gultaze
18.03.2023 05:07

Birazajyk durmuş hakda...

Durmuşda iñkär edip bolmajak iki sany hakykat bar- ýaşaýyş we ölüm. Ýaşaýyş durmuşyn başy bolsa ölüm onuñ ahyry.

Emma durmuşda ýaşyan adamlar bar, olaryñ köpüsiniñ elleri, köpüsiniñ aýaklary yok ya-da sag däl, köpüsiniñ gözleri görenok, köpüsi reñkleri saýgaryp bilenok, olara daşyndan synlaýanlar: "Ýarym ölüler" diýýäler. Emma olara icgin seredip görseñ beyle dal, olar ýaşaýyşa sagdyn adamlardan has umytly. Eger şu zatlar biz sagdyn adamlar ücin "Yarym ölülik" bolsa, şu ölüm bolsa onda ýaşaýyş nirede?
Durmuşda, teni-jany sag, on iki süññi abat adamlar bar. Olaryñ ähli zady duzuw, yer-be-ýer, toprak diyip tutanlary gyzyl bolup cykyar, emma olaryñ ýürekleri kör, ýürekleri, añlary ak-gara reñkleri saygaranok, ruhlary öli. Biz olara seredip: "Bäh, gowy yaşaýan eken-aý" diýýäris. Eger şu ýaşaýyş bolsa onda ölüm nirede? Pikirlenyan we calaja ýylgyrýan.
Durmuşda birnäce duygular bar, olar: ýigrenc, gahar-gazap, söýgi. Kä wagtlar bular ynsany ýylgyrmaga mejbur edýär. Mysal ucin: birini ýigrenýäs, oña gahar-gazap bilen seredýäs soñ birden söýgi döreýär, birini söýýäs, soñ bolsa ýigrenýäs, gahar-gazaply bolýas. Durmuşyñ nobatdaky oyunlarynyñ biri bularam.
Durmuşda birnäce yakynlarymyz bar. Şolardan biri hem dostumyz. Men şeylebir dost gördüm, ol maslahatcy, syrdaş, göwniacyk. Ol men hakdaky gowy sözleri aşyryp, yalan sözleri ýaşyrýar. Ol dine meniñ aydanlarymy hakykat hasaplayan dost. "Gyz bilen oglan dost bolmaz" diýýäñizmi? Menem şeýle pikir edipdim, emma durmuş maña munuñ tersini subut etdi. Ýene ýylgyrdym, hawa, şeyle dostumuñ barlygyna ýylgyrdym:))

7
533
Myhman Myhman
22 Mart 2023
Gyz bn oğlan hiç wagt dost bolp bilmez hokman bir tarabyň neti uytgesik bolyar
Myhman Myhman
21 Mart 2023
Bolup biler
Myhman Myhman
21 Mart 2023
Hakyky
Myhman Myhman
18 Mart 2023
Dogry aytyar 👍👍👍👍👍
☠️☠️☠️☠️☠️
18 Mart 2023
🤔Hmmmm
davit
18 Mart 2023
Salam
Myhman Myhman
18 Mart 2023
salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.