ilhano_va
30.01.2024 15:01
Söýýän seni gizlemäge mejal ýok,
Söýýän seni,ýok dymmagyň hajaty.
Öz-özümi ele alyp bilemok,
Ýüregimiň seni küýsän halaty.

Söýýän seni,geçip hany-manymdan,
Jylawyny çekdirenok yşkymyz.
Ýykylyp-ýumrulýar sähel salymda,
Görüşmesek göwün atly köşgümiz.

Gaýdyp berip bildiň höwes-hyjuwlam,
Niçiksi başartdy buzatlar saňa?!
Ynanmazdym şundan az salym ozal
"Sen söýüp bilersiň"diýseler maňa.

Sag bol ykbal,saňa,sylanyň üçin,
Söýgüsiz ýüregiň urmany ýagşy.
Eger gözlem ýary görmejek bolsa
Görmäni ýagşy.
22
62
nabat_
30 Yanwar 2024
@ilhano_va, 🤗🤗😘
möjek_daýy🐺
30 Yanwar 2024
👍👍👍
ilhano_va
30 Yanwar 2024
@nabat_, Sagbol köp köp beğendim ☺️
sazsoft
30 Yanwar 2024
«Ýykylyp-ýumrulýar sähel salymda,
Görüşmesek göwün atly köşgümiz» 💜
nabat_
30 Yanwar 2024
Siziñ goýýan goşgularyñýz söýgä degişli gaty gowy görüp okaýan😊🌟🌟🥰🥰❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.