Eger söýgiň köýen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň.
Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip,
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söýgüsinden geçip
Hem senden geçip.
Biwepa saýma sen,
saýma bigäne,
Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr.
Söýgüsne degmäniň üçin biçäre
Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr.
Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,
Olarda günä ýok söýgüden özge.
Düýn söýen gyz
bu gün seni ýigrense,
Onüň sebäbini özüňden gözle!