ilhano_va
15.08.2024 19:47
Soñky döwür hetden aşdy hyýallam,
Üşesem, Güni gujaklasym gelýär,
Gül ömrüme gözgörtele zyýanlañ,
Daşyn ýakyp için gyjyklasym gelýär.

Pyçaklasym gelýär gussalarymy,
Gyjak bolup zaryn sazyn çalanda,
Açyklasym gelýär hassalygymy,
Dogrylygy gözlänimde, ýalandan.

Bugün maña baksyn günebakarlar,
Kebelekler gülden-güle gonmasyn,
Tans oýnajak Aýyñ golundan tutup,
Şugün meni ýyldyzlaram gollasyn.

Bärden gaýtjak, añyrsyny gören ýok,
Akylym satlyk dur tmcars-da,
Umyt höküm sürýär, üsti gyzyl el,
Käşkä bagtym uklap ýatyr Marsda.

Göýä bulutlaryñ gözýaşyn sylyp,
Asmany bagryma basasym gelýär,
Şuwagt şo-ol Güneşiñ boýnundan ilip,
Käşka gujagyma gysasym gelýär...

Baýram Bejidov
18
52
sazsoft
16 Awgust 2024
«Soňky döwür hetden aşdy hyýallam,
Üşesem, Güni gujaklasym gelýär.
Gül ömrüme göz-görtele zyýanlaň,
Daşyn ýakyp, için gyjyklasym gelýär». 😖
myrataly_
15 Awgust 2024
Bayram Bejidow agzady on, indi bolsa yok. Gynandyrŷa gowy agzalan gitmegi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.