«Geregim, Geregim, Geregim!» diýip,
Eliňi elime gysypdym telim.
«Sen meniň ýüregim, ýüregim!» diýip,
Ýüregim ýüregňe basypdym telim.
Ynha indi weli, nije gün bäri
Ýüregim diýmäge baranok dilim.
Asyl görsem, ýürek diýilýän zady
Çalşyrybam boljak ekeni, gülüm.
Emma Seni weli çalşyrmag-a däl,
Şol hakda demsalym
Oýlanan günüm –
Meniň-kä ölüm.
* * *
Ýigidiň gelýänin gördi ol gözel.
Öňünden ylgaşlap çykmak isledi.
Ýigit ýetip geldi gapyň agzyna.
Gyz onuň boýnuna bökmek isledi.
Ýigit «Salam!» diýip elin uzatdy.
Gyz ony goýbermän gysmak isledi.
Ýylgyryp stulda oturdy ýigit.
Gyz derrew bagryna basmak isledi.
Emma welin bu islegleň baryndan
Gyzy halas etdi haýa diýlen zat.
Ýaşa sen, ýaşa sen, ýaşa sen haýa!
Sensiz niçik bordy dünýä diýlen zat?