gullnara_
29.06.2023 00:35
Sen maňa az bakarsyň,köp bakarsyň ýaryňa..."
Gün öz ýaşasynyň gelmeýänini duýdurjak bolup wagty bilen eňegini ýere bermedi. Uzakly günüň ýadawlygyndanmy ýa-da iňirdiden ýaňa çişip giden gulagynyň agyrysyndanmy,belli zat bolmasa-da Serdaryň küýünde ýekeje pikir bardy:
'' Çaltrak öýe gidip ýatmaly!’' Emma şu pursatda oňa öýem derdeser bolup bilmeýärdi.Häzir öýe baraýanynda-da ýa aýalynyň agysy,ýa ejesiniň iňirdisi onuň galanja keýpine-de sogan dograjakdy.Nätmeli?Ýa-ha ikisiniň dilini tapmaly,ýada…Soňky pikirlerinden özi utanyp dilini dişledi.
''Ýok!Beýle ýaşaýyşdan ýaşaýyş bolmaz!Bellisini etmeli!Hökman biriniň ýüzüne gelmeli!''
Ädilesi gelmeýän ädimlerini süýräp öýüniň işiginden jyklan Serdary ýene-de öňki görnüş gujagyna saldy. Hemme zat öňkiöňkülik!Ana,otagynyň içinden sojap-sojap aglaýan aýalynyň sesi gelýär.Beýlede-de ejesi aýtjak geplerini telim sagat bäri hyýalynda bişirip oturandyr.
''U-u-uff ýenemaý!Merjen!''
Ýeňi bilen ýaşyny süpürip duran Merjen Serdaryň gözlerinden bir erbetligiň bardygyny aňsa-da syr bildirmedi:
-Ejeň ''Gelen badyna meň ýanyma gelsin!'' diýdi.
-Ýör!Senem düş öňüme!
Agy gatyşykly hüwdiden ýellenen jaý üç gahrymany ikiçäk galdyrdy.
-Hawa,eje.Sorapsyň?!
-Ilki bilen salawmaleýkim diýerler.
Ýa aňryňdaky jyn seniň öňküje ejeňe bolan sylagyňam ýatdan çykartdymy?
-Bar şo şomuşynam-da,eje!Ýok ýerden näme üçin gepi çişirýäniňe düşünemok men!
-Hä-ä,dogry,işde wagtyň jaňlaşyp eýýäm özüni akja jüýje edip görkezendir ol.Beled-ä men oňa.Wah,men guraýyn. Gudaçylyga giden aýaklam gurasyn!
-Eje,açygrak aýtsana näme bolanyny!
-Aýtsam ýürek edip diňläp durup bilersiňmi ?Hä?Aňryňdaky şu gün meni zäherlejek boldy!Ana,bar bolany!
-O nädip?!
-Nädibi şol!Getiren çorbasynyň içinden el ýaly tarakan çykarda,heý,onsoň arkaýyn oturyp bolarmy? Wah,naharynyň süýjüliginden geçdik-le!Zäherlemese kaýyldyk-la,wah…O günlerem geljek ekeni…
-Merjen,ejemiň aýdýanlary dogrumy?
Merjen aljyrady,edil aýagyna ot basylan ýaly zowzanaklady.
-Men…Men bilip edemok.Nahary guýup,çaý demleýänçäm gaçandyr atdanlykda.
-Heý,özüni oňarman geçen.Heý-de aýal özüni oňarsa aşhana-da şeýle zatlar boljakmy?Özüni oňarmaýan diýerler saňa!-Ejesiniň barha sesi gataldy-Gül ýaly ogluma seni alyp berip gül ömrüni soldurdym!
-Bor-la,eje!Ýalňyşlyk bilen bolandyr-da!Bilip eden däldir-ä şolam!
-Hä-ä.Indi o soňky gelen günäsiz boldu-da biz günäli bolaýdykmy?Heý,utançsyz!Ýumruk ýaljak neme diýip öz ejeňden geçip dursuň-a sen!Hany beren süýdümiň aklygy?Taňryýalkasynyňmy şu?
-Boldy,besdir!Ýadadym şu gürrüňleriňizden.Eje!Şu gelin seni zäherleýän bolsa alajyny tapdym özüm.
-Hawa,bireýýäm bermelidiň talagyny!Beýle gelin gönendirmeýär seni!
-Ýok,talakly gürrüňi goý.eje!Merjen!Bar goşlaryňy ýygnaşdyr!Obadaky dostum Myrat ''Gelseň obada iş bar'' diýdi.Kireýine jaýda ýaşarys häzirlikçe.Soňunam görübereris-dä!
-Heý,binamys!Indi garry ejeňi şäheriň orruk ortasynda goýup,bir saçyuzynyň yzyna düşüp gidiberjekmi? Il-gün näme diýer?Ýokmy ahyry sende perzentlik mähri?
-Men belli netijä geldim.Habar tutup duraryn sendenem.Hor bolmarsyň...
- Ýit,garaňy saýla.Görmäýin ýüzüňem.Beren süýdüm,yhlasym tutsun seni!Heleýguly diýerler saňa!Kömegiňe mätäç däl men!Il-gün ýetişer kömegime!
Eý,Hudaý.Men nämeler edip ýörün-ä.Başym çaşdy.Aklymy ýitirdim men iki oduň arasynda galyp.Merjene dözemok. Ýöne,ejem näme?Eýsem ony şo ýerde goýup gaýdyşym ynsanlykdan nyşanmy? Allajan,özüň ýol görkez.Ýolumy ýitirdim men,Allajan!...''
Serdar hökümet işi diýip ertirden-agşama selpeýärdi,Merjenem öýüň işi diýip basga düşýärdi.Oba ýeri-dä.Işi özüne belli.Mal-garajyk edinäýseň-ä ýene bir dert.
’'Iýjek-işjegimiz bir özümizden bolsun'' diýip,Serdar birinji aýlygyndan iki towuk,bir horaz,birem geçi alyp geldi. Merjene-de iş tapyldy. Güýmenjesi şolar.Bir seretseň towuklara goşgy okap berip oturandyr,bir seretseňem geçisiniň şahyny sypalap aýdyma hiňlenýändir.Entegem şularyň bary.Ýogsam goňşularam ''täze goňşydan'' bir-birini gabanyşyp ýüz berenoklar.Nirde ýeňillik baraý?Gaýtam oba gaýdyp, Serdaryňam,Merjeniňem gulagy ýeňledi.Ertirden-agşama çenli süňkleri döwülere gelýänçä işlänsoňlar, agşam düşdügi ýatmak bilen bolýarlar.Uruş-sögüş hakda gürrüňem ýok.Bir-birine hoş söz aýtmaga-da ýaramaýarlar hatda…
***
''Akjagül eje däliräpdir!'' diýen habar goňşularyň arasynda derrew ýaýrady.Gybat ýerde ýatmaýar. Tanyş-bilişleriň,hatda Serdaryň gulagyna çenli baryp ýetdi.Ýöne,Serdaryň yza dolanara bogny ysmady.Ýüzi ýokdy yza dolanara.Oňa diňe indiki eşidiljek gybatlara garaşaýmak galdy.
Akjagül ejäniň welin däliräni çyndy.Köçede gelin görse sögüp,ýigit görse-de daşlamak bilen boldy. Sögüp-sögüp leji çykardy-da,soňam aglamaga oturardy.Garry-gurtularyň duýgusy-da.Haçan gelip nirä äkitjeginden habaryň ýok.Tanyş-bilişlerden soramaga gelselerem:
’ 'Oglumdan almadyk wepamy  alasym ýok.Gidiň!Ýitiň,ýok boluň!Hijiňiz gerek däl maňa!'' diýip,tumşugyny towlardy-da gapyny ýapmak bilen bolardy.
***
''Ejemiňem haly harapdyr.Halyny sorap gaýdaýyn. Belki, bagyşlar. Gutular'' diýen niýet bilen ýola düşen Serdaryň bu işini Merjen oňlamady. ''Seresap bol! Däli adamdyr! Birden ýakaňdan tutubermesin!'' diýip Merjen kän ýalbardy.Ýöne ejesini bu ýagdaý-da ýalňyz goýmaga Serdaryňam ynsaby çatmady, Merjeniňem.
Serdar ýolboýy pikire batyp geldi. Ol beýle ýagdaýa düşer ýaly näme günäsi bardy? Näme etmişi bardy? ''Söýeniňi alsaň bagtly bolýaň'' diýen gürrüňe eýerip,aýak depibem bolsa Merjeni aldy. Almasyna aldy welin,Merjeni ejesi oňlamady. Gaýyn-gelin arasynyň dawasy bolsa ony gör nirelere getirdi?
Açyk gapydan salam berip giren Serdar ejesiniň şol öňkije otagynda aýdyma hiňlenip oturanyny aňşyrdy.
''Ýaryň geler ýanyňa,
Ejeň geler zaryňa-a-a,
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa…''
-Eje!
-Waý,dogan-eý!Ýit,ýok bol! Gözüme görünme diýdimä men saňa.Öň taşlap gideniňi az görüp öldürmäge gelensiň sen!Dynaýyn diýýänsiň sen!
-Eje,dursana.Beý diýmesene!
Baryp ejesini bagryna basmakçy boldy.Garry hem bolsa entek gaçarakowara gurbaty galan ejesi äpişgäniň öňüne süýşdi.
-Eje,bagyşla meni.Eje,gel bagryma basaýyn.Mähriňe zar-a men ejemjan!
Ýene köne kejirligini eden ejesi yza süýşmekçi boldy.O barmana-da penjireden aşaklygyna kelemenläp gaýtdy.''Wa-a-aý'' sesi jaýlaryň arasynda ýaňlanyp gitdi...
-Gurbanberdiýew Serdar Mämmetgeldiýewiç.Siz Gurbanberdiýewa Akjagül Sapar gyzynyň,ýagny,ejeňiziň ölümine sebäp bolandygyňyzy boýun alýaňyzmy?
-Hawa,boýnuma alýan!
''Hih,beýle-de boljak ekeni'', ''Haý,näletkerde ogul'', ''Gadyrbilmez eşek diýerler muňa!’'
Oturanlardan gelýän gargynçly sözlerden,teýeneli geplerden öňem hum ýaly çişen kellesi ýarylara gelen Serdaryň ýumrulan dünýäsine indi hiç zat täsir edip bilmeýärdi.Sud ömürlik jeza berse-de,atuw jezasyny bersede egnini gysyp çekmäge kaýyldy. Eger,sud bardy-geldi ýyl kesmän şeýle azatlyga ugradan-da bolsa,barybir mundan beýläk wyjdan yzasyny çekip ýaşamalydy.
***
-Gurbanberdiýew Serdar.Sizi soraýarlar.
Şu gözenekleriň arasyndan kimdir biriniň sorap gelmesi Serdar ýalylar üçin uly bagtdy.Ilki bu ýagdaýa begenenem bolsa Serdaryň begenji uzaga çekmedi. Kabinanyň aňyrsyndan ýere seredip oturan Merjeniň ýüz-gözünden oňlulygyň ýoklugyny aňdy.
-Salam,Merjen.Gowumy ýagdaýlaryň?Aç-hor bolaňokmy?
-Salam,gowy.Saňa bir zat aýtmalydym.Meni ýigrenip bilersiň.Ýigrenmäge doly hukugyň bar.Men… Men aýrylyşmak barada arza berdim.Öýdäkiler maňa ''Ejesini öldüren oglandan är bolmaz, aýrylyş!Ýa bizi saýla,ýa-da ony'' diýýärler. Bagyşla,ömrüniň ahyrynda kakamy närza edip bilmerin.Aýrylyşmaly boljak,şoňa seň goluň gerek.Şony sorap gelipdim…
Bir pursatda dünýesi çöwrülen Serdaryň deminden ot syçraýardy bu wagt.Öňä iki oduň arasynda galypdy.Bu gün bolsa şol iki oda-da ýanmaly boldy.Öňüne uzadylan kagyza titräp duran elleri bilen gol çekdi. Gulagynda bolsa ejesiniň hüwdisi ýaňlanyp durdy:
''Kötel ýollaň külpedin
Soň bilersiň Serdarym..."

Awtory - Ashyr Hanov
#bolanwakalar
21
272
gullnara_
28.06.2023 23:28
Menin bir gonşym bar. Şeyle mähirli yuwaş ayal. Iki gyzy bir ogly bar. Uly gyzy durmuşa çykyp, yoldaşy ýogalyp  yzyna geldi. Enem-atam bilen yaşanym rahat diyip. Ol ayalyň ýanyoldaşy hem ozi yaly mähirli, akgöwün ýaşulydy. Gynansakda Hudaya- da gowusy gerek diylişi yaly ol adam aradan çykyar. Aý günler geçip bu aýal ýekeje, körpe ogluny öýeryar. Bütin omrüne öy hojalykçy bolup dine çagalar, öý işi bilen meşgullanýanlygyna garamazdan uly toy tutýarlar. Kakasy pahyr bütin ömruni çagalaryma bolsun diýip ýygnap gidipdir. Indi ol maşgalanyň ýekeje daýanjy, eklenji şol oguldy. Ýokary  okuw jaýyna hem salypdylar. Yone ol gelniniň gepine gidip ejesine, ayal doganlaryna azar berip başlayar. Gelin hiç ýerde işlanok. Oyde hem iş edesi gelenok. Gaýyny nahar taýýarla gyzym diýse, "iyesiň gelse ozun eday" diyyar. Gyzlary işden gelip ejelerine nahar edyar. Uly ayal dogany Begenje (oglan jigisine) gelniň iş edenok diýse şu wagta çenli nädip yaşadyňyz, name ol sizin guluňyzmy hyzmatynyzy eder yaly diýip uruşyar. Ol dawalaryn sony koplenç ejesinin ya ayal doganlarynyn urulmagy bn gutaryar... Men olara  plan bolun, eýdin beýdin diýip maslahat bermek uçin yazamok. Her kim ozi netije çykarar. Duzelmejek adamlar name diysenem düzelmez. Yöne "Gaýnym erbet" diyyan gelinlere soragym bar:
SIZIŇ ÖZÜŇIZ GOWUMY?
SIZIŇ EJEŇIZIŇ GELNEM SIZ ÝALYMY? SIZIŇ OGLUNYZYŇ ALJAK GYZY SIZ ÝALY BOLSUNMY?
23
326
gullnara_
28.06.2023 21:26
Gaýyn enäniň mukaddes aýaldygy, adamsynyň ejesi bolup, köplenç gelni tarapyndan gadyry bilmeýär. Şeýle hem, adamsyna nädip ideg etmelidigi we çagalary terbiýelemelidigi barada gowy maslahatlaryny gelin diňlemeýär.
Emma, ​​käwagt, gaýyn ene ýeterlik derejede akylly bolsa, gelniniň öňünde gadyrly bolýar. Uzak aragatnaşyk saklaýarlar we ömürboýy eneli-gyz ýaly jora bolýarlar. Aýdylyşy ýaly: “Akylly gaýyn ene ýene bir gyzly bolýar,  samsyk gaýyn ene ogluny ýitirýär!”
Size akylly gaýyn ene, mähirli we hormat goýýan gelni we maşgalada rahatlyk arzuw edýäris.

Indi ejem maña derek saýlaýar
(Degişme goşgy)
Plan daýzañ gyzy gowa meñzeýär,
Alaý şony diýip bir gan aglaýar.
Wah, gowydyr ýöne ýüzin bezeýär,
Bolýar şol diýp maña derek saýlaýar.

Goñşyñ gyzy nurly melekler hüýri,
Dogry, biraz uzyn, kellesi süýri,
Zat diýmesem guda gitjegiñ biri,
Indi ejem, maña derek saýlaýar.

Kursdaşyñ bar dür dökülýär elinden,
Hawa ejem köp tutdylar elinden,
Daş etsin diý olar ýaly gelinden,
Geljegimi maña derek saýlaýar.

Işdeşim gyzy bar şirin sözlerde,
Gorap saklaýarlar özge gözlerden,
Ol-a ejem gepçi Google gözlegde,
Neçün beýle maña derek saýlaýañ?!

Bilýän agtyk süýji, çäksiz bagtdyr,
Nesip bolsa geljek nesil daragtdyr,
Ejemjan gyssanma maña wagt ber,
Diýsem-de ol maña derek saýlaýar.

Jemşit Hajymämmedow
11
200
gullnara_
gullnara_
21.05.2023 13:15
Mekdep döwrüňizden gyzykly pursatlary biz bilen teswirde paýlaşyň! ✔ Bir gezek bedenterbiýe sapagynda gyzlar bolup oglanlary futbolda utupdyk.💪😊 ✔ Halamaýan sapagymdan sapak aýtmazlyk üçin žurnala
gullnara_
gullnara_
21.05.2023 05:53
"YAŞLYK DRAMASYNA" goşulmadyk bentler. (Şahyryñ arhiwinden) Ne-hä eşik bardy, ne-de bir çörek, Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ
gullnara_
gullnara_
20.05.2023 21:58
Garga çüňkünde peýnir saklap şahada otyr. Onuň ýanyna serçe gelýär-de peýnirden çokup başlaýar. -Bee, sen beýle batyr ekeniň-ow! -Hawa. -Ýa-da sen bürgütmi? -Hawa! -Onda näme beýle kiçijik? -Äý,
gullnara_
gullnara_
20.05.2023 14:40
Böwenjik. Bir bar eken, bir ýok eken. Bir Bö­wen­jik, bir Da­la­jyk, bir Böw­re­jik bar eken. Bu­la­ryň üçü­si dost bo­lup, bir ýa­na gez­mä­ge gidip­dir­. Bar­ýar­ka­lar ola­ryň ýol­la­ryn­dan bir
gullnara_
gullnara_
19.05.2023 09:11
"Zaparož" durmasyz ýerde saklanýar. Polisiýa gelýär: - Bu siziň awtoulagyňyzmy? - Meniňki. - 100 man. - Ýene 100 manat goşup, özüňize alyp bilersiňiz ... 🚓🚓🚓 Polisiýa işgäri ýolda dur.
gullnara_
gullnara_
19.05.2023 06:08
Näme üçin jüýjeler köçeden geçdiler? **Bill Klinton : Jüýje bilen işim ýok! **Wladimir Putin: Sebäbi olar Russiyanyi dargatmak isleýän halkara terroristler. Biz olary duran ýerinde ýok ederis.
gullnara_
gullnara_
18.05.2023 13:02
Gelmedik sms.. Her bayramda meni sms bilen gutlardyn. Bu gezegem sen gutlagyna garaşdym,kän garaşdym... Yakynlar, dostlar ynanmarsyn natanyşlar hem gutlady,yone senden gelmedi.her gezek tanamayan