"Toý güni gaçan gyz"
(Durmusda hakyky bolan waka)
Waka Balkan welaýatynyň ilerki obalarynyň birinde bolupdy. Meniň tanyş işleşýän bir oglanym bardy. Işi-güýji ýerinde, ederini bilýän oglandy. Bir gün iş üçin men işleýän dükanyma geldi. Şonda özüniň bir gyzy söýýändigini eýýam iki hepdeden bäri duşuşýandygyny aýdypdy. Menem dostumyň söýgüsine begenipdim. Maňa suratyn görkezdi. Diýseň owadan gyz eken. Ol gyz bilen dostum 1 ýyl 7 aý söýüşdi. Ençeme gezek maşynymda duşuşyga äkidip geldim. Menem bulaň söýgüsiniň bir kiçijik bölejigidim.
Wagt geçip durdy....
Dostum ýanyma geldi bir gün. Öýlerindäki ejesidir ýeňňelerini sawçylyga äkidip gelmegmi haýyş etdi. Menem ak ýola rowana boldym. Bardyk salamlaşdyk. Menä şafýor bolamsoň maşynda garaşmagy niýet edindim. Bir sagatdan geçendir belki, biziňkiler öýden çykdy. Ýüzleri gülýärdi. Menem sözleriniň alynanyna öz ýanymdan diýseň begendim. Ähli zat gowydy. Hiçbir problema ýokdy. Toý sähet alyndy, galyň geçirildi. Aýdymçydyr,wideoçylar toýa tutuldy. Toýa sanaglyja günler galypdy.
Inede toý güni başlandy. Uly mal öldürip geneş toýa başladyk. Sag-aman geňeşi sowup zatlary ýygnaşdyrmaga komek edip dostum bn hoşlaşyp, ertirki gelinalyny gün üçi.n dynç almaga öýe gaýtdym. Dostym telefonda aljak gyzy bn gürleşip durdy. Sagat 02:30 töweregi.
Gün dogdy. Men ýuwunyp çaý-suw içip toý ýere geldim.
Ähli zat gül ýaly.
Kim gazan ataryp naharyň ugruna çyksa,kimler myhmanlara çaý çekmäň aladasyndady. Menem dost bolamsoň öýlenjek ýigit bilen salona gaýtdyk. Ýolda dostum jaň etdi. Durmuşa çykjak gyz teli galdyrmady. Dostumam ýetişýän däldirdä diýip täzeden aýlamady. Biz salondan gelip geýindik.
Ähli zat bolmalsy ýalydy.
Ak kejebe ýola düşdi. Uly arzuw,umyt bilen gelin ýere bardyk. Hemmeler sessizdi. Ýaşulylar öýe girdi. Bizem gelin maşynyň aýnasyndan daşaryny synlap otyrdyk. Kän wagt geçmankä dostumyň daýysy maşyna gelip:
-Ýegen! Köpçülikde bolýan zat,ildede bar. Mert bol ýegen! Gelinlik gyz daň bilen başga biri bilen gaçypdyr-diýip eýmenç habary berdi.
Menä men weli, dostum beter erbet boldy. Şeýlebir aýylganç ýylgyrdy. Men beýle ýylgyryşy heniz adamda görmändim.
Uly umyt bilen "Bagt"diýip baran Ak gelin maşyn yzyna boş gaýdypdy.
Il-gün bir gün gybatymyzy etdi,iki gün etdi soň etmedi. Ýone biwepa gyzyň eden hereketi häzirem dillerde sena.
Bu nähili gyz? Bu nähili ykbal?
Allajan şeýle biwepany,beýle ykbaly hiç kimiň maňlaýyna ýazmawersin!
Siz soň dostuňa näme boldy diýip sorarsynyz!
Dostum henizem öýlenenok! Ol indi asla gyzlara ynanmajagyny aýdýar. Ýone men muňa ynanamok. Ol hokman täzeden ynanar. Bir gün çyn söýgi gapysyny kakan güni ynanar!
Ol biwepany bolsa wyždanyna tabşyrdyk. Bir gün söýgüniň ahy tutar...
Nowça