kays
29.07.2023 23:38

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegleriň bilen ganatly guş men.

Asman bilen zemin gapyşan çagy,

Seniň dilegleňden tapýaryn yş men.


Sen maňa ýene-de, dileg et, Käbäm,

Säherde-sabada, şamda-şapakda.

Seniň bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,

Panynyň silleri galýar topukda.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Diýäýme:"Kemiň ýok, ýetenok nämäň?!"

Dilegleň dergähde kabul bolanda,

Nuhuň tupanyna döz geler gämäm.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.

Seniň keramatyň doga-dilegiň,

Peýkamlaryň oklaryna galkandyr.


Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegde ulalyp oňalanyň men.

Dilegleň bolmasa dünýäň hubbatyn,

Mähribanym, nädip oňaraýyn men ?!

40
416
7375
23 Oktýabr 2023
Gowy goşgy👍👏
gouja
8 Oktýabr 2023
Aloooo
razyyewa
30 Sentýabr 2023
Diysen gowy gosgy
milasxka
11 Awgust 2023
@owadanym, 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.