Gurban etdim gijelermi hasrata,
Gözlerimi ýaşa pida etdim men.
Gülkülermi arzan satyp durmuşa,
Öz-özümi şeýdip geda etdim men.
Ýok, ýanmadym, ýanmak üçin o:t gerek,
Demirgazykdanam tenim sowukdyr.
Kelläm kerep ýaly, günler ot-elek,
Aýna dek arzuwlam döwük-döwükdir.
Parçalanan zatlar düzelmeýärler,
Hökümin ýöredip bilmez ýelimem.
Ýagyş söýmeýänler ezilmeýärler,
Men ýagyş-ýagmyry söýýän ölemen.
Basyrgandym, usurgandym huşumda,
Düýşümde-de goh-galmagal zenzele.
Başyň dumanlanyp juwan ýaşyňda,
Elhenç eken, gezip ýörseň eňseläp.
Uzuk Nowruzova