ilhano_va
18.08.2024 21:19
Gürleşeli" diýme, duýgylam dymma,
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men birwagt düşdüm yşgyñ atyndan.
Geçmişi ýañzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl,
Häzir mähir küýsäp tutjak ellerim,
Soñ çykaryp zyñar ýaly ellik däl.
Edil häzir gyzkly däl şu dünýä,
Jogaplarmyñ soraglarny ýitirdim,
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!.
Arasynda gitmek bilen galmagyñ,
Ýene tukatlygy seçip otyryn,
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn...
Baýram Bejidov
13
65
ilhano_va
15.08.2024 19:47
Soñky döwür hetden aşdy hyýallam,
Üşesem, Güni gujaklasym gelýär,
Gül ömrüme gözgörtele zyýanlañ,
Daşyn ýakyp için gyjyklasym gelýär.
Pyçaklasym gelýär gussalarymy,
Gyjak bolup zaryn sazyn çalanda,
Açyklasym gelýär hassalygymy,
Dogrylygy gözlänimde, ýalandan.
Bugün maña baksyn günebakarlar,
Kebelekler gülden-güle gonmasyn,
Tans oýnajak Aýyñ golundan tutup,
Şugün meni ýyldyzlaram gollasyn.
Bärden gaýtjak, añyrsyny gören ýok,
Akylym satlyk dur tmcars-da,
Umyt höküm sürýär, üsti gyzyl el,
Käşkä bagtym uklap ýatyr Marsda.
Göýä bulutlaryñ gözýaşyn sylyp,
Asmany bagryma basasym gelýär,
Şuwagt şo-ol Güneşiñ boýnundan ilip,
Käşka gujagyma gysasym gelýär...
Baýram Bejidov
18
54
ilhano_va
15.08.2024 16:24
Bu kalbyma soltan bolup soň bolsa,
Köňlümiň köşgüni ýykandan gorkýan.
Yhlas, gözýaş, agy... baryn depeläp,
Bu gara bagrymy ýakandan gorkýan.
Yşkdan doly gözlerimiň içinden,
Sil kibi towlanyp akandan gorkýan.
Süýji söhbetleriň talagyn berip,
Ýüzüme ýat kibi bakandan gorkýan.
Bu yza başga bir düşnüksiz yza,
Kalbymdan mar kibi çakandan gorkýan.
Goşgulam aglaýan ýaly,
olaryň
üstüne atanak çekenden gorkýan.
Buz üstünde tozan arap, aýny wagt,
Ýersiz bir bahana tapandan gorkýan.
Alyň ala meýdanyny agladyp,
Mensiz atyn ýeke çapandan gorkýan.
Ogultäç Oraztaganova
16
38
ilhano_va
14.08.2024 21:08
Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok,
Sebabi galdyň sen indi düýnümde.
"Saňa garaşaryn!" diýip bilemok,
Munuň uçin ýokdur meniň müynüm-de.
Bagyşla!
Bilmediň bagtyň göternip,
Ýeri, saňa ynam baglar ýalymy?
Öterin, men indi sensiz öterin,
Özüm ötlem-ötlem ömür ýolumy.
Bagyşla!
Günsayyn saýry görünýän,
Ýüregimem atygsanok "sen" diýip.
Aglamaryn gaýdyp: "Dar bu giň dünýä,
Sensiz maňa yagty jahan tün..." diyip.
Bagyşla!
Sen göýä ötegçi bulut,
Apalaplar aýlanmaryn adyňdan.
Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn yadymdan.
Solmaz Azizova
12
69
ilhano_va
14.08.2024 00:41
Meni senden aýran ykbal
Duşurmady, duşurmady.
Yzyna wagty bu ahwal
Süýşürmedi, süýşürmedi.
Ykbal kalpda goýup yza,
Sähetli gün toýumyza,
Ili-güni öýümize
Üýşürmedi, üýşürmedi.
Ters basyldy gadamlarmyz,
Soňky söze ýetenler biz.
Bu synagdan gedemligmiz
Aşyrmady, aşyrmady.
Gursakda söýgimiz sünnä,
Seni bir ýan, meni bir ýan
Ötä zyňyp, däli dünýä
Düýşürgedi, düýşürgedi.
Uzuk Nowruzova
16
27
ilhano_va
13.08.2024 23:26
Gurban etdim gijelermi hasrata,
Gözlerimi ýaşa pida etdim men.
Gülkülermi arzan satyp durmuşa,
Öz-özümi şeýdip geda etdim men.
Ýok, ýanmadym, ýanmak üçin o:t gerek,
Demirgazykdanam tenim sowukdyr.
Kelläm kerep ýaly, günler ot-elek,
Aýna dek arzuwlam döwük-döwükdir.
Parçalanan zatlar düzelmeýärler,
Hökümin ýöredip bilmez ýelimem.
Ýagyş söýmeýänler ezilmeýärler,
Men ýagyş-ýagmyry söýýän ölemen.
Basyrgandym, usurgandym huşumda,
Düýşümde-de goh-galmagal zenzele.
Başyň dumanlanyp juwan ýaşyňda,
Elhenç eken, gezip ýörseň eňseläp.
Uzuk Nowruzova
13
52