gultaze
22.03.2023 05:57

Limon satýan oglanjyk.


Or­ta mek­de­biň soň­ky­ syn­pyn­da oka­ýar­dym. Ka­kam­ Çan­ky­ry­da har­by iş­gä­r­di. Bizem har­by ýa­şa­ýyş­ top­lu­myn­da­ ýa­şa­ýar­dyk. Goň­şy og­lanla­ryň hem­me­sin­de tigir bar­dy, bir men­de­ ýok­dy.

Oku­wy­da ta­mam­la­dyk. Ka­ka­myň­ ýa­ny­na ba­ryp, ti­gir alyp ber­me­gi­ni ha­ýyş et­dim. Ka­kam bol­sa:

—­Iş­le­de,­ özüň­ al­—­diý­di.­ Men­ ony­ nä­dip ­alma­ly­kam!?

Bir­ gün­ ka­kam­ me­ni­ Çan­ky­ryň­ mer­ke­zin­de­ ýer­leş­ýän­ ba­za­ra,­ her­ ki­miň­ ta­na­ýan,­ de­giş­gen i­mon­ sa­ty­jy­sy­nyň ­ýa­ny­na­alyp­ bar­dy .­Li­mon ­saty­jy­dan ­bir­ tor ­sebet­ li­mon ­al­dy­da:

—­Ine,­ al­ şu­ny.­ Ber­gi­ňem ­şun­ça. ­La­ýyk ­bir­aý­dan­ ber­gi­ňi­ be­rer­siň­—­di­ýip,­eli­me ­sebe­di­ tutdur­dy.

Se­ret­se­ne­ bol­ýan­ zat­la­ra!­ Men­ä ­ti­gir­alyp­ ber- diý­ýän,­ ka­kam­ bol­sa­ eli­me­ bir­ tor­ se­bet­ li­mon tut­du­ryp:­ «Bar,­ sat»­ diý­ýär.­ Dog­ru­sy,­ şeý­le­ gahar­lan­dym.

Er­te­si çar­şen­be gü­ni daň bi­len­ Çan­ky­ryň baza­ry­na bar­dym. Li­mon­ly se­be­di­mi aça­gada goý­dum­da, sat­ma­ga baş­la­dym. Goň­şy daý­za­lar­dyr dost­la­ry­myň eje­le­ri­gap­da­lym­dan ge­çen­de, utanjym­dan ýüzüm gy­za­ryp,­ ýe­re gi­räý­jek bol­ýa­ryn.

Ep­es­li­ wagt­dan soň, me­niň­ ýag­da­ýy­my eşi­den kä­bir dost­la­rym me­ni gör­mä­ge gel­di­ler. Ola­ryň aýak­la­ryn­da, üst­baş­la­ryn­da dün­ýä­niň iň meş­hur fir­ma­sy­nyň iň soň­ky ­ny­sak­da­ky ­­owa­dan ­aýak­gapla­ry­dyr egin­baş­la­ry. Men bol­sa gü­nüň aşa­gyn­da li­mon sa­typ, ge­ýin­me ­beý­le­ki­ ýa­dy­ma dü­şe­nok­dy.

Soň­ky­ hep­de­ler­de­ dost­la­ry­myň­ her­si­ eline sy­gan­ja­ li­mon­lar­dan­ alyp,­ba­zar­da­aý­la­nyp,­satma­ga­ baş­la­dy­lar. ­Men­ bol­sa­ka­ka­ma ­ýat­sam ­tursam­ gaharlanýardym.­ Iki­ aý­ geç­di,­ li­mon­ satyp- ga­za­nan­ äh­li­je­ pu­lu­my al­dym­da,­ ka­ka­myň­ ki­tap oka­ýan­ ota­gy­na ­bardym.­ Pul­la­ry ­öňün­de ­go­ýup:

—­Ma­ňa­ ti­gir­ alyp ­ber­—­diý­dim­de,­otagdan­ çy­kyp­ gaýt­dym.­ Edil­ türk­ ki­no­la­ryn­da­ky­ ýa­ly bol­dy.

Nä­hi­li­ gu­wan­dy­ry­jy!­ Nä­hi­li­ buý­san­dy­ryjy!­ Kakam­ ma­ňa­ bal ­reňk­li,­ çarh­ly,­ aň­ry­baş­ fir­ma­nyň­ ön­dü­ren­ aja­ýyp­ ti­g­ri­ni ­alyp­ber­di. ­En­çe­me ­ýyllar­dan­ soň,­ ka­ka­myň­ öňün­de­ hon­dan­bär­si­ bolup­ go­ýup­ gaýdan­ pu­lu­ma­ ti­gir­ä­ beý­le­de­ dursun,­ tigriň ­pe­da­ly­ny­ hem ­alyp­ bol­ma­jak­dygy­na göz­ ýe­tir­dim.­ Ka­kam ­asyl­ maňa ­pu­luň, ­ga­zan­jyň,­ zäh­met­ çekmegiň­ ga­dyr­ gym­ma­ty­ny­ öw­re­den eken.­ Ka­kamyň­ ga­zan­jy­na­ göz­ di­kip,­ulalan ­çaga ­bo­lan­ bol­sam,­ men­de­ şu­wagt­ky ­sars­maz­ ruhum­dan­ nam-nyşan ­bol­maz­dy.­

Ana, şol gün­den soň­ ka­kam­dan hiç ­wagt pul sora­ma­dym (Ýe­ne­de bir­ zat­lar sat­dy­rar ­öý­düp däl).

Bir­nä­çe­ ýyl­lar­dan­ soň­ öz­ hu­su­sy­ şe­re­ke­ti­mi gur­ma­ga ­baş­la­dym. ­Enem ­atam­ elle­rin­de­ bar­jasy­ny,­ hat­da­ ulag­la­ry­ny ­hem­ gar­şy­lyk­ gör­ke­ze­nime­ bak­man,­ma­ňa­ kö­mek­ bol­sun­ di­ýip­ ber­di­ler.

Ça­ga­la­ry­ňy­za­ be­rip­ bil­jek­ iň­ gym­mat­ly­ sowga­dy­ňyz,­ özü­ňi­ziň­ oňat,­nus­ga­lyk­ görel­dä­ňiz­dir.


Çeşme: Dünýä edebiýaty

5
197
gultaze
20.03.2023 06:06


"Toý güni gaçan gyz"

(Durmusda hakyky bolan waka)


Waka Balkan welaýatynyň ilerki obalarynyň birinde bolupdy. Meniň tanyş işleşýän bir oglanym bardy. Işi-güýji ýerinde, ederini bilýän oglandy. Bir gün iş üçin men işleýän dükanyma geldi. Şonda özüniň bir gyzy söýýändigini eýýam iki hepdeden bäri duşuşýandygyny aýdypdy. Menem dostumyň söýgüsine begenipdim. Maňa suratyn görkezdi. Diýseň owadan gyz eken. Ol gyz bilen dostum 1 ýyl 7 aý söýüşdi. Ençeme gezek maşynymda duşuşyga äkidip geldim. Menem bulaň söýgüsiniň bir kiçijik bölejigidim.

Wagt geçip durdy....

Dostum ýanyma geldi bir gün. Öýlerindäki ejesidir ýeňňelerini sawçylyga äkidip gelmegmi haýyş etdi. Menem ak ýola rowana boldym. Bardyk salamlaşdyk. Menä şafýor bolamsoň maşynda garaşmagy niýet edindim. Bir sagatdan geçendir belki, biziňkiler öýden çykdy. Ýüzleri gülýärdi. Menem sözleriniň alynanyna öz ýanymdan diýseň begendim. Ähli zat gowydy. Hiçbir problema ýokdy. Toý sähet alyndy, galyň geçirildi. Aýdymçydyr,wideoçylar toýa tutuldy. Toýa sanaglyja günler galypdy.

Inede toý güni başlandy. Uly mal öldürip geneş toýa başladyk. Sag-aman geňeşi sowup zatlary ýygnaşdyrmaga komek edip dostum bn hoşlaşyp, ertirki gelinalyny gün üçi.n dynç almaga öýe gaýtdym. Dostym telefonda aljak gyzy bn gürleşip durdy. Sagat 02:30 töweregi.

Gün dogdy. Men ýuwunyp çaý-suw içip toý ýere geldim.

Ähli zat gül ýaly.

Kim gazan ataryp naharyň ugruna çyksa,kimler myhmanlara çaý çekmäň aladasyndady. Menem dost bolamsoň öýlenjek ýigit bilen salona gaýtdyk. Ýolda dostum jaň etdi. Durmuşa çykjak gyz teli galdyrmady. Dostumam ýetişýän däldirdä diýip täzeden aýlamady. Biz salondan gelip geýindik.

Ähli zat bolmalsy ýalydy.

Ak kejebe ýola düşdi. Uly arzuw,umyt bilen gelin ýere bardyk. Hemmeler sessizdi. Ýaşulylar öýe girdi. Bizem gelin maşynyň aýnasyndan daşaryny synlap otyrdyk. Kän wagt geçmankä dostumyň daýysy maşyna gelip:

-Ýegen! Köpçülikde bolýan zat,ildede bar. Mert bol ýegen! Gelinlik gyz daň bilen başga biri bilen gaçypdyr-diýip eýmenç habary berdi.

Menä men weli, dostum beter erbet boldy. Şeýlebir aýylganç ýylgyrdy. Men beýle ýylgyryşy heniz adamda görmändim.

Uly umyt bilen "Bagt"diýip baran Ak gelin maşyn yzyna boş gaýdypdy.

Il-gün bir gün gybatymyzy etdi,iki gün etdi soň etmedi. Ýone biwepa gyzyň eden hereketi häzirem dillerde sena.

Bu nähili gyz? Bu nähili ykbal?

Allajan şeýle biwepany,beýle ykbaly hiç kimiň maňlaýyna ýazmawersin!

Siz soň dostuňa näme boldy diýip sorarsynyz!

Dostum henizem öýlenenok! Ol indi asla gyzlara ynanmajagyny aýdýar. Ýone men muňa ynanamok. Ol hokman täzeden ynanar. Bir gün çyn söýgi gapysyny kakan güni ynanar!

Ol biwepany bolsa wyždanyna tabşyrdyk. Bir gün söýgüniň ahy tutar...


Nowça

10
496
gultaze
gultaze
19.03.2023 06:54
Dünyäde bir gezek ogurlyk etseň, Seniň günäň bagyşlanýar diyseler- Göni size tarap dogrulardym men, Seni ogurlardym men... Kerim Gurbannepesow Size bir gyzykly sorag: Eger seniň günäň bagyşlanýar
gultaze
gultaze
18.03.2023 05:07
Birazajyk durmuş hakda... Durmuşda iñkär edip bolmajak iki sany hakykat bar- ýaşaýyş we ölüm. Ýaşaýyş durmuşyn başy bolsa ölüm onuñ ahyry. Emma durmuşda ýaşyan adamlar bar, olaryñ köpüsiniñ elleri,
gultaze
gultaze
17.03.2023 05:24
Durmuşdan nägile bolmaň. Eger durmuşyňyzdan nägile bolsaňyz okamagyňyzy maslahat berýärin!!! Eger holodilnigiňizde iymitiňiz, şkafyňyzda eşiginiz, ýaşara öýüňiz, ýatara ýeriňiz bar bolsa siz
gultaze
gultaze
16.03.2023 06:13
Erkegiñ dogasy: Gelnimi her hili howpdan gora. Gerek bolsa maña howp abansyn. Ony hiç ýadatma. Gerek bolsa men ýadaýyn. Ol işlemesin men işläýin. Ol hassa bolmasyn men bolaýyn. Allahym. Ol
gultaze
gultaze
15.03.2023 19:58
Tilki sapalagy Günlerde bir gün bir tilkiniň guýrugy iki uly daşyň arasynda galypdyr. Tilki şunça urunsa-da guýrugyny çekip çykaryp bilmändir. Ahyrynda bolsa, guýrugyny kesmeli bolupdyr. Ine ýene
gultaze
gultaze
14.03.2023 20:42
Gep Hawa-da, men bir garry enäniň garry gyzy. Ýaşyň geçdigi saýy, edil olaryň depesine çykyp oturýan ýaly öz öýüňde oturanyňam köp görýänler köpelýän eken. Nirde görseler: —Aýsaparjan, haçan toý? Bir
gultaze
gultaze
13.03.2023 20:04
Bir sagadyňyz galdy. Ýaşaýşyň süýjüligini diýsene… Bu ýagty ýalançy bizi gujagynda şeýle bir aýnadýar welin, didaryňy didaryndan aýrasyň gelenok. Hat-da ýaşy ýüzden geçen gojalaryňam ýene bir müçäni
gultaze
gultaze
12.03.2023 19:59
Degişmeler. 1. Mugallym okuwça sorag berýär: -Haýsy öý haýwanlarynyn dort aýagy bar? -Gujuk, pisik, geçi, sygyr. -Berekella! Ýene haýsylar? -Iki sany towuk. 2. 1-nji synp. Oý isi ýerine ýetirildi.