...öňki men nirede? Ýogsam, mekdep döwründe iň görelde okuwçylaryň arasyndadym. Mugallymlaram, ejemem, kakamam, ulylar hem menden hoşaldy, hemişe öwgüli sözler aýdýardylar. Indi bolsa...
Bular ýaly ýagdaý häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda örän köp duş gelýär. Ýagdaýyň sebäbini elbetde diňe bir zatdan gözläp bolmaz. Täsir edýän faktorlar köp: maşgala, jemgyýet, sosial media, köçe,..., jogapkärçilik... Hawa, jogapkärçilik barada aýdaýyn. Bu ynsanda kiçi mekdep ýaşlarynda ýüze çykyp başlaýar. Soňlugy bilen has hem berkeýär. Şol sebäpli okuwçylar özlerine tabşyrylan ýumuşlary gyşarnyksyz berjaý etjek bolýarlar. Jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna düşünýärler. Netijede belli bir derejede üstünlige hem ýetýärler. Ýöne bu ýagdaý hemişe gaýtalanyp durmaýar. Ynsan ulaldygyça jogapkärçilik duýgusy peselmek bilen bolýar, has hem mekdebi tamamlandan soň. Bu ýagdaý hem makalanyň başyndaky soraglary döredýär. Onda näme etmeli?
Elbetde, jogapkärçilik duýgusyny gaýtaryp getirmeli. Näçe kyn bolsa-da özümiziň erksizdigimizi boýun alyp, öz dostumyza, ýakynlarymyza azda kände jogapkärli bolmaklyga synanyşmaly. Ýakynlaryňyza sizi kontrol etmegi tabşyryň. Bellemeli ýeri, şol kontrol edýäniň hem maksatlary, dünýägaraýşy özüňiz ýaly üstünlikli bolmaga synanyşýan görnüşde bolsa ýerlikli bolar. Oňa öz netijeleriňiz barada hasabat berip duruň. Netijäni görersiňiz.