Häzir bar zat başgaça,
Öňki hyýalbentligim ýok.
Şäherde galmak,
Şäherli bolmak,
Ösmek, ulalmak arzuwlarymy
Aýlap urdum başymdan.
Obadan uzaklaşyp,
Abraý-şan gazanmak,
Indi meň iň ýokuş görýän zadym.
Ýokary bilimi kämilleşdirip,
Şäherde galjak däl indi.
Kaşaň, mermer hyýallarymy
Içime saljak däl indi.
Gitjek,
Oba gitjek.
Žurnalist däl-de,
Ejemiň, kakamyň dilegleri üçin
Mugallym boljak.
Okatjak, öwretjek,
Kä okuwçydan adam ýasajak,
Käsinden lukman,
Käsinden bagşy,
Käbirinden şahyr çykar
Kim bilýär...
Gitjek, obama gitjek
Gümüne gitsin barysy,
Bu şäherde ejem ýok,
Bu şäherde kakam ýok,
Maňa oglum kim diýsin,
Maňa körpäm kim diýsin,
Bärde ýaşap ýörsem.
Obamda bar mähir-söýgi,
Dostlam-hossarlam, goňşulam.
Obada ýaşaýar häli
Klasdaşlam,
Iň halaýan tanşymam.
Ol ýerde hiç kapasa ýok,
Ýazylyp ýatyr giň meýdan.
Özge öwzar tapasym ýok.
Bu şäherde men bir gedaý.
Çöregim obamda meniň,
Rysgalym atam ojakda.
Erkinligem, ýaýnamagam,
Saýramagam, aýnamagam,
Diňe obamda başardýar,
Diňe obamda başardýar.
Garaş enem,
Garaş atam,
Ogluňyz kän ýalňyşypdyr,
Ýalňyz goýup,
Ýalňyz söýüp,
Aldanypdyr,
Aldadypdyr.
Indi bu aýagym-elim,
Kapasadan çyksa uçjak.
Iň ilkinji ädimem,
Oba basjak,
Öýe basjak...
Gurbanmyrat Saryýew