gultaze
14.03.2023 20:42
Gep

Hawa-da, men bir garry enäniň garry gyzy. Ýaşyň geçdigi saýy, edil olaryň depesine çykyp oturýan ýaly öz öýüňde oturanyňam köp görýänler köpelýän eken. Nirde görseler:
—Aýsaparjan, haçan toý? Bir tans edäýjekdik-dä heh-eh —diýen bolarlar. "Ölüp barýan bolsaň öýüňde aýdym açda oýnaber-da, näme Aýsapar toý etmese tans oýnajak däl diýip ant içdiňmi" diýesim gelýär, ýöne:
—Nesibeli gün bardyr-da daýza — diýip oňaýýan. Ýogsa olaryň aladasy meniň bagtymy tapmagym dälem welin...
Käşge şol ýerde gutarsa gürrüň, ýo-ok dowamam bar. Men geçip gidemsoň yzymdan bolýan gürrüňler hasam gyzykly. Özüm-ä hezil edip diňleýärin.
—Heh, nesibeli gün diýen bolan bolşuna seretsene. Mynnan soň nesibeli günden tamasyny üzäýmese. Yntyrneda girip, surat goýup ýörşi şü bolsa kime gerek şü.
—Howwa-dey, dogry aýtýeň, ýüzüniň kraskasy dagy, heh.
Ömrüňde görmedik zatlaryňy geýer özem moda diýen bolup. Modaňa ot düşsün.
—Howw-e-eý, özi tikip geýýemiş, ýalandyr-deý, elinden tikin-çatyn gelýemi şuň.
—Ýak-de-eý, zat gelýemi elinden. Gaýtam biziň gyzlarymyza-da ot berýe şü köp zady. "Aýsapar geýipdir, bizim geýjek. Aýsapar saçyny beýdip toýa bardy, bizem şeýtjek" diýip gün berenaklar. Terbiýesi bozulup barýar çagalarymyzyň.
—Onnan-a, birini tafyp, äre gitse bolmyýemy-ka...
Pikirlenýärin! Men üýtgeşik näme geýdimkäm?
Meň geýenim moda bolar ýaly men näme Ivana Sertmikäm?!
Mundan 1-2 ýyl öňki eşiklerimi giňeldip, oňaryp geýip ýörün. Geýýän köwüşimem daýzamyň gyzyndan alypdym, aýlyga. Sepinýänimem daýzamyň geçen ýylky doglan günüme beren atyry. Gutaraýmasyn diýip, özümdenem gysganyp, her wagt toý-tomaşa bolsa sepinäýmesem...
Dogrudanam şol atyry nirede gizläp goýdumkam?
Garaz obaň "Günäkäri" men ekenim. Hut, men ýok bolsam moda ýitip, köýnekler giňelip, ýüze çalynýan reňkler aýyrlyp, gaşlar ütülmän hemme gyzlar akylly bolaýjak ýaly.
Özlerem çalt-çaltdan, bir-birine gezek bermän gürleýämişler welin Eminem görse haýrany hekgerjekden... Bäh dogrudanam şeýlemik-ä, ýa maňa gep getirýänçiň toslamasymyk-a? Bilemok!
Meniň geň galýan ýerim — olaryn çagalaryna beren şunça ýyllyk terbiýesine göwünleri ýetýän bolsa, iki sagatlyk toýda şeýle berk terbiýäniň bozulmagyndan näme sebäpden gorkýarlar-ka? Adamyň terbiýesiniň üýtgemegi biriniň geýen geýimine baglymyka aslynda? Gep getirýäniň gürrüňine görä olar tüýküligine düwnükse-de "Aýsapar günäkär" diýjekmiş.
Ähä, gep getirýänçi jaň edýär. Hawa-da, daşary sowuk bolansoň gelip ýörmän jaň edäýeýin diýendir. Bolmanam telefon bar wagty gelip ýörmek nämä gerek?! Döwrümiziň mümkinçilikleri il hatary gepçilerimiziňem işini aňsatlaşdyrdy tüweleme! Daýzalar-a: "Şü tilpuny çykaranyň jany sag bolawersin, hezil edip gybatlaşýes öz-ä" diýip begenýärler. Gör näçe meň ýalakyň maňlaýyny garaltdy ol gybatlar.
—Alo!
—Aýsaşka gowumy?
—Gowy, mes, özüň nähili?
—Ey, edil sen ýaly mes bolmasagam gezip ýörüs.
Meň iki dogulyp bir galanym ýaly, adymy suwjaryp tutan bolup. Gowy gürrüň aýtmajagy şondanam belli-da. Aýtsa aýdyp dynsyn diýip derrew gürrüňe geçdim:
—Osoň, näme täzelik?
—Täzelig-ä bar-eý, özem sen barada.
—Ähä, aýdyber.
—Toýuň barmyş?
—Kim aýtýe ony?
—Pylany klasdaşymyz bar-a, şoň ejesi ejemiň ýanyna geldi. Şol aýtdy. "Aýsapar ýaglyk daňyb-a bir ýere barýen eken. Toýy bamyka diýen. Şunça oturup kime barýe-ka, oturanyna degýemik-ä özi, toýuna çagyrsa barjak. Bir göreýin kime barýenini"
—Seň ejeň näme diýdi osoň?
—Bagty bolsun! Toýdan bolsun! diýdi.
Hm-m-m, diýendir, diýendir. Gyzy sen boljak bolsaň.
Garaz meniň ýok toýumyň gürrüňini edipdirler. Galyňymy kesipdirler. Pylan toý mekanda toýumy tutupdyrlar. Gepiň gysgasy şo günki gep ýassyklary men bolupdyryn.
Enem pahyry ýatladym. "Goňşyň gowy bolsa kel gyzyň äre gider, goňşyň ýaman bolsa gül gyzyň göre gider" diýerdi. Ýylgyrdym!


Aýsapar EMELOWA
10
259
Myhman Myhman
19 Mart 2023
Name bolsada kim gywat etsede Allatagala yaradanda janly jandaram adamam juwti bn bile yaradypdyr Insaalla bagty acylyp gider. Gywatyny gorup bilemeyan goripler toyunda ajy yylgyrmakdan basga zada guji yetmez.
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Halk aýtsa galp aýtmaz .
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Hic bir zat daşyndan görnüşi yaly daldir. Onsonom ozunden tapyp gybat edayşini adamlaryñ...🙁🤐
Myhman Myhman
14 Mart 2023
Ozone gowni yetyanjegyza menzeyar. Dowrebap oytyan internetli zamanan gyzyda garram bolsa.Onun den duslaram etjekdir son edenini yone cagalary masgalasy garaz mumkincilik yok bolyada.
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
14 Mart 2023
Gowy hekaýa Aýsapar Emelowa 👏👏👏👏👏👏👍
ideallider
14 Mart 2023
Ilem ildir, gep-gybatam köpdür. Emma bütin il-halk bir agyzdan birzat diýse, onda elbet ugrunda bardyr.
jemal_seyitniyazowa
14 Mart 2023
Sözüm ýok 👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.