kays
14.10.2023 00:32

Dünýe-hä owadan,

Durmuş jadyly.

Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.

Ýöne bolýan oýunlara syn edip,

Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.


Namart merde sapak berer sakyrdap,

Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.

Paýhas päki dek ýiti danalar

Akmakdan utanyp derlär oturar.


Düýnem ýaradana jort atyp ýören

Bu gün selle oranandyr başyna.

Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,

Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.


Bir gün geň galarsyň... Iki gün...

Üç gün...

Dördünji gün öwrenişer gidersiň.

Bäşinji gün biri alnyňdan çykar

Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.


Märekä baş egip, salam berýändir,

On adam barýandyr daşyny gallap.

Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,

Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.

Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —

Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...

Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,

Yzynda märeke,

Daşynda sakçy.


Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,

Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.

Bir gün geçer,

Iki... üç... dört gün geçer,

Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.


Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa

Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.

Soňkusy gün at diýseler eşege,

Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.


Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,

Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.

Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,

Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.


Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,

Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.

Ýöne bolýan oýunlara syn edip,

Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.


Berdinazar Hudaýnazarow

30
65
dmoo
14 Oktýabr 2023
Gowy goşgy ýone dünki garyp bu gun baýasa ýa dünki arak içip ýoren bu gun namaz okap ýören bolsa geň gormeli dälmikä diýän bu gowulygyň alamaty tersine bolsa geň görmeli
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.