Ýaz geldi. Üýtgeşdi säheriň mähri.
Ýylady gödeňsi,
sowuklaç şapak.
Ýere mähir girdi. Mähriň demini
Agaçlaň köküne içirdi toprak.
Göýä topar-topar göwreli gelin –
Ýognan ýaly boldy agaçlaň bili.
Her biliň içinde müň-müňläp ýaprak
Dokuz aýy dolan bäbekler ýaly
Ýagta çykmak üçin jägilleşdiler.
Jägildä çydaman,
Ýaryldy bogun.
Bogunlaň içinden çykdy pyntyklar –
Ýaşyl telpeklije bir topar ogul.
Pyntyklardan çykdy ýetmiş dürli gül
Saryja, gyzylja... Hemmesem eziz.
Hersiniň düýbünde gökje düwünçek.
Öseweriň tiz!
Bişeweriň tiz!
Onsoň tomus düşdi. Säheriň mähri
Hasam gyzgynlaşdy. Lowlady şapak.
Ýere ataş girdi. Giren ataşy
Agaçlaň köküne
Içirdi toprak.
Ýeriň gyzgyn demin içen agaçlaň
Huşy göçdi, başy sämeşdi derrew.
(Ýaşlyk ne-hä düýne hasabat berdi,
Ne-de şo gününe geçirdi derňew).
Günler geçip gitdi keýip-sapada,
Göýä kirli zat ýok, hemme, zat tämiz.
Gündiz gijä,
Gije Güne howlukdyk:
«Bataweri tiz!
Dogaweri tiz!»
Şeýdibem güýz geldi. Günler goýaldy.
Balyn hödürledi agras agaçlar.
Kem-kemden hemme zat düşnükli
boldy –
Söýgüler,
armanlar,
dürsler,
ýalňyşlar...
Indem ylgap gelýär syrgynly gyşlar.
Güýzlük işler bolsa dag ýaly heniz.
Ýok, ýok.
entek-entek gelmäweri, gyş.
Duraweri, güýz!
Duraweri, güýz!
Kerim Gurbannepesow