Seni aýdyňlykdan gözlemek üçin çykylan ýolda
Megerem, hut şu özümi saňa daşadym
Ýoda öwrülen damaryma ilteşip.
Hem men öýde g:aldyrylan bir erkek adamyň
Orup getiren ýorunjalaryndan saz ogurlap diňledim
Saňa daşalýarkam.
Seni duýmaýarkam.
Üçekdäki oglanjygyň kimdir birinden islän
Arzuwlary, şol ýerde g:aldyrylan nätanyş sesleri,
Megerem, saňa daşalypdyr tanyş gözýaşlar bilen.
Hem sen maňa daşapsyň ýalňyzlygyňy
Oglanlygym bilen.
Dünýäde rahatlyk ýokdugyny aýdaňda diňlemedim.
Megerem, öýde ýaşaýan bir aýal maşgalaň
Tamdyryndaky o:tdan birahatlyk guýupdym gözlerime
Saňa daşalýarkam.
Meni tanamarsyň öýdüp aýdyňlyga barýan
ki, indem öýdenlerim üçin gugarýan.
Seni duýmaýanlygyma we
Şol daşalan tanyş gözýaşlara,
Hemde özüňi
Senden maňa daşa!
Rahat Şyhyyev