Men häzir kapyýa tapyp biljek däl,
Ýürek rahat gerek kapyýa üçin.
Men hazir bogazma dolan gaýgymy
Ýöne ak kagyza geçirip goýjak.
Beýle wagt kapyýa nämä ýaraýar?
Onsoňam, durmuşda Seniň özüň hem
Diňe bir kapyýa gözläp gezmediň,
Sen durmuşdan uly mazmun gözlediň.
Kapyýalar bolsa uly mazmunyň
Gudratyndan ýaňa özi dörýärdi.
Ýaňam Sen agaçdan tribuna münüp,
Halkyňa seredip, dür saçyp durduň,
Indi Sen agaçdan tabyda girip,
Okara gözlerňi ýumup ýatyrsyň.
Tabydyňam äpet öz göwräň ýaly,
Ol tabyda göwräň zordan ýerleşýär.
Ynha, häzir şol tabydyň daşynda,
Birimiz buz örýas Seniň daşyňa,
Birimiz gül örýas Seniň daşyňa,
Ýaňy kümüş seçen gara başyňa
Ýüzläp adam, müňläp adam garap dur.
Janyň sagat wagty şunça il bolup,
Seniň saglygyňy goran bolsadyk,
Onda Sen tabydyň içinde bolman,
Tabyt Seniň peçiň içinde bordy.
Ýöne şeýdip goraýmakçy bolsagam,
Sen bize özuňi goratdyrmazdyň.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.
Olar öz saglygyn goratdyrmaýar,
Olar iliň saglygyny goraýar.
Soňky demindekä ýanyna barsaň,
Ilki bilen öz saglygňy soraýar.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.
Senem saýlap aldyň şeýle ykbaly.
Sen göreşdiň, Göreşmegi öwretdiň,
Sen işlediň. Işlemegi öwretdiň,
Sen ýaşadyň, Ýaşamagy öwretdiň.
Sen diňe nähili ýaşamagy däl,
Nähili ölmegem öwredip gitdiň.
Kerim Gurbannepesow