ilhano_va
10.01.2024 21:18
Bir ogryn bakyşa ykbalyñ baglap,
Zulmatyñ goýnunda gözüňi daglap,
Yşk-gutulmaz ýaram boldy, gelmediň.
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Diňlemediň ýapraklaryň çawuşyn,
Ýitip gitdiň öwşüninde tawusyň.
Sesiň rowa görmän dogalaryma,
Hiç bir jogap bermän sowallaryma
Reňklerin öçürip älemgoşaryň
Synasyna tagma basdyň guşlaryň.
Gijelerim tamam boldy, gelmediň.
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Öňde duran menzilleri sanadym:
Kä sägindi, kä howlukdy sagadym.
Delmuryp seretdim-de sagadyma,
Täzeden atlandym al atyma
Al atymyň çamanlygny syzdylar,
Çar-tarapdan ençe gezek çozdular,
Ahyrsoňy pyzdylar...
Emma, külün göge sowurmadylar
Görjek düýşlerimi ogurladylar.
Göçümlerim karam boldy, gelmediň,
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Dogrular egriden saplanman galdy,
Ruhumyň polady taplanman galdy,
Derwüş sabry bilen çagyrsam-da men,
Topraga öýkünip bagyrsam-da men,
Kalbymyň töründen ýer açsam-da men,
29 ýyllap garaşsam-da men,
Yşk-gutulmaz ýaram boldy, gelmediň,
Ukularym haram boldy, gelmediň.

Sungat Gurbangeldi
19
31
sazsoft
27 Yanwar 2024
😖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.