kamil
18.06.2024 15:04
Pul barada siziň ynançlaryňyz nähili?
"Siziň häzirki ýagdaýyňyz öňki ynançlaryňyz sebäplidir" diýen jümlä köp biznes žanr ýazyjylaryň eserlerinde duş gelinýär. Käbirleriniň ynanjyna görä pul erbetlige eltýär, azdyrjy zat we ş.m. bolsa, başga tarapdanam üstünlige ýeten adamlaryň ynanjy asla bular ýaly däl. Elbetde, olar pul üçin işlänok, ýa-da puly durmuşynyň iň wajyp zady hökmünde hem görenok. Olaryň pul barada garaýyşlary
garyp düşünjelileriňkiden düýbünden tapawutlanýar: "Sen näçe baý bolsaň, şonça-da köp haýyr sahawat işini edip bilýärsiň". " Pul-mümkinçilik" we ş.m.
Ynançlar nähili bolaýanda-da olaryň üýtgeýjiligi hemmäni begendirýän ýagdaýdyr.
Ynanjy stol görnüşinde göz öňüne getireliň. 4 sany aýagy bolsa stoly goldaýjylar. Ynanç bilen baglanyşdyranymyzda bolsa 4 sany tejribe. Ol tejribeler bolsa şol ynanjy goldaýarlar. Meselem, kimdir biri siziň barýan ugruňyzda şowsuzlyga uçrady diýeliň. Sizde hem özüňize ýeterlik ynamyňyz bolmasa, şowsuzlyga uçranlaryň sanyny köpeldip, "şowsuzlyk ynanjynyň" aýaklaryny berkidýärsiňiz. Netijede öz ynanjyňyz sebäpli hakykatdanam şowsuzlyga uçraýarsyňyz.
Onda pul barada dogry ynanjy nädip döretmeli?
Ilki bilen öňki ýalňyş düşünjelerimiziň hakykatdan-da ýalňyşdygy barada ynanjy döretmeli. Olaryň döremeginiň sebäbi näme? Sebäp hökman tapylar. Şol ýalňyş düşünjäni aýyrsaňyz size howp abanarmy?
Dogry analiz edeniňizden soň, pul barada dogry ynanjy döretmek üçin hem 4 aýakly stoly ulanyp bileris. Pulyň mümkinçiliklerini göz öňüňize getiriň. Haýyr sahawat, islendik ýeriňe syýahat, arzuwyňyzdaky tanyşlyklar, ýaş telekiçelere goldaw .. bularyň hemmesi baý adamlara mahsus. Şolaryň 4-si stol üçin ýeterlikdir.
Bu aýdylanlara garamazdan, pul barada ýalňyş düşünjeli jemgyýetde önüp-ösen adamyň dogry düşünjeli bolmagy, elbetde ýeňil bolmaz. Ýöne ösen aňly jemgyýete goşulyşmak, üstünlikli adamlaryň durmuşy bilen gyzyklanmak, biznes edebiýatlary okamak we Audikitden audiokitaplary diňlemek arkaly bu prosesi ýeňilleşdirip bolar.
6
38
kamil
12.05.2024 06:23
...öňki men nirede? Ýogsam, mekdep döwründe iň görelde okuwçylaryň arasyndadym. Mugallymlaram, ejemem, kakamam, ulylar hem menden hoşaldy, hemişe öwgüli sözler aýdýardylar. Indi bolsa...
Bular ýaly ýagdaý häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda örän köp duş gelýär. Ýagdaýyň sebäbini elbetde diňe bir zatdan gözläp bolmaz. Täsir edýän faktorlar köp: maşgala, jemgyýet, sosial media, köçe,..., jogapkärçilik... Hawa, jogapkärçilik barada aýdaýyn. Bu ynsanda kiçi mekdep ýaşlarynda ýüze çykyp başlaýar. Soňlugy bilen has hem berkeýär. Şol sebäpli okuwçylar özlerine tabşyrylan ýumuşlary gyşarnyksyz berjaý etjek bolýarlar. Jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna düşünýärler. Netijede belli bir derejede üstünlige hem ýetýärler. Ýöne bu ýagdaý hemişe gaýtalanyp durmaýar. Ynsan ulaldygyça jogapkärçilik duýgusy peselmek bilen bolýar, has hem mekdebi tamamlandan soň. Bu ýagdaý hem makalanyň başyndaky soraglary döredýär. Onda näme etmeli?
Elbetde, jogapkärçilik duýgusyny gaýtaryp getirmeli. Näçe kyn bolsa-da özümiziň erksizdigimizi boýun alyp, öz dostumyza, ýakynlarymyza azda kände jogapkärli bolmaklyga synanyşmaly. Ýakynlaryňyza sizi kontrol etmegi tabşyryň. Bellemeli ýeri, şol kontrol edýäniň hem maksatlary, dünýägaraýşy özüňiz ýaly üstünlikli bolmaga synanyşýan görnüşde bolsa ýerlikli bolar. Oňa öz netijeleriňiz barada hasabat berip duruň. Netijäni görersiňiz.
13
30
kamil
22.04.2024 11:10
Hel Elrodyň \"Säheriň jadysy\" ( Магия утра) kitaby gürrüňsiz iň gowy bestsellerleriň arasyndadyr. Kitabyň başy köp kitaplara mahsus bolan durmuşy üýtgediji pajygaly wakadan, has dogrusy Hel Elrodyň awtoulag heläkçilige uçramagy bilen başlaýar. Ýöne bir tapawudy Hel bu wakadan öň hem köplere görä üstünlikli adamdy (20 ýaşynda uly bir kompaniýada satyn menejeri).
Soňra öz durmuş tejribesine esaslanyp öňküsinden has üstünlikli bolmagynyň sebäbini düşündirýär, ýagny irden turmagyň nähili peýdalydygyny. Geçirilen seljermelere görä günüň ilkinji sagady şol güni nähili geçirjekdigimize esaslanýandyr. Irden turup güne pozitiw, şadyýan başlamagyň adamy beýik sepgitlere ýetirjekdigi hem hakykata ýakyndyr.
Köp adamlara kiçilikde geniý, akylly, wunderkid, talant... ýaly sözleriň mahsusdygy köpümize mälimdir. Hel Elrod hem adamlar ulalanda şol aýratynlyklaryň nirä gidýändigine ýüzlenýär. 95% adamlar adaty ýagdaýda ýaşaýarlar. Olar özlerini kämilleşdirmän hem şol kiçilikdäki aýratynlyklaryny ýitirýärler. Kitapda aýdylan esasy pikirleriň biri: \" Ynsan belli bir sepgide, üstünlige diňe şoňa şahsy kämillik taýdan mynasyp bolanda ýetýär\". Awtor adamlaryň kiçilikdäki aýratynlyklaryny ýitirmän, öz potensialyny doly ulanyp, şahsyýetini kämilleşdirip, üstünlikli adam bolmaklary üçin SAVERS (goraýjylar) usulyny hödürleýär. Günüň ilkinji sagadyny şu usul bilen geçirmegiň peýdasy durmuşy mysallar arkaly beýan edilýär.
Kitapda bulardan başga-da özüňi kämilleşdirmeklige degişli birnäçe peýdaly maslahatlar berilýär: irden turmak endiginden tä islendik endigi edinmeklige çenli...
Umuman aýdara zat kän, örän peýdaly kitap. Metodlary durmuşa geçirseň 99% üstünlik ýaryňyz bolar.
P.S. Kitap rus, Iňlis dillerinde bar. Kime gerek bolsa gmail adres ýazaýyň.
17
34
kamil
19.03.2024 18:48
Irden wagtynda, rahat, şähdaçyk oýanmak her kime başardýan zat däl bolsa gerek. Muny başarmak bolsa durmuşda öz arzuwyndaky işini edinen ynsanlara mahsusdyr. Ýöne biziň hem öz arzuwymyzdaky durmuşda ýaşamagymyzda güne nähili başlaýşymyzyň täsiri bardyr. Güne şähdaçyk başlamagymyzda iň uly kynçylyk hem, elbetde, şüýjije ukyny terk etmekdir.
Bu aşakdaky usullar güne şähdaçyk, maksadaokgunly başlamagymyzdaky iň uly kynçylygy ýeňmeklige kömek edip biler:
1. Gije ýatmazdan ozal, irden turanyňyzda özüňizi gowy duýjakdygyňyzy aňyňyza ornaşdyryň. Geçirilen synaglara görä näçe sagat uklanyňyza garamazdan, isle 4 sagat ýat, isle 9 sagat,  irden oýananda kelläňize gelýän ilkinji pikir günüňizi nähili geçirjekdigiňizi   kesgitleýär. Ilkinji pikir hem gije uklamazdan öňki pikirleriňizdir. Ýagny, 4 sagat uklap hem ertirimi gowy, aktiw, energiýaly geçirip bilerin diýip aňyňyza ornaşdyrsaňyz günüňiz şeýle-de bolar. Emma 9 sagat uklap hem erbet düşünje ornaşdyrsaňyz, elbetde ýadaw oýanarsyňyz, netijede günüňiz hem ýadaw geçer.
2. Budilnigi uzakda goýuň. Muny etmek bilen siz ukydan açylmaklyga has ýakynlaşýarsyňyz. Beýniňiz bilen bilelikde bedeniňizem oýanyp başlaýar.
3. Dişiňizi ýuwuň. Ýüzüňizi ýuwanyňyzda mylaýym suw oýanmak derejäňizi hasam gowulaşdyrar. Şeýle-de diş pastasynyň mýatny tagamy hem belli bir derejede täsir edýär.
4. Suw içiň. Suw oýanmak üçin iň zerur zatlaryň biridir. Oýanmak derejäňiz soňky tapgyrlarynda bolýar.
5. Maşk ediň. Öňki tapgyrlaryň üstüne maşk hem goşulsa ukudan açylyşmak derejäňiz 60-70% bolup biler. Maşk etmek arkaly özüňize bolan ynamyňyz, durmuşa höwesiňiz artar.
Bular, yzygiderlilikde ýerine ýetirilse, öz öňde goýan maksatlaryňyza ynamly ädimleriň iň möhümleri, ýagny ilkinjileridir.
20
38
kamil
05.03.2024 08:36
Belli psiholog-pedagog zenan Kerol Dwegiň  "Aklyňy iň dogry şekilde ulan" atly bestseller kitaby birnäçe adamyň durmuşyny üýtgedendigi, has dogrusy gözelleşdirindigi gürrüňsizdir. Kitapda esasan iki düşünje: dogabitdi we kämilleşýän düşünjeler barada gözleg işleriniň netijesine esaslanan maglumatlar berilýär.
Adamlaryň iki görnüşi bar: ynsanyň ukyplary, başarnyklary dogabitdi, üýtgewsiz diýýänler we ynsan hemişe kämilleşip bilýär diýýänler.
Käbir okuwçylaryň pikiriçe  sen ýa-ha zehinli ýa-da zehinsiz. Mekdepde alýan bahalaryň seniň nähilidigi görkezýär. Olar üýtgewsiz. Zehinsizlik, şowsuzlyk saňa basylan tagma. Bu diňe şowsuz, zehinsiz çagalara degişli däl. Zehinlilerem men zehinli, üstünlikli, diňe men ukyply diýip pikir edýärler. Has erbedem olar sähel şowsuzlyga uçrasalar, olar üçin dünýäniň soňy. Ilki özünden başga hemmeleri günäkärlärler, soňra depressiýa düşüp, özlerini ile gereksiz diýip pikirlenip başlaýarlar. Bu aýdylanlar diňe okuwçylara däl, eýsem türgenler, mugallymlar, telekeçiler, işewürler, direktorlar, tälimçiler....umuman "dogabitdi" düşünjelileriň hemmesine mahsus.
Bular ýaly ýagdaýlarda "kämilleşýän" düşünjelileriň düşünjeleri dogry şekilde bolýar: üstünlik bu üznüksiz kämilleşmegiň netijesi, islendik bir şowsuzlyk bu geljekki üstünliklere tarap ajyja ädim.  Olar şowsuzlyga uçrasalaram dowam edip, ahyrsoňy üstünlige ýetmegi başarýarlar. Kitapda ýokarky aýdylanlary tassyklaýan, hakyky wakalara esaslanýan mysallar getirilen. Ahyrky netijede hem hemişe "kämilleşmeli" diýen düşünjelileriň "dogabitdi" düşünjelilere görä has bagtly ýaşaýandyklaryna göz ýetirse bolar.
P.S. Kitaby okamak isleseňiz gmail adresiňizi goýaýyň teswirde.
23
67
kamil
24.02.2024 22:33

1.Arzuwlaryňy sizi gorkuzmaýan bolsa, kiçiligidir. (Riçard Brenson)


2.Islegleriňize seresap çemeleşiň, amala aşmagy ahmal.


3.Üstünlige ýeteniňde kelläň aşakda bolsun, şowsuzlyga uçranyňda-da ýokarda.

27
44
kamil
23.02.2024 14:48
Geçmişe gynanmaýan, gelejek barada aladalanmaýan, şu gününe-de şükür edýän ynsan bagtlydyr.

#Margulan Seýsimbaý
22
53
kamil
22.02.2024 21:33
Eger-de ynsan bolýan ýagdaýlarda kimdir birini günäkärleýän bolsa, ol ýoluň başyndadyr. Eger özüni günäkärleýän bolsa, (kämillik) ýolunyň ortasyndadyr. Hiç kimi günäkärlemese kämildir, bagtlydyr, rahatdyr. Ol eýýäm durmuşa düşünen ynsandyr.
20
64
kamil
01.02.2024 14:56

2012-nji ýylda “US Açyk” finalynda ýeňiji bolandan soň, Iňlis tennisçisi Endi Marreý çagasynyň gymmat bejergi gerekdigini aýdan bir aýala 100 000 dollar peşgeş berdi. Aýal Marreýe oglunyň seýrek keselden ejir çekýändigini we gyssagly operasiýa gerekdigini aýtdy. Çaganyň ýagdaýyna duýgulanan Marreý kömek etmäge razylaşypdyr.


Gynansak-da , Marreý haýyr-sahawat bereninden soň, gysga wagtyň içinde aýalyň kezzapdygy ýüze çykaryldy. Aslynda çagasam ýok eken we Marreýiň puluny şahsy zerurlyklary üçin ulanypdyr.


Žurnalist Marreýe aýalyň kezzaplygyny aýdanda, tennisçi şeýle jogap berdi:


“Näsag çagalar bolmasa, sen maňa iň gowy habary berdiň. Munuň beýle däldigine gaty begenýärin. Çaga hakyky bolsa, özümi gaty erbet duýardym. Ýöne näsag çaganyň ýoklugy sebäpli, pulumyň gowy bir zada gidendigine begenýärin. "


Marreý bu barada habar alanda, birbada haýran hem galýar we lapykeç bolýar. Ol özüniň "aldanandygyny" we wakanyň "gaty uly sapak" bolandygyny hem aýtýar.


Marreý, mätäç adamlara hatda aldansa-da kömek etjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Ol sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:


“Men hemişe mätäçlere kömek ederin. Bu wakanyň meni saklamagyny islämok. Dogry hasaplaýan zadymy etmegi dowam etdirerin ".

19
22
kamil
30.01.2024 22:46
Garward uniwersitetinde şeýleräk tejribe geçirýärler. Hawa, hemişeki ýaly alakalar bilen. Olary suwly gaba oklaýarlar. Gynansaňyzam, gynanmasaňyzam alakalar 15 minutdan ölüpdirler. Soňra ýene başga-da birnäçe alakalary suwly gaba salyp, wagt tutýarlar. 15 minuda golaýlaşanda, ýagny 14 minut töweregi wagt geçensoň olary suwdan çykarypdyrlar. Olar diri. Şol bir alakalary biraz wagtdan soňra ýene-de suwly gaba oklaýarlar. Indi näçe wagt diri galyp bilerlerkä? Alnan netije hemmeleri haýran galdyrýar: tutuş 60 sagatlap ýaňky alakalar diri galypdyr. Olary şunça wagtlap diri galdyran zat nämekä?
Elbetde postuň ady! Umyt sebäpli alakalar başdaky ýagdaýdan 240 esse köp çydam edipdirler, ýaşapdyrlar.
Moral: Umydyňyzy ýitirmäň!!! (ýogsam 240 esse ir ölersiňiz :)
10
28