ilhano_va
12.01.2024 02:01
Häzir bar zat başgaça,
Öňki hyýalbentligim ýok.
Şäherde galmak,
Şäherli bolmak,
Ösmek, ulalmak arzuwlarymy
Aýlap urdum başymdan.

Obadan uzaklaşyp,
Abraý-şan gazanmak,
Indi meň iň ýokuş görýän zadym.

Ýokary bilimi kämilleşdirip,
Şäherde galjak däl indi.
Kaşaň, mermer hyýallarymy
Içime saljak däl indi.

Gitjek,
Oba gitjek.
Žurnalist däl-de,
Ejemiň, kakamyň dilegleri üçin
Mugallym boljak.

Okatjak, öwretjek,
Kä okuwçydan adam ýasajak,
Käsinden lukman,
Käsinden bagşy,
Käbirinden şahyr çykar
Kim bilýär...

Gitjek, obama gitjek
Gümüne gitsin barysy,
Bu şäherde ejem ýok,
Bu şäherde kakam ýok,
Maňa oglum kim diýsin,
Maňa körpäm kim diýsin,
Bärde ýaşap ýörsem.

Obamda bar mähir-söýgi,
Dostlam-hossarlam, goňşulam.
Obada ýaşaýar häli
Klasdaşlam,
Iň halaýan tanşymam.

Ol ýerde hiç kapasa ýok,
Ýazylyp ýatyr giň meýdan.
Özge öwzar tapasym ýok.
Bu şäherde men bir gedaý.

Çöregim obamda meniň,
Rysgalym atam ojakda.
Erkinligem, ýaýnamagam,
Saýramagam, aýnamagam,
Diňe obamda başardýar,
Diňe obamda başardýar.

Garaş enem,
Garaş atam,
Ogluňyz kän ýalňyşypdyr,
Ýalňyz goýup,
Ýalňyz söýüp,
Aldanypdyr,
Aldadypdyr.

Indi bu aýagym-elim,
Kapasadan çyksa uçjak.
Iň ilkinji ädimem,
Oba basjak,
Öýe basjak...

Gurbanmyrat Saryýew
21
50
ilhano_va
11.01.2024 21:45
Artyk hereketler, ýeňles gylyklar
Ýaşlyga kadadyr, näzdir kereşme.
Ýuwaş-ýuwaş sen olardan saplanyp,
Durlanyp barýarsyň misli bir çeşme.

Sen kimin gözele duş gelen ýigit
Şowsuzlyga, gussa ownuk zat diýer.
Seniň gözden gaçan şadyýan ýaşyň
Almaň ýaňagynda uka batan der.

Seniň söýgiň äpet daragt deýin
Ýüregime kökün çuňňur urupdyr.
Birdem gama batyp, egilse başyň,
Kökler ýüregime yza berip dur.

Bir gün garylsam-da mele topraga,
Sowurman söýgiňi tupana, ýele.
Seniň söýgiň hiç guramaz kökleri
Ýaýrar bu zemine ýüregim bile.

Gurbannazar Ezizow
16
64
ilhano_va
11.01.2024 15:13
Men kim?
Seniň söýgüli bendäň,
gözlerin gaflatdan açyp bilmeýän.
Günäleri üçin sygmadyk dünýä,
jellat wyždanyndan gaçyp bilmeýän.

Ýaz ýagşy deý haý-höwese ýeňlibem,
umydygär rehmetiňden, rehmiňden.
Aýasynda saklap bilmedik erkin,
müýnürgeýän munda ynsan ählinden.

Men kim?
Halkyndan utanan Hakdan uýalman,
ýüz görüp, jenneti unudan adam.
Ötegçi zatlara çeken müň arman,
öten namazyna köýmedik nadan.

Perzendi mähriban enem-atamyň,
hem aga, hem ini, garaz, ortanjy.
Bagyşlap bilmejek ýeke hatamy
bir gelniň adamsy
(budur elhenji).

Men kim?
Kä gijeler seniň adyň gaýtalap,
tün asmandan ýere inen bir damja.
Dileg etmek üçin ýeke-täk seniň
gapyňa ellerin giň açyp barjak.

Men kim?
Dünýä zererinden az degen nepi,
ne bar bolup, ne-de ýitip bilmedik.
Her nämäň yzynda bolsa-da sepil,
Seniň huzuryňdan gidip bilmedik.

Süleýman Hojanepes
17
59
ilhano_va
11.01.2024 11:56
Men häzir kapyýa tapyp biljek däl,
Ýürek rahat gerek kapyýa üçin.
Men hazir bogazma dolan gaýgymy
Ýöne ak kagyza geçirip goýjak.
Beýle wagt kapyýa nämä ýaraýar?
Onsoňam, durmuşda Seniň özüň hem
Diňe bir kapyýa gözläp gezmediň,
Sen durmuşdan uly mazmun gözlediň.
Kapyýalar bolsa uly mazmunyň
Gudratyndan ýaňa özi dörýärdi.

Ýaňam Sen agaçdan tribuna münüp,
Halkyňa seredip, dür saçyp durduň,
Indi Sen agaçdan tabyda girip,
Okara gözlerňi ýumup ýatyrsyň.
Tabydyňam äpet öz göwräň ýaly,
Ol tabyda göwräň zordan ýerleşýär.

Ynha, häzir şol tabydyň daşynda,
Birimiz buz örýas Seniň daşyňa,
Birimiz gül örýas Seniň daşyňa,
Ýaňy kümüş seçen gara başyňa
Ýüzläp adam, müňläp adam garap dur.

Janyň sagat wagty şunça il bolup,
Seniň saglygyňy goran bolsadyk,
Onda Sen tabydyň içinde bolman,
Tabyt Seniň peçiň içinde bordy.
Ýöne şeýdip goraýmakçy bolsagam,
Sen bize özuňi goratdyrmazdyň.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Olar öz saglygyn goratdyrmaýar,
Olar iliň saglygyny goraýar.
Soňky demindekä ýanyna barsaň,
Ilki bilen öz saglygňy soraýar.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Senem saýlap aldyň şeýle ykbaly.
Sen göreşdiň, Göreşmegi öwretdiň,
Sen işlediň. Işlemegi öwretdiň,
Sen ýaşadyň, Ýaşamagy öwretdiň.
Sen diňe nähili ýaşamagy däl,
Nähili ölmegem öwredip gitdiň.


Kerim Gurbannepesow
18
94
ilhano_va
11.01.2024 00:55
Bilýäňizmi?
Bize söýgi ýetenok,
başaramzok söýüp söýlüşimiz deý.
Ýa bähbit araýas ähli zatlardan,
ýa gorkudan turuzýarys tüweleý.

Gorkmasadyk jähennemiň odundan,
kimiň halal-haram bolardy derdi?
Ýa jenneti wada bermedik bolsa,
kim gara başyny seždä goýardy?

Bir zady sadaka berýäris bendä,
Eýämden iki edip almaklyk üçin.
Namaz okaýarys (undamzok hernä),
diňe şerti ýerne salmaklyk üçin.

Zada zar etmesek çagalarmyzy,
garramyzda eklär diýip düşünýäs.
Şonuň üçin «Düşewüntli kär edin»
diýip, ony oda-köze düşürýäs.

Diýýäris: «Ne peýda köp zat bilmekde,
bolmasa bähbidiň üçin wepadar?».
Awtobusda ýaşula ýer bermekde
«Soň bize-de berler» diýen tama bar.

Söwda öwrüp barýas ynsanlygymyz:
«Berdiňmi – al,
bermän alsaň has gowy».
Nirede ýitirdik ynsabymyz biz?
Nirde goýduk muhabbeti, dostlugy?

Biliň, biziňki däl mundan alanmyz,
Dünýälik zat bu dünýäniň malydyr.
Söýgüsi kem bolan her bir amalmyz
Jan girmedik gury göwre ýalydyr.

Süleýman Hojanepesow
25
64
ilhano_va
10.01.2024 21:18
Bir ogryn bakyşa ykbalyñ baglap,
Zulmatyñ goýnunda gözüňi daglap,
Yşk-gutulmaz ýaram boldy, gelmediň.
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Diňlemediň ýapraklaryň çawuşyn,
Ýitip gitdiň öwşüninde tawusyň.
Sesiň rowa görmän dogalaryma,
Hiç bir jogap bermän sowallaryma
Reňklerin öçürip älemgoşaryň
Synasyna tagma basdyň guşlaryň.
Gijelerim tamam boldy, gelmediň.
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Öňde duran menzilleri sanadym:
Kä sägindi, kä howlukdy sagadym.
Delmuryp seretdim-de sagadyma,
Täzeden atlandym al atyma
Al atymyň çamanlygny syzdylar,
Çar-tarapdan ençe gezek çozdular,
Ahyrsoňy pyzdylar...
Emma, külün göge sowurmadylar
Görjek düýşlerimi ogurladylar.
Göçümlerim karam boldy, gelmediň,
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Dogrular egriden saplanman galdy,
Ruhumyň polady taplanman galdy,
Derwüş sabry bilen çagyrsam-da men,
Topraga öýkünip bagyrsam-da men,
Kalbymyň töründen ýer açsam-da men,
29 ýyllap garaşsam-da men,
Yşk-gutulmaz ýaram boldy, gelmediň,
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Sungat Gurbangeldi
19
31
ilhano_va
10.01.2024 17:30
«Geregim, Geregim, Geregim!» diýip,
Eliňi elime gysypdym telim.
«Sen meniň ýüregim, ýüregim!» diýip,
Ýüregim ýüregňe basypdym telim.
Ynha indi weli, nije gün bäri
Ýüregim diýmäge baranok dilim.

Asyl görsem, ýürek diýilýän zady
Çalşyrybam boljak ekeni, gülüm.
Emma Seni weli çalşyrmag-a däl,
Şol hakda demsalym
Oýlanan günüm –
Meniň-kä ölüm.

* * *
Ýigidiň gelýänin gördi ol gözel.
Öňünden ylgaşlap çykmak isledi.
Ýigit ýetip geldi gapyň agzyna.
Gyz onuň boýnuna bökmek isledi.

Ýigit «Salam!» diýip elin uzatdy.
Gyz ony goýbermän gysmak isledi.
Ýylgyryp stulda oturdy ýigit.
Gyz derrew bagryna basmak isledi.

Emma welin bu islegleň baryndan
Gyzy halas etdi haýa diýlen zat.
Ýaşa sen, ýaşa sen, ýaşa sen haýa!
Sensiz niçik bordy dünýä diýlen zat?
16
33
ilhano_va
10.01.2024 14:18
Ýaz geldi. Üýtgeşdi säheriň mähri.
Ýylady gödeňsi,
sowuklaç şapak.
Ýere mähir girdi. Mähriň demini
Agaçlaň köküne içirdi toprak.

Göýä topar-topar göwreli gelin –
Ýognan ýaly boldy agaçlaň bili.
Her biliň içinde müň-müňläp ýaprak
Dokuz aýy dolan bäbekler ýaly
Ýagta çykmak üçin jägilleşdiler.
Jägildä çydaman,
Ýaryldy bogun.
Bogunlaň içinden çykdy pyntyklar –
Ýaşyl telpeklije bir topar ogul.

Pyntyklardan çykdy ýetmiş dürli gül
Saryja, gyzylja... Hemmesem eziz.
Hersiniň düýbünde gökje düwünçek.
Öseweriň tiz!
Bişeweriň tiz!

Onsoň tomus düşdi. Säheriň mähri
Hasam gyzgynlaşdy. Lowlady şapak.
Ýere ataş girdi. Giren ataşy
Agaçlaň köküne
Içirdi toprak.

Ýeriň gyzgyn demin içen agaçlaň
Huşy göçdi, başy sämeşdi derrew.
(Ýaşlyk ne-hä düýne hasabat berdi,
Ne-de şo gününe geçirdi derňew).

Günler geçip gitdi keýip-sapada,
Göýä kirli zat ýok, hemme, zat tämiz.
Gündiz gijä,
Gije Güne howlukdyk:
«Bataweri tiz!
Dogaweri tiz!»

Şeýdibem güýz geldi. Günler goýaldy.
Balyn hödürledi agras agaçlar.
Kem-kemden hemme zat düşnükli
boldy –
Söýgüler,
armanlar,
dürsler,
ýalňyşlar...

Indem ylgap gelýär syrgynly gyşlar.
Güýzlük işler bolsa dag ýaly heniz.
Ýok, ýok.
entek-entek gelmäweri, gyş.
Duraweri, güýz!
Duraweri, güýz!

Kerim Gurbannepesow
15
42
ilhano_va
10.01.2024 10:41
Bu dünýäden ýagşy adam ötende –
Gyýylýaryn bir ýyldyzyň ýitenne.
Ýitýär ýaş ýyldyzlar, garry ýyldyzlar.
Iň gerek ýyldyzlar,
Saýry ýyldyzlar.

Tirkeşip, tirkeşip, ýitýärler olar.
Arzuwlary bilen ötýärler olar.
Biz diriler bolsa hasrata çümüp,
Olaryň jesedin gaýdýarys gömüp.
Şo mahal
diňe bir jeset gömulmän.
Tonnalap, tonnalap arzuw gömülýär.

Bu gün gyýylýaryn
Ýene bir zada:
Olar bilen dem alyp bir dünýade,
Görsem-de jahanyň gündiz-gijesin,
Içsem-de durmuşyň ajy-süýjüsin,
Ýüregimde ýatan söýgimiň baryn
Olara dirikä gowşurmandyryn.
Olar çuň söýgimi bilmän gidipdir.
Iň uly algysyn alman gidipdir.

Ýatyr ýüregimde ummasyz söýgi,
Ony ýyl geçdikçe götermek görgi.
Sebäbi meňki däl, başgaňky olar.
Gowuşmaly kalba, gowuşmandyrlar.
Gerşimde birgiden
Amanat ýük bar.
Men – ölä bergidar,
Howply günäkär.

Kerim Gurbannepesow
19
58
ilhano_va
10.01.2024 01:51
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi sary.

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsuz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär «Gijegözele»,
Myhmana seredýär «Gijegözelim».

Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly –
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy güllere gezek-gezegne.
Bakýardy «Nerkese», gyzyl «Piona»,
Bakýar «Georgine», «Gijegözelne».

Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.

Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi –
«Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..» diýdi.

Kerim Gurbannepesow
19
35