Irden wagtynda, rahat, şähdaçyk oýanmak her kime başardýan zat däl bolsa gerek. Muny başarmak bolsa durmuşda öz arzuwyndaky işini edinen ynsanlara mahsusdyr. Ýöne biziň hem öz arzuwymyzdaky durmuşda ýaşamagymyzda güne nähili başlaýşymyzyň täsiri bardyr. Güne şähdaçyk başlamagymyzda iň uly kynçylyk hem, elbetde, şüýjije ukyny terk etmekdir.
Bu aşakdaky usullar güne şähdaçyk, maksadaokgunly başlamagymyzdaky iň uly kynçylygy ýeňmeklige kömek edip biler:
1. Gije ýatmazdan ozal, irden turanyňyzda özüňizi gowy duýjakdygyňyzy aňyňyza ornaşdyryň. Geçirilen synaglara görä näçe sagat uklanyňyza garamazdan, isle 4 sagat ýat, isle 9 sagat, irden oýananda kelläňize gelýän ilkinji pikir günüňizi nähili geçirjekdigiňizi kesgitleýär. Ilkinji pikir hem gije uklamazdan öňki pikirleriňizdir. Ýagny, 4 sagat uklap hem ertirimi gowy, aktiw, energiýaly geçirip bilerin diýip aňyňyza ornaşdyrsaňyz günüňiz şeýle-de bolar. Emma 9 sagat uklap hem erbet düşünje ornaşdyrsaňyz, elbetde ýadaw oýanarsyňyz, netijede günüňiz hem ýadaw geçer.
2. Budilnigi uzakda goýuň. Muny etmek bilen siz ukydan açylmaklyga has ýakynlaşýarsyňyz. Beýniňiz bilen bilelikde bedeniňizem oýanyp başlaýar.
3. Dişiňizi ýuwuň. Ýüzüňizi ýuwanyňyzda mylaýym suw oýanmak derejäňizi hasam gowulaşdyrar. Şeýle-de diş pastasynyň mýatny tagamy hem belli bir derejede täsir edýär.
4. Suw içiň. Suw oýanmak üçin iň zerur zatlaryň biridir. Oýanmak derejäňiz soňky tapgyrlarynda bolýar.
5. Maşk ediň. Öňki tapgyrlaryň üstüne maşk hem goşulsa ukudan açylyşmak derejäňiz 60-70% bolup biler. Maşk etmek arkaly özüňize bolan ynamyňyz, durmuşa höwesiňiz artar.
Bular, yzygiderlilikde ýerine ýetirilse, öz öňde goýan maksatlaryňyza ynamly ädimleriň iň möhümleri, ýagny ilkinjileridir.