kays
14.10.2023 00:32

Dünýe-hä owadan,

Durmuş jadyly.

Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.

Ýöne bolýan oýunlara syn edip,

Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.


Namart merde sapak berer sakyrdap,

Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.

Paýhas päki dek ýiti danalar

Akmakdan utanyp derlär oturar.


Düýnem ýaradana jort atyp ýören

Bu gün selle oranandyr başyna.

Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,

Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.


Bir gün geň galarsyň... Iki gün...

Üç gün...

Dördünji gün öwrenişer gidersiň.

Bäşinji gün biri alnyňdan çykar

Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.


Märekä baş egip, salam berýändir,

On adam barýandyr daşyny gallap.

Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,

Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.

Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —

Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...

Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,

Yzynda märeke,

Daşynda sakçy.


Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,

Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.

Bir gün geçer,

Iki... üç... dört gün geçer,

Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.


Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa

Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.

Soňkusy gün at diýseler eşege,

Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.


Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,

Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.

Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,

Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.


Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,

Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.

Ýöne bolýan oýunlara syn edip,

Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.


Berdinazar Hudaýnazarow

30
65
kays
13.10.2023 23:06

Perişdeler, bagtyň nämedigini düşünmeýän adamzada sapak bermegi isläpdirler. Olar: "Bagty gizläp goýaly, gizlände şeýlebir gizläli welin goý ony aňsatlyk bilen tapyp bolmajak ýerde gizläliň. Netijede adam ony gözlesin, tapmaga urunsun, kösensin we ahyrynda bagtyň gadyryna ýetsin", diýipdirler. Elbetde bu işiň etmek wagtynda aňsat bolmajagyny düşünipdirler we ýer ýüzünde bagty gizläp goýmaga mynasyp ýer tapyp bilmändirler. Ahyry soň perişdeler bagty adamyň kalbynyň düýbünde gizlemegi ýüregine düwüpdirler. Çünki ony gözlände, öz içine nazar salmak hiç kimiň aklyna gelmez diýipdir...

Eger bagtly bolmagy isleseň,ýüzüňi öz kalbyňa öwür! Başga ýerlerden, başgalardan gözleýän zadyň aslynda öz eliňde!

30
188
kays
29.07.2023 23:38

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegleriň bilen ganatly guş men.

Asman bilen zemin gapyşan çagy,

Seniň dilegleňden tapýaryn yş men.


Sen maňa ýene-de, dileg et, Käbäm,

Säherde-sabada, şamda-şapakda.

Seniň bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,

Panynyň silleri galýar topukda.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Diýäýme:"Kemiň ýok, ýetenok nämäň?!"

Dilegleň dergähde kabul bolanda,

Nuhuň tupanyna döz geler gämäm.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.

Seniň keramatyň doga-dilegiň,

Peýkamlaryň oklaryna galkandyr.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegde ulalyp oňalanyň men.

Dilegleň bolmasa dünýäň hubbatyn,

Mähribanym, nädip oňaraýyn men ?!

40
416
kays
28.07.2023 10:39

Sosial ulgamdan peýdalanýanlary Hytaýdan bolan sekiz ýaşly gyzjagaz öz ukyby bilen haýrana goýdy, ol diwarda emgenmän gezip ýör diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.


Suratda gyzyň diwarda oturyp, ejesi bilen telewizora tomaşa edýändigi görünýär. Ejesi onuň beýle ukybyny ilkinji gezek görýändiklerini, haýran galandyklaryny gürrüň berýär.


Gyzjagazyň özi öýüň potologyna iki diwaryň burçundan ýapyşyp çykandygyny, munuň kyn iş däldigini gürrüň berýär. Ejesi gyzynyň hemişe-de batyr bolandygyny, kakasy onuň dört ýaşynda aşyrym atmagy öwrenendigini aýdýar.


Emma muňa garamazdan, ene-atasy çaga diwarlarda gezip ýörmegi gadagan etdiler, sebäbi onuň şikes almagy mümkin. Internetde welin, gyzy super- gahrymana meňzedip: «Ol Möý-adamyň hytaý nusgasy» diýip ýazdylar.



Çeşme : turkmenportal.com täzelikleri

43
219
kays
25.07.2023 23:42

Ana şonda meni öldi biläýgin !



Haçan-da köneje duşan ýermizden,

Geçen wagtyň gözleriňi ýumaýgyn.

Meni taşlap, aýra düşen günmüzden,

Saňa bolan mähir, söndi biläýgin.


Ý.Allabaýew


Seni ýüregimden söýenim bilip,

Meni goýup, gidip bilseň gidäýgin,

Bu gün bolsa meniň ýüregim dilip,

Başga birin söýüp bilseň söýäýgin.


Hyýallaryň bir gün göwnüňden göçse,

Aýralygy sowgat etseň edäýgin.

Maňa bolan söýgiň düýbünden öçse,

Saňa bolan ynam, söndi biläýgin.


Ýüregiň başgany söýenni bilsem,

Men seni söýemok diýseň diýäýgin,

Emma seni özge gujakda görsem,

Ana şonda meni öldi biläýgin.


A.Jumamyradow

35
785
kays
24.07.2023 22:07

Özüňe_ynan


Kyn günlerde ýeke galan pursadyň,

Saňa senden başga elin sermedi.

Bar güýjüňi sen özüňe bersediň,

Ýykylaňda, ýeke Alla dözmedi.


Aýaga gal, ýykylanyň möhüm däl,

Esasy zat, saňa başlamak gerek.

Öz maksadyň bolsun, gowy bolsun päl,

Sen özüňe ynan, ýalbarm:a derek.


Giç bolmanka başla, wagt gidip dur,

Gulak salma, göripleriň sözüne.

Ýeňişe eltýän zat diňe ynamdyr,

Ädim ät, durmuşda ynan özüňe.


Bar ajyňy sen güýjüňe öwürseň,

Ana şonda kellä geler pikirler.

Dowam etseň, netijäňi görersiň,

Haýran galsyn düýnki:"Etme" diýenler.


Ýalňyşsaňda hiç umydyň ýitirme,

Ýalňyşmaýan adam ýetmez ýeňişe.

Maksat goý öňüňde, bikär oturma,

Diňe öňe seret, seret geljege !

31
88
kays
23.07.2023 00:40

Oturşmada gyz bilen tanyşjak bolan oglan gyza şeýle diýýär:

Oglan :

- Ooo owadan bolupsyňyz bu gün.

Gyzam:

-Bular ýaly owadan bolmak üçin Fransiýadan 3 sany styles, Türkiýadan 5 sany modelny fasonçylar geldi.

Sizem owadan bolupsyňyz bu gün.

Oglan:

- Hä menä diňe suwa düşäýdim🤣🤣

53
542
kays
22.07.2023 00:23

Işewir kişi dellekhanada saçyny oňardyýardy. Sertaraş bilen gepi


alyşypdy. Şol barmana gapynyň öňünden geçip barýan oglanjygy gören


sertaraş, işewiriň gulagyna pyşyrdady, “Şol oglan bara,dünýäniň iň


samsyk çagalaryndan biri! Seret, häzir...” Sertaraş oglanjyga seslendi:


“Eý, hany bärik gel!”. Oglanjyk ýuwaşlyk bilen dellekhana girdi we


samsyklyga salyp güldi-de, salam berdi.Sertaraş işewiriň gulagyna


“Seret indi” diýip pyşyrdady-da, soň bir eline müňlük, beýlekisine-de


bäş müňlük alyp, oglanjyga seretdi: “Haýsyny isleseň alyp bilersiň!”


diýdi. Oglanjyk pullara siňe seretdi-de, müňlügi


çekip aldy. Sertaraş işewire seredip güldi: “Gördüňmi? Men saňa


diýipdim” diýdi. Işewir saçyny oňardyp bolansoň köçä çykdy, oýnap


ýören ýaňky oglanjygy gördi. Ýanyna baryp, ondan ýaňy näme üçin bäş


müňlük dälde, müňlügi


alandygyny sorady. Oglanjyk ýeserlik bilen: “Eger bäş müňlügi alsam


oýun gutarar!” diýdi.

31
126
kays
20.07.2023 22:32

Ýa döwür üýtgedi, ýa-da adamlar,

Her kim öz nebsine ýeňilip barýar.

Mukaddes saýylýan, söýgiň gymmaty,

Çagaň oýunjagyna deňelip barýar.


Toý-ýasyňa, tanyşlaň ir gelerdi,

Kyn günüň ýanyňa dost-ýar gelerdi,

Bolmanda, gapyňdan hossar gelerdi,

Dogan, garyndaşam kemelip barýar.


Namardy kän eken, dünýäň merdinden,

Kyn işleri, düşürdiler gerdenden,

Iki ýüzli, ýalançylaň derdinden,

Sadalaram ýüpsiz daňylyp barýar.


Öňler ähli zadyň bardy çyzygy,

Geçýän günleriňem gaçdy gyzygy,

Indi, adamlaryň adamçylygy,

Adamlaň özünden öň ölüp barýar.


Kuwwat_Ýazmuhammedow

37
326
kays
19.07.2023 09:16

1. YNANÇ - Bir gezek tutuş bir obanyň adamlary gurakçylykdan ýaňa Hudaýdan ýagmyr diläp, doga etmeli diýen netijä gelipdirler. Bellenen gün adamlar toplanypdyr, ýöne olaryň içinde diňe bir oglanjyk eli saýawanly gelen eken. BU YNANÇDYR.


2. YNAM - Kiçijek çagajygy ýokaryk oklasaň, ol gülýändir, sebäbi kakasynyň gapjakdygyny bilýändir. BU YNAMDYR.


3. UMYT - Her gije ýatanymyzda ertir oýanjagymyz näbelli. Ýöne şonda-da biz irdene sagat gurup ýatýarys. BU UMYTDYR.

40
135