kays
28.07.2023 10:39

Sosial ulgamdan peýdalanýanlary Hytaýdan bolan sekiz ýaşly gyzjagaz öz ukyby bilen haýrana goýdy, ol diwarda emgenmän gezip ýör diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.


Suratda gyzyň diwarda oturyp, ejesi bilen telewizora tomaşa edýändigi görünýär. Ejesi onuň beýle ukybyny ilkinji gezek görýändiklerini, haýran galandyklaryny gürrüň berýär.


Gyzjagazyň özi öýüň potologyna iki diwaryň burçundan ýapyşyp çykandygyny, munuň kyn iş däldigini gürrüň berýär. Ejesi gyzynyň hemişe-de batyr bolandygyny, kakasy onuň dört ýaşynda aşyrym atmagy öwrenendigini aýdýar.


Emma muňa garamazdan, ene-atasy çaga diwarlarda gezip ýörmegi gadagan etdiler, sebäbi onuň şikes almagy mümkin. Internetde welin, gyzy super- gahrymana meňzedip: «Ol Möý-adamyň hytaý nusgasy» diýip ýazdylar.



Çeşme : turkmenportal.com täzelikleri

43
219
dort
30 Iýul 2023
Gowreli wagty moy iyendr sona menzandr
wolf
28 Iýul 2023
Garlawaç buha bela yaly däl möý yaly😄
Miss_Minnosh❤️
28 Iýul 2023
@garlawac_, 😄😄😄👍🏻hakyky
Miss_Minnosh❤️
28 Iýul 2023
👍🏻👍🏻
aikamm
28 Iýul 2023
Wow gowdygny bizede sonyali ukyp bolaymala
wolf
28 Iýul 2023
Spider-girl 😮👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.