ilhano_va
30.01.2024 15:01
Söýýän seni gizlemäge mejal ýok,
Söýýän seni,ýok dymmagyň hajaty.
Öz-özümi ele alyp bilemok,
Ýüregimiň seni küýsän halaty.
Söýýän seni,geçip hany-manymdan,
Jylawyny çekdirenok yşkymyz.
Ýykylyp-ýumrulýar sähel salymda,
Görüşmesek göwün atly köşgümiz.
Gaýdyp berip bildiň höwes-hyjuwlam,
Niçiksi başartdy buzatlar saňa?!
Ynanmazdym şundan az salym ozal
"Sen söýüp bilersiň"diýseler maňa.
Sag bol ykbal,saňa,sylanyň üçin,
Söýgüsiz ýüregiň urmany ýagşy.
Eger gözlem ýary görmejek bolsa
Görmäni ýagşy.
22
62
ilhano_va
30.01.2024 11:46
Kimdir biri tutýan ýaly adymy,
Kimdir biri ýiten ýaly gözleýär.
Içki dünýämdäki bar syry bilip,
Ony ýene täzelik deý sözleýär.
Kimdir biri duýgularmy ogurlap,
Gidip barýar, keşbi gizlin hem sessiz.
Kimdir biri şatlygymy, gaýgymy
Bir günlük alsyn-da uzaga gitsin.
Kimdir biri jaýyň burçuna geçip,
Edil özüm bolup aglaýar durman.
Kimdir biri meýhanada meý içip,
Törümde irkilýär, boýnuny burman.
Kimdir biri utananok, çekinmän,
Meň adymdan tanyşlarmy aldaýar.
Kimdir biri gara bagrym tütedip,
Ölen agam bolup, golun salgaýar.
Kimdir biri iň ýigrenýän geýmimi
Geýip meni uzaklara çagyrýar.
Kimkä ol içimde ynjyk ýürek deý,
Yza çekip, sanjyp-sanjyp agyrýar.
Gurbanmyrat Saryýew
13
39
ilhano_va
30.01.2024 00:09
Nelson Mandelanyň terjimehalyndan
Prezident bolanymdan soň men janpenalarymdan şähere gezelenje çykmagy haýyş etdim. Gezelenç edenimizden soň, naharlanmak üçin restorana gitdik. Biz merkezi restoranlaryň birinde otyrdyk, her birimizden näme isleg bildirýändigimizi soradylar. Az salym garaşanymyzdan soň, biziň islegimizi bitiren ofisiant naharlarymyzy alyp geldi. Şol wagt garşymyzdaky stoluň başynda özüne hyzmat edilerine garaşýan erkek kişiniň ýalňyz halynda ünsüm eglendi. Oňa nahar äberenlerinde men esgerlerimiň birine: «Bar, ol adamdan bize goşulmagyny haýyş et» diýdim. Esger baryp, oňa meniň çakylygymy ýetirdi. Erkek kişi ör turup, tabagynam aldy-da, edil ýanymda ornaşdy. Nahar wagtynda onuň eli hemişe titredi durdy, nahardan başyny galdyrmady. Garbanyp bolanymyzdan soň, ol hatda ýüzüme-de seretmän, sähelçe elini salgady, men onuň elini gysdym-da, ýolum bilen boldum.
Esger maňa şeýle diýdi:
– Madiba, bu adamyň derdi agyr ýaly, juda ýarawsyz bolmaly. Nahar iýýärkä-de eli sandyrady durdy.
Asla beýle däl! Onuň sandyramasynyň sebäbi bütinleý başgaça zatda – diýip, oňa jogap berdim. Ýüzüme geň galyp garansoňlar, men olara şeýle diýdim:
– Bu adam meniň bendilikde oturan türmämde sakçydy. Gynap, jebir berenlerinden soň, köplenç, men agyryma çydaman, gygyrýardym hem suw dileýärdim. Şonda ol ýörite meni kemsitmek üçin gelýärdi. Üstümden gülýärdi. Suw bermäge derek bolsa kelläme buşukýardy.
Ol hassa däl. Onuň gorkudan ýaňa sandyramagy, belki, indi Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti bolanymdan soň, türmä salar öýdüp howatyr edýändigi sebäplidir. Maňa görkezen görgülerini özüne görkezip, kösär, kemsider öýdüp gorkýandyr. Ýöne bu maňa mahsus zat däl, özümi beýle alyp barmak meniň häsiýetime ýa-da etikama gabat gelenok. Ar alşy ideýänler döwleti weýran edýärler, ylalaşygy gözleýänler bolsa, milleti döredýärler.
“Örküç, belki, ganatdyr” kitabyndan.
32
64
ilhano_va
29.01.2024 23:57
Eger söýgiň köýen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň.
Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip,
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söýgüsinden geçip
Hem senden geçip.
Biwepa saýma sen,
saýma bigäne,
Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr.
Söýgüsne degmäniň üçin biçäre
Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr.
Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,
Olarda günä ýok söýgüden özge.
Düýn söýen gyz
bu gün seni ýigrense,
Onüň sebäbini özüňden gözle!
22
38
ilhano_va
29.01.2024 19:22
Eje, saňa gizlin-gizlin hat ýazýan,
Ýöne hatym saňa gowuşman galar.
Seni ýatlan çagym her gije-gündiz,
Tukat gözlerime birden ýaş dolar.
Men hat bilen gül iberjek bolamok,
Güle hat iberjek bolýan aslynda!
Ol jennet güli däl, ondan-da eziz,
Çünki jennet aýagynyň astynda.
Hemmeler diýýärler:"Ene mähriban!",
Emma men olara goşulmaýaryn.
Bir sözde kesgitläp bolmaz enäni,
Müň sözde-de ony başarmaýaryn.
Biz bilen agladyň, güldüň biz bilen,
Hemme şaýat: sabyr käsäň dolmady.
Kalbyňy parçalap, bize paýladyň,
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.
Ejem, saňa "Seni söýýän" diýmedim,
Diýmedim, söýsem-de men seni çensiz.
Çensiz dilegleňde ýaşaýaryn men,
Men seňki bolsam-da, ýene-de sensiz.
Bu aýralyk däldir, bu hasratam däl,
Artmagydyr saňa bolan söýgimiň.
Eje, saňa bu ýazanlam gowuşmaz,
Kemelmegin islemeýän duýgymyň...
Seýran Otuzow
25
38
ilhano_va
29.01.2024 00:54
Ykbalym meňzedi göýdük salgyma,
Yhlasyňdan sowulyplar bu yşkym.
Köňül urbasyna siňen syr ýaly,
Heserli hyýallar serimi deşdi.
Saralan güýzlerde galan aýdymym,
Ah, bilmedim, nirelerde ýerledi.
Ýowuz düýşleň aýasynda galanym —
Göwnüm hünübirýan düýni sermedi.
Bir ýanymda sogap, bir ýanda günä,
Süňňi agyr gussalara ten berip,
Seniň ykbalyňa sygmadym,
Dünýäm,
Batyl misli töweregmi sermenip.
Özgeler deý özelendim, ölmedim,
Yşk ýolunda bagry para saýyl men.
Bir ýerlerde gezip ýörseň,
Bar bolsaň...
Ýetilmedik wysala-da kaýyl men.
Sülgün Pirmedova
22
43
ilhano_va
25.01.2024 01:41
Öñler durydy pikirim,
Daş oklandy döwüldi.
Parçalanan gyýyndy,
Dürlüçe meýnä çümdi,
Meýnäm- ymgyr çöl borly,
Tapmak örän kyn maña.
Haçan jemläp baryny,
Düzläp öñki kaddyna,
Goýarkam men ýerbe-ýer,
Şonsuz meýnim gurak çöl,
Güwläp ýatyr döwük ser...
Gyzyl gözleýänler deý,
Dörjeleýän, köwçeläp.
Tapyndylam toplaýan,
Ýygnap goýýan gowjalap,
Emma awundysy bar,
Ýara salan parçalar...
Remezan Mammetgurbanow
18
43
ilhano_va
24.01.2024 19:00
Iş üstünde tragiki ýagdaýda
aradan çykan dostum, atdaşym
Gurbannazar Nepesowa.
Oýnadyp ýeserje gara gözleriň
Meň ýanyma geleniňde her gezek,
Ýazyp oturanmy görüp, diýerdiň:
«Men azar bermäýin, işlemek gerek!»
Ol gezegem şeýdip, çykdyň-da gitdiň,
Birküç sany wäşi sözüňi oklap.
Indem uzaklarda ümsüm ýatyrsyň,
Bütindünýä Ümsümligin gujaklap.
Eýýäm şu gün ýitiglerňi sanasaň,
Otuz ýaş asyr deý uzak görünýä.
Paýhaslanýas, hyjuwlarmyz köşeşýär.
Biz ýitirip düşünýäris bu dünýä.
Seniň baryp ýeten uzak ülkäňe
Otlular gatnanok, maşyn baranok.
Bu gün sen barada goşgy ýazýaryn,
Senem gelip, maňa azar bereňok.
Bu gün iňrik çöküp dagyň üstüne,
Gije göge seçeninde pişmesin,
Sen-ä gelip maňa azar bersediň,
Menem şu goşgyny ýazman geçsedim.
Gurbannazar Ezizow
23
41