Tilki sapalagy
Günlerde bir gün bir tilkiniň guýrugy iki uly daşyň arasynda galypdyr. Tilki şunça urunsa-da guýrugyny çekip çykaryp bilmändir. Ahyrynda bolsa, guýrugyny kesmeli bolupdyr. Ine ýene bir gün guýrugy kesik tilkini başga bir tilki görüp, ondan näme üçin guýrugyny kesendigini sorapdyr. Tilki oňa: «Aý, guýruksyz bolmagyň nähili keýpi barka, barlap göräýin diýdim. Gaty üýtgeşik keýpi bar eken» diýipdir. Onsoň, bu tilki hem: «Gel-äý, şunuň bir üýtgeşik keýpi bar bolsa, menem kesip göreýin-le» diýip, guýrugyny kesipdir. Görse, kesilen ýeriniň yzasy halys alyp barýar diýýär. Ol näme etjegini bilmän ýaňky tilkini gözläp tapypdyr-da, ýel berlen tulum ýaly çişip gykylyklamaga başlapdyr: «Sen-ä barypýatan ýalançy ekeniň. Guýrugymy biderejik kesdirdiň. Hany munuň keýpi nirede? Bütin endam-janym zerzaw ahyry».
Şonda tilki oňa şeýle jogap beripdir:
– Ýuwaşrak bolaweri, tilki dost! Eger sen agyryly eken diýip aýtsaň, tilkileriň hiç haýsysy gaýdyp guýrugyny kesmez. Onsoň, olar ömürboýy biziň üstümizden gülerler.
Şeýlelik bilen, bular iki bolup, guýruk kesmegiň nähili keýplidigini gürrüň bermäge başlapdyrlar. Tilkileriň köpüsi olaryň gepine gidip, guýruklaryny kesipdirler. Guýruklaryny kesmedik tilkileriň sany barha azalypdyr. Olar masgaralanyp, jebir-sütemlere sezewar edilipdir.
Edil şonuň ýaly jemgyýetde erbetlik, agzynlyk rowaç alan ýagdaýynda, erbet adamlar gowy adamlary kemsidýärler, olara azar-ýamanny berýärler.