Hel Elrodyň \"Säheriň jadysy\" ( Магия утра) kitaby gürrüňsiz iň gowy bestsellerleriň arasyndadyr. Kitabyň başy köp kitaplara mahsus bolan durmuşy üýtgediji pajygaly wakadan, has dogrusy Hel Elrodyň awtoulag heläkçilige uçramagy bilen başlaýar. Ýöne bir tapawudy Hel bu wakadan öň hem köplere görä üstünlikli adamdy (20 ýaşynda uly bir kompaniýada satyn menejeri).
Soňra öz durmuş tejribesine esaslanyp öňküsinden has üstünlikli bolmagynyň sebäbini düşündirýär, ýagny irden turmagyň nähili peýdalydygyny. Geçirilen seljermelere görä günüň ilkinji sagady şol güni nähili geçirjekdigimize esaslanýandyr. Irden turup güne pozitiw, şadyýan başlamagyň adamy beýik sepgitlere ýetirjekdigi hem hakykata ýakyndyr.
Köp adamlara kiçilikde geniý, akylly, wunderkid, talant... ýaly sözleriň mahsusdygy köpümize mälimdir. Hel Elrod hem adamlar ulalanda şol aýratynlyklaryň nirä gidýändigine ýüzlenýär. 95% adamlar adaty ýagdaýda ýaşaýarlar. Olar özlerini kämilleşdirmän hem şol kiçilikdäki aýratynlyklaryny ýitirýärler. Kitapda aýdylan esasy pikirleriň biri: \" Ynsan belli bir sepgide, üstünlige diňe şoňa şahsy kämillik taýdan mynasyp bolanda ýetýär\". Awtor adamlaryň kiçilikdäki aýratynlyklaryny ýitirmän, öz potensialyny doly ulanyp, şahsyýetini kämilleşdirip, üstünlikli adam bolmaklary üçin SAVERS (goraýjylar) usulyny hödürleýär. Günüň ilkinji sagadyny şu usul bilen geçirmegiň peýdasy durmuşy mysallar arkaly beýan edilýär.
Kitapda bulardan başga-da özüňi kämilleşdirmeklige degişli birnäçe peýdaly maslahatlar berilýär: irden turmak endiginden tä islendik endigi edinmeklige çenli...
Umuman aýdara zat kän, örän peýdaly kitap. Metodlary durmuşa geçirseň 99% üstünlik ýaryňyz bolar.
P.S. Kitap rus, Iňlis dillerinde bar. Kime gerek bolsa gmail adres ýazaýyň.