ilhano_va
14.08.2024 21:08
Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok,
Sebabi galdyň sen indi düýnümde.
"Saňa garaşaryn!" diýip bilemok,
Munuň uçin ýokdur meniň müynüm-de.

Bagyşla!
Bilmediň bagtyň göternip,
Ýeri, saňa ynam baglar ýalymy?
Öterin, men indi sensiz öterin,
Özüm ötlem-ötlem ömür ýolumy.

Bagyşla!
Günsayyn saýry görünýän,
Ýüregimem atygsanok "sen" diýip.
Aglamaryn gaýdyp: "Dar bu giň dünýä,
Sensiz maňa yagty jahan tün..." diyip.

Bagyşla!
Sen göýä ötegçi bulut,
Apalaplar aýlanmaryn adyňdan.
Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn yadymdan.

Solmaz Azizova
12
69
sazsoft
15 Awgust 2024
«Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn ýadymdan». 🥲👌
sazsoft
15 Awgust 2024
«"Saňa garaşaryn" diýip bilemok,
Munuň üçin ýokdur meniň müýnüm-de.» 👏

Soňky döwür kesgitli jogaplary gowy görýän. Her gün ölmekden, bir gün ölmek gowy eken. 😶
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.