Limon satýan oglanjyk.
Orta mekdebiň soňky synpynda okaýardym. Kakam Çankyryda harby işgärdi. Bizem harby ýaşaýyş toplumynda ýaşaýardyk. Goňşy oglanlaryň hemmesinde tigir bardy, bir mende ýokdy.
Okuwyda tamamladyk. Kakamyň ýanyna baryp, tigir alyp bermegini haýyş etdim. Kakam bolsa:
—Işlede, özüň al—diýdi. Men ony nädip almalykam!?
Bir gün kakam meni Çankyryň merkezinde ýerleşýän bazara, her kimiň tanaýan, degişgen imon satyjysynyň ýanynaalyp bardy .Limon satyjydan bir tor sebet limon aldyda:
—Ine, al şuny. Bergiňem şunça. Laýyk biraýdan bergiňi berersiň—diýip,elime sebedi tutdurdy.
Seretsene bolýan zatlara! Menä tigiralyp ber- diýýän, kakam bolsa elime bir tor sebet limon tutduryp: «Bar, sat» diýýär. Dogrusy, şeýle gaharlandym.
Ertesi çarşenbe güni daň bilen Çankyryň bazaryna bardym. Limonly sebedimi açagada goýdumda, satmaga başladym. Goňşy daýzalardyr dostlarymyň ejelerigapdalymdan geçende, utanjymdan ýüzüm gyzaryp, ýere giräýjek bolýaryn.
Epesli wagtdan soň, meniň ýagdaýymy eşiden käbir dostlarym meni görmäge geldiler. Olaryň aýaklarynda, üstbaşlarynda dünýäniň iň meşhur firmasynyň iň soňky nysakdaky owadan aýakgaplarydyr eginbaşlary. Men bolsa günüň aşagynda limon satyp, geýinme beýleki ýadyma düşenokdy.
Soňky hepdelerde dostlarymyň hersi eline syganja limonlardan alyp,bazardaaýlanyp,satmaga başladylar. Men bolsakakama ýatsam tursam gaharlanýardym. Iki aý geçdi, limon satyp- gazanan ählije pulumy aldymda, kakamyň kitap okaýan otagyna bardym. Pullary öňünde goýup:
—Maňa tigir alyp ber—diýdimde,otagdan çykyp gaýtdym. Edil türk kinolaryndaky ýaly boldy.
Nähili guwandyryjy! Nähili buýsandyryjy! Kakam maňa bal reňkli, çarhly, aňrybaş firmanyň öndüren ajaýyp tigrini alypberdi. Ençeme ýyllardan soň, kakamyň öňünde hondanbärsi bolup goýup gaýdan puluma tigirä beýlede dursun, tigriň pedalyny hem alyp bolmajakdygyna göz ýetirdim. Kakam asyl maňa puluň, gazanjyň, zähmet çekmegiň gadyr gymmatyny öwreden eken. Kakamyň gazanjyna göz dikip,ulalan çaga bolan bolsam, mende şuwagtky sarsmaz ruhumdan nam-nyşan bolmazdy.
Ana, şol günden soň kakamdan hiç wagt pul soramadym (Ýenede bir zatlar satdyrar öýdüp däl).
Birnäçe ýyllardan soň öz hususy şereketimi gurmaga başladym. Enem atam ellerinde barjasyny, hatda ulaglaryny hem garşylyk görkezenime bakman,maňa kömek bolsun diýip berdiler.
Çagalaryňyza berip biljek iň gymmatly sowgadyňyz, özüňiziň oňat,nusgalyk göreldäňizdir.
Çeşme: Dünýä edebiýaty