Nelson Mandelanyň terjimehalyndan
Prezident bolanymdan soň men janpenalarymdan şähere gezelenje çykmagy haýyş etdim. Gezelenç edenimizden soň, naharlanmak üçin restorana gitdik. Biz merkezi restoranlaryň birinde otyrdyk, her birimizden näme isleg bildirýändigimizi soradylar. Az salym garaşanymyzdan soň, biziň islegimizi bitiren ofisiant naharlarymyzy alyp geldi. Şol wagt garşymyzdaky stoluň başynda özüne hyzmat edilerine garaşýan erkek kişiniň ýalňyz halynda ünsüm eglendi. Oňa nahar äberenlerinde men esgerlerimiň birine: «Bar, ol adamdan bize goşulmagyny haýyş et» diýdim. Esger baryp, oňa meniň çakylygymy ýetirdi. Erkek kişi ör turup, tabagynam aldy-da, edil ýanymda ornaşdy. Nahar wagtynda onuň eli hemişe titredi durdy, nahardan başyny galdyrmady. Garbanyp bolanymyzdan soň, ol hatda ýüzüme-de seretmän, sähelçe elini salgady, men onuň elini gysdym-da, ýolum bilen boldum.
Esger maňa şeýle diýdi:
– Madiba, bu adamyň derdi agyr ýaly, juda ýarawsyz bolmaly. Nahar iýýärkä-de eli sandyrady durdy.
Asla beýle däl! Onuň sandyramasynyň sebäbi bütinleý başgaça zatda – diýip, oňa jogap berdim. Ýüzüme geň galyp garansoňlar, men olara şeýle diýdim:
– Bu adam meniň bendilikde oturan türmämde sakçydy. Gynap, jebir berenlerinden soň, köplenç, men agyryma çydaman, gygyrýardym hem suw dileýärdim. Şonda ol ýörite meni kemsitmek üçin gelýärdi. Üstümden gülýärdi. Suw bermäge derek bolsa kelläme buşukýardy.
Ol hassa däl. Onuň gorkudan ýaňa sandyramagy, belki, indi Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti bolanymdan soň, türmä salar öýdüp howatyr edýändigi sebäplidir. Maňa görkezen görgülerini özüne görkezip, kösär, kemsider öýdüp gorkýandyr. Ýöne bu maňa mahsus zat däl, özümi beýle alyp barmak meniň häsiýetime ýa-da etikama gabat gelenok. Ar alşy ideýänler döwleti weýran edýärler, ylalaşygy gözleýänler bolsa, milleti döredýärler.
“Örküç, belki, ganatdyr” kitabyndan.