merkezi bölegi bolan makulanyň işini bozýar. Şeýle iýmitleri çäkli iýmek maslahat berilýär.
Gazly suw, çipsi önümleri diňe göze däl, eýsem, aşgazan-içege ýollarynda ýaralary döredýär. Tutuş bedeniň saglygyna zyýan ýetirýär.