ilhano_va
29.01.2024 19:22
Eje, saňa gizlin-gizlin hat ýazýan,
Ýöne hatym saňa gowuşman galar.
Seni ýatlan çagym her gije-gündiz,
Tukat gözlerime birden ýaş dolar.

Men hat bilen gül iberjek bolamok,
Güle hat iberjek bolýan aslynda!
Ol jennet güli däl, ondan-da eziz,
Çünki jennet aýagynyň astynda.

Hemmeler diýýärler:"Ene mähriban!",
Emma men olara goşulmaýaryn.
Bir sözde kesgitläp bolmaz enäni,
Müň sözde-de ony başarmaýaryn.

Biz bilen agladyň, güldüň biz bilen,
Hemme şaýat: sabyr käsäň dolmady.
Kalbyňy parçalap, bize paýladyň,
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.

Ejem, saňa "Seni söýýän" diýmedim,
Diýmedim, söýsem-de men seni çensiz.
Çensiz dilegleňde ýaşaýaryn men,
Men seňki bolsam-da, ýene-de sensiz.

Bu aýralyk däldir, bu hasratam däl,
Artmagydyr saňa bolan söýgimiň.
Eje, saňa bu ýazanlam gowuşmaz,
Kemelmegin islemeýän duýgymyň...

Seýran Otuzow
25
38
neza
30 Yanwar 2024
Tüweleme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.