Pul barada siziň ynançlaryňyz nähili?
"Siziň häzirki ýagdaýyňyz öňki ynançlaryňyz sebäplidir" diýen jümlä köp biznes žanr ýazyjylaryň eserlerinde duş gelinýär. Käbirleriniň ynanjyna görä pul erbetlige eltýär, azdyrjy zat we ş.m. bolsa, başga tarapdanam üstünlige ýeten adamlaryň ynanjy asla bular ýaly däl. Elbetde, olar pul üçin işlänok, ýa-da puly durmuşynyň iň wajyp zady hökmünde hem görenok. Olaryň pul barada garaýyşlary
garyp düşünjelileriňkiden düýbünden tapawutlanýar: "Sen näçe baý bolsaň, şonça-da köp haýyr sahawat işini edip bilýärsiň". " Pul-mümkinçilik" we ş.m.
Ynançlar nähili bolaýanda-da olaryň üýtgeýjiligi hemmäni begendirýän ýagdaýdyr.
Ynanjy stol görnüşinde göz öňüne getireliň. 4 sany aýagy bolsa stoly goldaýjylar. Ynanç bilen baglanyşdyranymyzda bolsa 4 sany tejribe. Ol tejribeler bolsa şol ynanjy goldaýarlar. Meselem, kimdir biri siziň barýan ugruňyzda şowsuzlyga uçrady diýeliň. Sizde hem özüňize ýeterlik ynamyňyz bolmasa, şowsuzlyga uçranlaryň sanyny köpeldip, "şowsuzlyk ynanjynyň" aýaklaryny berkidýärsiňiz. Netijede öz ynanjyňyz sebäpli hakykatdanam şowsuzlyga uçraýarsyňyz.
Onda pul barada dogry ynanjy nädip döretmeli?
Ilki bilen öňki ýalňyş düşünjelerimiziň hakykatdan-da ýalňyşdygy barada ynanjy döretmeli. Olaryň döremeginiň sebäbi näme? Sebäp hökman tapylar. Şol ýalňyş düşünjäni aýyrsaňyz size howp abanarmy?
Dogry analiz edeniňizden soň, pul barada dogry ynanjy döretmek üçin hem 4 aýakly stoly ulanyp bileris. Pulyň mümkinçiliklerini göz öňüňize getiriň. Haýyr sahawat, islendik ýeriňe syýahat, arzuwyňyzdaky tanyşlyklar, ýaş telekiçelere goldaw .. bularyň hemmesi baý adamlara mahsus. Şolaryň 4-si stol üçin ýeterlikdir.
Bu aýdylanlara garamazdan, pul barada ýalňyş düşünjeli jemgyýetde önüp-ösen adamyň dogry düşünjeli bolmagy, elbetde ýeňil bolmaz. Ýöne ösen aňly jemgyýete goşulyşmak, üstünlikli adamlaryň durmuşy bilen gyzyklanmak, biznes edebiýatlary okamak we Audikitden audiokitaplary diňlemek arkaly bu prosesi ýeňilleşdirip bolar.